Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagynda Garagum sährasyna gezelenji amala aşyrdy
9mGUemmWIaouSaVsaQCCk3c21bDV8zoovl1XAbPXhLQV0w11ek_1645446134.jpg
248
21.02.2022

Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda menzil aşdy.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz ir bilen sport maşklaryny ýerine ýetirdi we arassa howada birsellem gezelenç etdi. Munuň özi köp babatda saglygyň hem-de kesellere garşy durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär, ruhubelentlik we keýpiçaglyk ýagdaýyny döredýär.

Häzir ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda strategik häsiýetli durmuş-ykdysady ugurlary öz içine alýan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, onuň baş maksady adam baradaky aladada jemlenendir. Soňky ýyllarda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi Diýarymyzda amala aşyrylýan durmuş özgertmeleriniň ileri tutulýan ugrudyr.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda uly ähmiýetli waka — Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýändigini dünýä äşgär eden halkara awtoulag ýaryşy geçirildi. Şonda halkara awtorallini geçirmek üçin Garagum sährasynyň saýlanyp alynmagynyň, bu künjegiň ýokary ekologiýa derejesine laýyk gelýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

...Döwlet Baştutanymyz ir säher bilen Garagum sährasynyň gözel künjekleriniň birine gelip, ýerasty baýlyklary, özboluşly haýwanat we ösümlik dünýäsini özünde jemleýän sähranyň gözýetime uzap gidýän görnüşlerini synlady.

Hydyr gören sähra gyş paslynyň soňky günleriniň özboluşlylygyna beslenipdir. Garagum giňişlikleri ýylyň islendik paslynda hem ajaýypdyr. Ýeri gelende aýtsak, sähra giňişliklerinde bitýän ösümlikleriň arasynda dermanlyk ösümlikleriň köp görnüşleri bar. Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işinde ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri giňden öwrenildi we olaryň bejerijilik aýratynlyklaryna seljerme berildi.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda awtomobil sportunyň meşhurlygy, onuň muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe bilen ilatyň köp sanlysynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň meşgullanmagy üçin şertleri döretmek sporty ösdürmek syýasatyny işläp taýýarlamagyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginiň esasy maksadyna öwrüldi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Medeni-taryhy gymmatlyklara baý bolan eziz Diýarymyz Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, awtomobil sportunyň ösdürilmegi üçin ähli zerur şertlere we mümkinçiliklere eýedir.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy esasynda Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegi ugrunda ýurdumyzda halkara ähmiýetli uly işler amala aşyrylýar. Ýokary derejede geçirilýän sport ýaryşlary Türkmenistan bilen dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň halklary ýakynlaşdyrýandygyny, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýändigini aýratyn belleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi yzygiderli ösdürilip, ol milli medeniýetimiziň möhüm düzüm bölegine, halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrülýär. Munuň özi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýynyň belende göterilmegine goşant goşýar.

Döwletimiz tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlaryň netijesinde ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, awtomobil sporty hem ösüşiň täze basgançagyna çykdy. Sport awtoulaglarynyň hatary täze kysymly ulaglar bilen yzygiderli artdyrylýar, olar öňdebaryjy öndürijilerden satyn alynýar. Munuň özi awtomobil sporty bilen meşgullanmak hem-de awtosportuň ussatlarynyň täze neslini taýýarlamak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, sport ulagyny ussatlyk bilen dolandyrýan we çylşyrymly ýagdaýlarda awtoulag sürmegiň özboluşly tilsimlerini ýokary derejede ýerine ýetirýän milli Liderimiziň şahsy göreldesi aýratyn bellärliklidir. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp, ussatlyk derejesine ýetýän türgenleriň sany barha artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgeniň lybasyny geýdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sportuň bu görnüşi bilen meşgullananyňda, türgeniň geýiminiň ykjam bolmagy, elleriniň, aýaklarynyň erkin hereket etmegi, umuman, çakganlygy sport ulagyny dolandyrmakda möhümdir. Şeýle hem türgeniň gözüniň ýitiligi, ýürek urgusynyň sazlaşygy, öňe tarap edilýän okgunly hereket maksada ýetmekde möhüm bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, geçiljek ýoluň aýratynlygy, howanyň şol pursatdaky ýagdaýy, ýoluň çyglylyk derejesi, sport ulagynyň tigirleriniň we hereketlendirijisiniň gyzgynlygy awtomobil sporty ýaryşlarynyň kadalaryna laýyk gelmelidir. Munuň özi ýaryşyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň esasy şerti hasaplanýar.

Garagum sährasynyň ekologik ýagdaýyny saklamak döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu künjekde geçirilýän işleri tebigat bilen sazlaşykly amala aşyrmak wezipesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine jogapkärli çemeleşilýär.

