Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary
zPztXurtDvgvkOFiD4OG3VGp1YIfLa4NbAGHr0Hw0muSjFTA09_1646654719.jpg
304
07.03.2022

Düýn paýtagtymyzyň häkimliginiň “Mekan” köşgünde Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri S.Döwletow açdy. Soňra dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň kafedra müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ç.Sylabowa söz berildi. Ol dalaşgäri oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän, guramaçylyk başarnyklaryny görkezen işewür ýolbaşçy hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde ýokary derejeli hünärmen hökmünde häsiýetlendirip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň hormata mynasyp şahsy häsiýetlerini belledi.

Soňra dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň möhüm ugurlaryny beýan edip, Garaşsyzlygyň 30 ýylynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ägirt uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet, sebit we pudak derejeli maksatnamalaryň Watanymyzyň ähli ulgamlarda ägirt uly üstünlikler hem-de zähmet ýeňişlerini gazanmagyna ýardam edýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, H.Nunnaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň innowasiýa we diwersifikasiýa esasynda döwrebaplaşdyrylmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döredijilikli syýasatyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljek 30 ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan giň gerimli wezipeler kesgitlenildi. Onda bellenilen maksatlara ýetmekde bilimiň maddy binýadyny berkitmek hem-de hilini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ele alan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine uly üns berler. Dalaşgär saglygy goraýyş ulgamyny hem-de lukmançylyk ylmyny, sporty we syýahatçylygy, medeniýeti mundan beýläk-de ösdürmek hem-de berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn we hemmetaraplaýyn bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek wezipelerini ilkinji nobatdaky meseleleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem daşary syýasatda Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn üns beriljekdigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda H.Nunnaýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi, olaryň aglabasynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary gozgalýar.

Dalaşgär iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň bähbidine döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli amala aşyrylmagyny ugur edinjekdigine ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalary institutynyň gurluşyk kafedrasynyň mugallymy A.Täşliýew açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýewe söz berdi. Ol ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony işewür we ýokary hünärli adam hökmünde häsiýetlendirip, oňyn başlangyçlary öňe sürýän, jogapkärli, guramaçylyk ukyply ýolbaşçylyk başarnyklaryny belledi.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny giňişleýin beýan etdi, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» onuň esasyny düzdi.

M.Öwezgeldiýew maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler strategiýasyna berk eýerjekdigini nygtady. Şeýle hem döwletimizi, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmagyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrylar, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy we medeni özgertmeleri yzygiderli dowam etdiriler.

M.Öwezgeldiýewiň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine, Watanymyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna hem-de halkara başlangyçlaryň ilerledilmegine gönükdirilen oňyn syýasy ugry amala aşyrmak üýtgewsiz dowam etdiriler.

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda ulag we aragatnaşyk, nebitgaz toplumy, energetika, himiýa hem-de ýeňil senagat, gurluşyk, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, obasenagat toplumynyň, şeýle hem durmuş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek wezipeleriniň oňyn çözülmegine aýratyn üns berler.

Dalaşgär ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda oba we şäher ýaşaýjylary üçin deň şertleri döretmek wezipelerini möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitledi.

Soňra M.Öwezgeldiýew ýygnananlaryň ilata hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini we hilini has-da ýokarlandyrmak, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary aň-düşünjeli ýaş nesli hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, milli medeniýeti ösdürmek, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna aýawly garamak bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berdi.

M.Öwezgeldiýew duşuşykda işjeňlik görkezendikleri üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, päk ýürekli hem-de tutanýerli zähmet çekip, ähli gujur-gaýratyny, bilimini we başarnyklaryny Watanymyza hem-de halkymyza gulluk etmäge gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Duşuşyklarda çykyş eden saýlawçylar dalaşgärleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we mähriban Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek ugrunda ähli tagallalary etjekdikleri üçin olara hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şu gün Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň gündogar sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Kärdeşler arkalaşyklarynyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy J.Mämmedowa açyp, dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň direktory Ý.Ýagmyrowa söz berildi. Ol bu ýere ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy we ony abraýly hem-de oňyn başlangyçlary öňe sürýän, ýokary guramaçylyk tejribesi bolan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra duşuşygyň dowamynda dalaşgäriň özüne söz berildi. Ol ýygnananlary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy.

P.Begenjow maksatnamasynyň esasy ugurlary barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we halkymyzyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini belledi. Ýaş nesilleriň bilimli bolmagyna we watançylyk ruhunda terbiýelenmegine möhüm üns berler.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, döredijiligiň hem-de ösüşiň, demokratik binýatlary berkitmegiň, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dikeltmegiň ýoly bilen ynamly öňe gider diýip, P.Begenjow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna möhüm orun degişlidir. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, telekeçilige goldaw bermek, öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak boýunça zerur şertleri döretmek, ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini yzygiderli durmuşa geçirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasaty barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär halkara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, döwletimiziň dünýädäki belent abraýyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ugry dowam etdirjekdigini belledi.

P.Begenjow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary, hususan-da, ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak, durmuş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda özgertmeleri durmuşa geçirmek, köpçülikleýin sporty, şeýle hem hususy telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly ugurlary barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda dalaşgär Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ata Watanymyza wepaly gulluk etjekdigine, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde iň ýokary döwlet wezipesine Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ilkinji guramalarynyň Geňeşiniň başlygy B.Myradow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D.Agajanowa söz berdi. Ol dalaşgär K.Saryýewi başlangyçlar bilen çykyş edýän guramaçylyk ukyby bolan, öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşýän işewür ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň hormata mynasyp şahsy häsiýetlerini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär K.Saryýew saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen çykyş edip, Garaşsyzlygyň 30 ýylynda ýurdumyzyň syýasatda, ylymda, bilimde, medeniýetde, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam goýýandygyny nygtady.

Şeýle hem ol çykyşynda ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyny, durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmak, döwletiň demokratik we hukuk esaslaryny berkitmek, ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemek, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleri dowam etdirjekdigini belledi. Hususan-da, durmuş üpjünçiligi, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk pudaklaryndaky özgertmeler üstünlikli durmuşa geçiriler, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar.

Ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berler, pudaga maýa goýum serişdelerini gönükdirmek dowam etdiriler. Ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň ugradylýan bazarlaryny giňeltmek boýunça maksada gönükdirilen işler dowam etdiriler. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň netijeli peýdalanylmagy, şol sanda wodorod energetikasynyň ösdürilmegi möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, önümçilige sanly tehnologiýalary, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we dünýäniň oňyn tejribesini ornaşdyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamanyň esasy ugurlary bolup durýar.

Ykdysadyýetiň hususy pudagyna, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi öňde goýlan meýilnamalary durmuşa geçirmäge ýardam bermelidir.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna, şäherleriň we obalaryň degişli düzümleriniň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berler.

Duşuşygyň dowamynda K.Saryýew saýlawçylaryň önümçilik düzümleriniň senagatlaşdyrylmagy, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” hem-de beýleki özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly sowallaryna jogap berdi.

Duşuşygyň ahyrynda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda, ata Watanymyzyň belent sepgitlere ýetmegi üçin ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

(TDH 06.03.2022 ý.)