Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
ehyIsD8szknsHYjP5YreZbYKufV1IrazFcePRxvEMna7SWKTOA_1661757453.jpg
927
29.08.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen içeri syýasatyň birnäçe meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini, şeýle hem “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Halk Maslahaty Mejlis bilen bilelikde döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işleýär.

Şu ýylyň 20-nji awgustynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz şol ýerde ýaş harby gullukçylaryň gulluk etmegi, oňaýly dynç almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, zähmet terbiýesini almagy üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy hem-de watançy ýaşlaryň isleg-arzuwlaryny we tekliplerini diňledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hakyky demokratik däpleri pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň örän wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanjak çäreleri geçirmek bilen bagly meseleleriň üstünde içgin işlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli kanunçylyga býujet ulgamyny kadalaşdyrýan öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmak, döwlet maliýe serişdelerini netijeli ulanmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna býujet ulgamyny kämilleşdirmek baradaky degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Resminama laýyklykda, toplumlaýyn çäreleri geçirmek, şol sanda möhleti üç ýyllyk Döwlet býujetini işläp taýýarlamak, onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek, býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hem-de geljek ýyllarda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ýörite Döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýeti sazlaşykly utgaşdyrmagyň köp babatda netijeli býujet ulgamyna baglydygyny belledi. Bu işiň netijeli ýola goýulmagy ykdysadyýetiň ösmegine oňyn täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Döwlet býujetini düzmegiň, kabul etmegiň hem-de serişdeleri paýlamagyň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini nygtap, ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işine gözegçiligi güýçlendirmäge, kanunçylyk namalarynyň birnäçesini kämilleşdirmäge gönükdirilen işler barada hasabat berildi. Döwlet nyrh düzgün-nyzamynyň bozulmagy üçin maliýe çäresini ulanmak babatda hereket edýän käbir kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, degişli Düzgünnamanyň täze rejelenen görnüşi işlenip düzüldi. Ol degişli düzümler bilen ylalaşyldy. Bu resminamanyň taslamasynda esasy düzgünleriň birnäçesi kämilleşdirildi hem-de çäreleriň görnüşleri anyklaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, bazaryň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň usullarynyň sazlaşykly, netijeli utgaşmagyny göz öňünde tutýan, häzirki döwürde türkmen döwletini ösdürmek boýunça amala aşyrylýan konsepsiýanyň erkin bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilýän şertlerinde ähli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Ýokary netijeleri gazanmakda maliýe ulgamynyň ösüşini, döwletiň nyrh syýasatyny kadalaşdyrýan kanunçylyk-hukuk binýady hem möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi döwrüň talaplaryna we umumy ykrar edilen halkara ülňülere laýyk gelýär. Bu işde maliýe gatnaşyklary babatda degişli hukuk kadalaryny ulanmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmaga, ykdysady bähbitleri goramaga mümkinçilik berýär we berk maliýe düzgün-tertibini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumyny zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, «Dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Turba önümlerini nebit we gaz guýularyny düýpli abatlamak işlerinde ulanmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny ýokary depginde özleşdirmek, täze guýulary burawlamak bilen birlikde, bu toplumy döwrebap enjamlar hem-de himiki serişdeler bilen üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Hökümet Baştutanynyň orunbasary «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy üçin 3D ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak babatda seýsmiki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, geofiziki işleriň netijeleri boýunça alnan maglumatlary işläp geçmek üçin täze 3D ölçegli geofiziki enjamlary satyn almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli şertnamany baglaşmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini üpjün etmegiň onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de önümçilik kuwwatyny artdyrmak, nebitgaz ýataklarynyň ulanylýan guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belläp, wise-premýere bu örän möhüm pudagy yzygiderli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, T.Mämmedowy “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şu aýda Lebap we Mary welaýatlaryna amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda ýerlerde bugdaý ekişine taýýarlyk hem-de gowaça ideg etmek işleri bilen tanşylandygy bellenildi. Mundan başga-da, bu ugurda işleriň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur wezipeler kesgitlenildi. Suwuň ýitgisini azaltmak we suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hem hasabat berildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri, tagt suwuny tutmak hem-de ekiş üçin zerur bolan bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Wise-premýer hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm, jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu möwsümleýin işleri çalt we ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilmeginiň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow ýurdumyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, asylly däbe görä, hormatly ýaşulularymyzdan ekişi “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