Ýaryş awtoulagy milli Liderimiziň dolandyrmagynda ýerinden gozganyp, dessine tizligini artdyrdy we çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda awtomobil sporty okgunly ösüşe eýe boldy. Türgen toparlarymyzyň halkara awtoralli ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netije gazanmaklary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Diýarymyzyň awtomobil sportunyň öňünde uly mümkinçilikler açylýar. Bu ugurda maddy-enjamlaýyn binýadyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna hem-de sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, oňa ýaşlaryň çekilmegine we türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. Munuň üçin yzygiderli türgenleşikleri geçirmäge, dürli derejedäki ýaryşlary guramaga şertler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, awtomobil we welosiped sportunyň ösdürilmegine hem uly goldaw berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, awtomobil sporty adamda ruhubelentligi, çakganlygy, çylşyrymly ýagdaýdan ussatlyk bilen baş alyp çykmak ukybynyň ösdürilmegini terbiýeleýär. Bu bolsa lukmançylyk ylmynyň tassyklaýşy ýaly, ynsan saglygynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Bu giň gerimli we yhlasly işler ilatyň, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesilleriň berk beden saglygyny üpjün etmäge, maksada okgunlylygy, erki hem-de işjeň hereket etmek endikleri terbiýelemäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz sähra giňişliginde sport ulagyna ussatlyk bilen erk edip, bu ugurda toplan uly tejribesini ýene-de bir gezek görkezdi.

2018-nji ýylda ýurdumyzda Amul — Hazar aralygy boýunça halkara awtoralliniň guralmagy güneşli Diýarymyzyň sebit we dünýä ähmiýetli hem-de döwletleridir halklary ýakynlaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy ösüşe gönükdirilen asylly başlangyçlaryň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Halkara awtoralliniň guralmagy sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegini hem-de iri sport ýaryşlaryny kabul edip bilýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny belende göterdi.

Döwlet Baştutanymyz sport ulagyny çylşyrymly sähra ýollary bilen ýokary tizlikde sürüp barşyna, ulagda tehniki näsazlyklar ýüze çykdy. Şunuň ýaly garaşylmadyk waka bolan pursadynda türgeniň çylşyrymly ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmegi sportuň bu görnüşiniň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz tehniki näsazlygy, awtoulagyň hereketiniň togtamagyna sebäp bolan ýagdaýy tiz düzetdi.

Milli Liderimiz awtoulagyň tehniki ýagdaýyny ýene bir gezek gözden geçirdi we ýoluny dowam etdi.

Ýeri gelende, döwlet Baştutanymyzyň Amul — Hazar halkara awtorallisi geçirilende, hut şu ulagda ýaryşa goşulyp, baýrakly orna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetginjek ýyllaryndan başlap, awtoulag sporty bilen işjeň meşgullanyp, dürli ýaryşlara gatnaşyp, üstünlik gazanypdyr. Hut milli Liderimiziň başlangyjy we goldaw bermegi bilen ýurdumyzda awtomobil sporty ösüşiň täze derejesine çykdy.

Milli Liderimiziň dolandyrýan awtoulagy ýokary tizlikde Garagum sährasynyň tebigy päsgelçiliklerinden aňsatlyk bilen geçdi.

Döwlet Baştutanymyz sport ulagyny Garagum sährasynyň esasy aýratynlygy bolan belent alaňlaryň birine çykardy. Bu ýerdäki belentlikden görünýän sähra giňişligi ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar we göwnüňi göterýär.

Hormatly Prezidentimiz sähranyň ajaýyp tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu görnüşler mähriban toprakda, ümmülmez Watanda halkymyz, ýurdumyz üçin ägirt uly işleriň bitiriljekdigi hakyndaky oýlanmalar bilen utgaşýar. Şeýle pursatlarda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ýörite taýýarlanylan milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň, asylly işleriň durmuşa geçirilmeginiň geljegimiz bolan nesilleriň nesibesine düşüp, watansöýüji ýaşlaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin yhlaslaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklary baradaky duýgular kalba dolýar.

Soňky ýyllarda gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagyna, adamlaryň tebigat bilen ysnyşykly ýaşamagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Tebigy aýratynlyklaryň köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de ýokary netijeli sport bilen utgaşdyrylmagy adamlaryň işjeňligini, ruhubelentligini ýokarlandyrýar. Munuň özi sahawatly topraga, mähriban Watanymyza bolan buýsanjy artdyrýar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamlaryň ömrüniň uzalmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler olaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň adamzat ähmiýetli oňyn netije berýändiginiň aýdyň nyşany bolup, halkymyzyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan hoşallygyny hem-de buýsanjyny artdyrýar.

(TDH 20.02.2022 ý.)