Goýumlar
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky şu aşakdaky
goýumlary halkymyza hödürleýär:


1. “Talap edilýänçä” goýumy –  goýuma serişdeler nagt we nagt däl görnüşinde çäklendirilmedik möçberde möhletsiz kabul edilýär, göterim derejesi 1% ýyllyk.

2.  “Gadamy beýik gahryman” –  goýumy,  3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý göterimi ýyllyk 11%, üstüni dolduryp bolýan goýum. Bu goýum Beýik Watançylyk urşuna we owgan urşuna gatnaşan raýatlar üçin niýetlenen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 100 (bir ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär. 

3. “Gojalara hemaýat” –  goýumy, ýyllyk 9%  göterimli   3aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý  möhleti bilen pensiýadaky raýatlar üçin niýetlenilen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 200 (iki ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär. 

4.“Galkynan daýhan” goýumy –  goýum 1 ýyllyk möhlete ýyllyk 10% göterimi bilen açylýar.  Bu goýuma serişdeler nagt we nagt däl pul görnüşinde 20000 (ýigrimi müň)  manatdan az bolmadyk möçberde kabul edilýär. 

5. “Altyn asyryň daýhany” goýumy –   goýum 3 aý  möhletli,  ýyllyk 8% göterim, üsti doldurylmaýan. Goýum nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.
 
6. “Möhletli” goýumy  –  goýuma  ýyllyk 8%  göterim bilen nagt görnüşinde 
1 ýyl  möhleti bilen serişdeler kabul edilýär. Goýuma goýulan puluň möçberi 200 (iki ýüz) manatdan az bolmaly däl we goýumyň aňrybaşy çägi ýokdur. 

7. “Ruhubelent nesiller” atly goýumy – goýuma ene-atalaryň we garyndaşlyk gatnaşygyna garamazdan islendik raýatlar tarapyndan islendik ýaşdan başlap 16 ýaşa çenli çagalaryň adyna ýyllyk 6% göterimi bilen nagt serişdeler kabul edilýär. Goýuma goýulan ilkinji puluň iň pes möçberi 100 (ýüz) manat bolmaly. Goýumyň üstüne goşmaça serişdeler kabul edilýär. 

8. “Altyn asyra daýhan gadamy” goýumy – bu möhletli goýum bolup, oba hojalyk önüm öndürijiler üçin niýetlenen. Goýumyň möhleti 1 ýyl, göterim derejesi  8%  ýyllyk.  Goýum  nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär

9. “Pagtaçylara sowgat” goýumy –  bir yyl möhlete   ýyllyk  10 göterim bilen  nagt däl görnüşinde  açylýar we goýumyň möçberi çäklendirilmeýär. Pul serişdesiniň  50 göterimine  çenlisini  möhletinden öň yzyna alyp we üstüni doldurup bolýar. 

 10. “Goýum bank karty” goýumy –  goýuma  ýyllyk 5%  göterim bilen nagt görnüşinde üstüni dolup bolýan şertinde kabul edilýär. Goýumçynyň goýum karty açylandan soň milli manatda çäklendirilmedik möçberde nagt görnüsinde serişdeler kabul edilýär. Goýumda pul serişdeleriniň duran döwründe goşmaça pul serişdelerini goýmak, üstüni doldurmaklyga rugsat berilýär. 
 
11. “Rowaçlyk” goýumy - goýum ýyllyk 12%  göterim bilen çaganyň adyna dünýä inen gününden başlap 18 ýaşyna çenli açylýar. Goýuma çäklendirilmedik möçberde pul serişdeleri  nagt we bank kartynyň üsti bilen ýakyn garyndaşlaryndan nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Çaganyň üç ýaşyna çenli goýuma goşmaça pul serişdelerini goýmaklyga we üstüni doldurmaklyga  rugsat berilýär. 

12. Şahsy seýfleri kärendesine bermek. Bu seýfler bankyň ýörite gurnalan goraglylygyň ýokary derejesi bilen üpjün edilen. Şahsy seýf – öýjükleri gymmat bahaly zatlary, şaý-sepleri we resminamalary saklamak üçin niýetlenen. Bank öýjüklere ýerleşdirilen delilnamalaryň we gymmatlyklaryň pugta we gizlin saklanjakdygyny doly kepillendirýär. 


Hormatly watandaşlar, bank hyzmatlaryndan peýdalanmak we erkin pul serişdeleriňizi bank goýumlaryna ýerleşdirmeik üçin ýurdumyzyň ähli etraplarynda bar bolan şahamçalarymyza ýüz tutup bilersiňiz.