Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
lHPwrCsdQgYOPJlVUO7vfjHghhcltP5fLdyF3ngZGvK08C3pZt_1649758377.jpg
266
12.04.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatdaky işler barada, hususan-da, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek, bugdaý meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyk ideg işleriniň geçirilişi, gowaça ekişini bellenen möhletde we ýokary hilli tamamlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ilatyň ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ekinlere agrotehniki kadalar esasynda ideg edilýändigi, ýüpekçiligi ösdürmek we pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany berjaý etmek üçin, möwsüme taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň hem-de suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygy talabalaýyk alnyp barylýar. Bu mesele baradaky hasabatyň dowamynda şu ýyl welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada aýdyldy.

Şeýle hem häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmaga we bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns bermegiň, şu maksat bilen welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň barşyny, daýhanlaryň zerur serişdeler bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegini üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça görkezmeleri berdi.

Welaýatda pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek hem-de kärendeçi-ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr.

Ilaty zerur azyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök önümleriň ösdürilip ýetişdirilmegi baradaky meýilnamanyň doly berjaý edilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygy bellenilip, bu ugurda birnäçe degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga beriljek desgalaryň, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň hem-de welaýatda täze obanyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ählitaraplaýyn guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmeginiň möhümdigi bellenilip, bu babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barlyşy, dowam edýän gowaça ekişiniň barşy barada hasabat berdi.

Häzir sebitde gowaça ekişini bellenen möhletde we ýokary hilli tamamlamak üçin hemme zerur çäreler görülýär. Ilatyň ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ekinlere agrotehniki kadalar esasynda ideg edilýär. Bu işler bilen bir hatarda ýüpekçiligi ösdürmek we pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany berjaý etmek üçin pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklary talabalaýyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň oba hojalyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehniki talaplara doly laýyk gelmelidigini, ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, ylmyň gazananlarynyň ulanylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň depgininiň güýçlendirilmelidigine ünsi çekip, bu işiň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Ýokarda görkezilen ähli talaplary ýerine ýetirmek bilen, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek, bu ugurda bellenen meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, ýüpekçiler bilen şertnamalary öz wagtynda baglaşmak barada häkime degişli tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesinde, öz wagtynda tamamlanmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, olaryň, hususan-da, Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan köpugurly hassahananyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmen bedewiniň milli baýramy baradaky meselä ünsi çekip, şu ýyl bu baýramçylygyň esasy dabaralarynyň Balkan welaýatynda giňden guraljakdygyny nygtady hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda bugdaý meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleriniň geçirilişi, gowaça ekişiniň alnyp barlyşy hem-de bu möhüm işde tehnikalaryň ulanylyşy barada hasabat berdi.

Ýerine ýetirilýän möhüm işleriň hatarynda ilaty özümizde öndürilýän zerur azyk önümleri bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem habar berildi. Häzirki wagtda ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ekinlere agrotehniki kadalar esasynda ideg edilýär.

Hasabatyň çäklerinde piläniň öndürilmegi babatda ýerine ýetirilen işler barada hem aýdyldy. Ýüpekçiligi ösdürmek we pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany berjaý etmek maksady bilen, welaýatda pile öndürmek möwsümine hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlyk görülýär.

Mundan başga-da häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň hem-de suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz bugdaýa ideg etmek boýunça möwsümleýin çäreleri ýokary hilli hem-de agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmegi, gowaça ekişiniň depginini has-da güýçlendirmegi we öz wagtynda geçirmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek, kärendeçi-ýüpekçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi boýunça bellenen işler bilen baglylykda hem degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilýän işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, şu ýyl ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşyklaryny ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlamagyň wajypdygyny aýtdy we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Şoňa görä-de, bu ajaýyp baýramçylyga welaýatda ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ekerançylyk ýerlerinde geçirilýän işler, hususan-da, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilişi, gowaça ekişiniň barşy hem-de bu möwsümde oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ulanylyşy, ekiş möwsümine gatnaşýanlaryň sazlaşykly zähmet çekmegi üçin döredilen şertler barada hasabat berdi. Gowaça ekişini bellenen möhletlerde we ýokary hilli tamamlamak maksady bilen, hemme zerur çäreler görülýär.

