Ýuridiki taraplar

1. Döwlet kärhanalaryna

• Zähmet hakyny tölemek üçin — ýyllyk 8-10 göterim;

• Esasy we dolandyryş serişdelerini satyn almak üçin — ýyllyk 7-12 göterim;

• Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna laýyklykda karzlar, şol sanda  döwlet tabşyrygy boýunça oba hojalyk önümlerini öndürmek we hasaplaşyklary geçirmek üçin — ýyllyk 1-2 göterim;

• Maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we beýleki maksatlar üçin — ýyllyk 1-5 göterim.

 

Karzlar gysga möhletli hem uzak möhletli görnüşde berilip bilner.

 

 

2.          Döwlete dahylsyz kärhanalara

• Önümçilik maksatly, söwda we gurluşyk, gurluşyk harytlary satyn almak we beýleki maksatlara — ýyllyk 7-10 göterim;

• Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna laýyklykda dolanşyk we esasy serişdeleri satyn almak hem-de maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek maksatly karzlar — ýyllyk 1-5 göterim;

• Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna laýyklykda döwlet tabşyrygy boýunça oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin — ýyllyk 1 göterim;

 

Karzlar gysga möhletli hem uzak möhletli görnüşde berilip bilner.

 

Ýuridik taraplar karz almak üçin banka aşakdaky resminamalary tabşyrýar:

1) karz alyjynyň ýa-da olar tarapyndan ygtyýarly edilen, degişli hukuklara eýe bolan beýleki taraplaryň karz almak üçin ýüz tutmasy;

2) işewürlik meýilnamasy ýa-da tehniki ykdysady esaslandyrmasy;

3) işjeňliginiň soňky üç ýylyny öz içine alýan maliýe hasabatlary (eger ýuridik şahsyň döredilen pursadyndan bäri 3 senenama ýyly geçmedik bolsa, döredilen pursadyndan bäri tabşyran maliýe hasabatlary);

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik şahslar babatynda audit hökmany bolan halatynda auditorçylyk netijenamasy;

5) karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri, hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň nusgalary ýa-da hasaplaşyk töleg resminamalarynyň göçürme nusgalary;

6) esaslandyryş resminamalarynyň (Tertipnamanyň, Düzgünnamanyň, esaslandyryş şertnamanyň), salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamasynyň, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky  şahadatnamasynyň we Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan  göçürmesiniň tassyklanan nusgalary;

7) maliýeleşdirilýän taslama boýunça ýer böleginiň ýa-da önümçilik jaýynyň barlygyny tassyklaýan resminamalaryň göçürmesi (ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugy barada Şahadatnama, tükelleýiş işi, kärende şertnamasy); 

8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işleriň görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň nusgalary (eger-de önümçilik täze ýola goýlan bolsa, onda ygtyýarnamanyň nusgasyny önüm öndürilip başlandan soň almaklyk şerti bilen);

9) karz alyjy başga karz edaranyň müşderisi bolan ýagdaýynda gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy goýlan kartoçka, oňa döwlet notarial edaralary tarapyndan güwä geçilen bolmalydyr;

10) karzyň üpjünçiligine hödürlenýän girewleriň eýeçilik hukugyny we olaryň bahasyny tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalary;

11) önümçilik desgalaryny gurmaklyga potrat şertnamalar (gurluşyk we taslama işlerine degişli ygtyýarnamalaryň nusgalaryny çatmak bilen);

12) Baş binagärler tarapyndan tassyklanylan baş meýilnamanyň we eskiz taslamanyň nusgasy;

13) satyn alynýan enjamlaryň gelip çykyşyny, şeýle hem esasy serişdeleri satyn almak bilen bagly önümçilik taslamalar boýunça çig mal üpjünçiligini  tassyklaýan resminamalar.