Ilatyň gündelik durmuşda ulanylýan ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak üçin, häzirki döwürde bu ekinlere agrotehniki kadalar esasynda ideg işleri geçirilýär.

Ýüpekçiligi ösdürmek we pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany berjaý etmek üçin, welaýatda pile öndürmek möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem hasabatda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berildi.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekmek bilen, ýetişdirilýän güýzlük bugdaýa bildirilýän talaplara laýyklykda, öz wagtynda ideg edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny nygtady hem-de şunuň bilen baglylykda birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz “ak altynyň” geljekki bereketli hasyly ekişiň hiline baglydyr, şoňa görä-de, ekişi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hemme tagallalaryň edilmegi zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Birnäçe gök-bakja ekinlerine, ýeralma, sogana we beýlekilere ýokary hilli ideg etmek meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kärendeçi-ýüpekçileriň pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini talap etdi.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklaryna yzygiderli üns berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde şu ýyl açylmagy meýilleşdirilen täze desgalardaky işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen baglylykda, dabaraly çäreleriň mynasyp we hemmetaraplaýyn guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek üçin, meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilişi, gowaça ekişiniň barşy we bu jogapkärli möwsümde ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalary doly kuwwatynda ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ekerançylygyň beýleki hojalyklarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berlip, hususan-da, ilatyň ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişi barada aýdyldy.

Ýüpekçiligi ösdürmek we pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany berjaý etmek üçin, bu jogapkärli möwsüme ýokary derejede, guramaçylykly taýýarlyk görülýändigi barada hem hasabat berildi.

Häkim hasabatyny dowam edip, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barlyşy barada aýtdy.

Ýerine ýetirilýän işleriň netijesinde şu ýyl desgalaryň birnäçesiniň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Medeni-durmuş we önümçilik maksatly şol desgalarda häzir gurluşyk işleriniň depgini barha ýokarlanýar.

Mundan başga-da häkim Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin tagallalary gaýgyrman zähmet çekmegiň zerurdygyny, şunuň bilen baglylykda ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigini aýtdy hem-de döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny, ugurdaş ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň esasynda pagtaçylyk we däneçilik pudaklarynyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz gymmatly ekiniň ekişiniň bellenen möhletlere laýyklykda guralmagynyň we soňra agrotehnikanyň görkezmelerine laýyk derejede gowaça ideg edilmeginiň bereketli “ak altyn” hasylyny almagyň girewidigini belläp, gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ilaty dürli azyk önümleri, hususan-da, ýeralma, sogan we beýleki zerur önümler bilen doly möçberde üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipesidigini belläp, bu babatda welaýatyň häkimine anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow pile öndürmek bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagyň hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyna ünsi çekip, kärendeçi-ýüpekçiler bilen şertnamalaýyn borçnamany öz wagtynda baglaşyp, olaryň öndürijilikli işlemegi üçin hemme zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine yzygiderli üns berilmelidigini nygtap, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletinde ýokary hilli tamamlamagyň möhümdigini aýtdy hem-de bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ähli taraplaýyn guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmeginiň möhümdigi bellenilip, bu babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli isleriň dowam edýändigi barada hasabat berildi. Bu möhüm işler bilen bir hatarda pagta ösdürip ýetişdirmek baradaky şu ýyl üçin bellenilen meýilnamany ýerine ýetirmek ugrunda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan gowaça ekişini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek maksady bilen, hemme zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem ilaty özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döwlet derejesinde döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, şu ýyl Diýarymyzda jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmegiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen hemme zerur çäreleriň görülýändigi barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen welaýatlarda bugdaýlara ideg edilişiniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini nygtady. Bu ugurda hemme zerur çäreler görülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu möhüm işler bilen bir hatarda, şu ýyl ýurdumyz boýunça pagta ösdürip ýetişdirmek baradaky meýilnamany ýerine ýetirmegiň hem ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyna ünsi çekip, gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek we bellenen agrotehniki möhletde tamamlamak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň ähmiýeti barada aýdyp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hem zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp,«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän ýylda sebitlerde meýilleşdirilen ähli çäreler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidir diýip, öňde goýlan möhüm wezipeleri oňyn çözmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH 11.04.2022 ý.)