“Her bir dänäňiz müň bolsun, edermen gallaçylar!” diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynyň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Giň gerimli gurluşyk desgalaryny, dürli pudaklary hem-de ilaty ýokary hilli gurluşyk serişdeleri we önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde goýulýan wezipelere laýyklykda, garamagyndaky edaralaryň bökdençsiz işlemegi üçin ähli zerur çäreler görülýär. Zawodlaryň önümçilik kuwwatyny talabalaýyk derejede saklamak maksady bilen, sement zawodlarynda degişli döwrebaplaşdyryş işlerini geçirmek boýunça halkara bäsleşikler geçirilip, bu ugurda degişli çäreler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza şertnamalary baglaşmak hem-de degişli teklipleri taýýarlamak barada bilelikdäki işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri ýokary hilli gurluşyk serişdeleri, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän sement önümi bilen doly üpjün etmegiň zerurdygyna ýene bir gezek ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri doly seljermegiň wajypdygyny aýdyp, degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ç.Purçekow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz tarapyndan berilýän goldawlar netijesinde, ýurdumyzda täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan kuwwatly zawodlar ulanylmaga berilýär, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. Wise-premýer “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň zawodlarynyň önümçiliklerinde ornaşdyrylan enjamlaryň ygtybarly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olarda degişli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, içerki we daşarky bazarlarda uly isleglere eýe bolan önümleri öndürýän ýurdumyzyň himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz, ähli ugurlarda bolşy ýaly, himiýa senagatynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetlidigine ünsi çekip, wise-premýere taýýarlanylan teklipleri degişli düzümler bilen düýpli seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen çäreleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Bu ugurda görülýän çäreler eksport edilýän önümleriň tiz we bökdençsiz resmileşdirilmegini, alnyp gidilmegini üpjün etmäge, eksport amallaryny ýeňilleşdirmäge, bu ugurda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan telekeçiler soňky ýyllarda dürli ugurly önümçilik kärhanalaryny, oba hojalyk önümçiliklerini döredip, bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmegi ýola goýdular. Bu önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Munuň özi ýurdumyzyň eksportynyň artmagyna ýardam edýär.

Häzirki wagta ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini hem-de öndürýän harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny goramak, içerki bazarda haryt dolanyşygyny düzgünleşdirmek boýunça işler Türkmenistanyň daşary ýurtlardan getirýän we eksport edýän dürli harytlary üçin gümrük paçlaryny tölemek babatda hereket edýän düzgünine laýyklykda amala aşyrylýar. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň, hususy kärhanalaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde eýeleýän ornuny berkitmegiň, bazar gurallaryny giňden ornaşdyrmagyň döwletimiziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz işewürligi goldamagyň çäklerinde oňaýly hukuk mümkinçiliklerini üpjün etmäge, hususy ulgamyň netijeli işlemegi üçin beýleki zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere garalýan meseläni içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna fabrikleri dolandyrmak ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen degişli çäreleri durmuşa geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagynyň innowasion ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtady. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda pudagyň düzümine ýerli çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalar goşuldy.

Hormatly Prezidentimiz kuwwatly gaýtadan işleýän binýadyň döredilmeginiň Türkmenistanyň dokma önümlerini öndürýän öňdebaryjy döwletleriň hatarynda mynasyp orun eýelemegine ýardam edendigini, öndürilýän harytlaryň hiliniň bolsa ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesine ünsi çekip, wise-premýere hereket edýän kärhanalaryň işini kämilleşdirmek baradaky meseläni düýpli öwrenmegi hem-de degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa sentýabr aýynda geçiriljek çärelere, olara gabatlanyp guraljak medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy hem-de 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň baýramçylyk maksatnamasynda maslahatlary, “tegelek stol” maslahatlaryny, döredijilik bäsleşiklerini, brifingleri, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar. Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, ykdysady gazanylanlaryň sergisi guralar.

Baýramçylyk günlerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Paýtagtymyzda we welaýatlarda medeni-durmuş, önümçilik binalarynyň açylyşy mynasybetli dabaralar guralar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar  Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sentýabrda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhuny aýdyň beýan etmelidigini, halkymyzyň iň gowy däp-dessurlary esasynda geçirilmelidigini belledi.

Soňra wise-premýer “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ýaş aýdymçylaryň 12-si 27-nji awgustda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, her ýyl geçirilýän hem-de milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň mundan beýläk-de ösmegini şertlendirýän, täze zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän telebäsleşigiň ähmiýetini nygtap, bäsleşigiň jemleýji tapgyryny we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2022-2023-nji täze okuw ýylyna, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, milli bilimi halkara ülňüleriň derejesine ýetirmek üçin amatly şertler döredilýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda bejeriş-abatlaýyş işleri geçirildi, olaryň ählisi zerur okuw hem-de görkezme esbaplary bilen üpjün edildi.

Okuwçylary we talyp ýaşlary ýurdumyzda öndürilen okuw esbaplary, okuwçy lybaslary, sport eşikleri, beýleki zerur harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmek maksady bilen, Aşgabatda, welaýatlarda we etraplarda, şeýle-de oba ýerlerinde söwda nokatlary guraldy.

25-nji awgustda Aşgabat şäherinde “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda bu ulgamyň öňünde goýlan wezipeler — bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň hem-de ýaş nesle terbiýe bermegiň derejesini ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny we okuw kitaplaryny, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň hem-de bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dürli çäreler, şol sanda Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçiriler. Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guralar. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen ilkinji okuw sapaklary geçiriler.

Ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatly sowgatlary — kompýuterleri gowşurmak dabarasy göz öňünde tutulýar.

Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu çäreleriň ýaş nesilleri oňat okamaga ruhlandyrjakdygyny, olarda bilimleri özleşdirmäge we gözýetimlerini giňeltmäge höwesi güýçlendirjekdigini nygtady.

Berkarar döwletimiziň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitlerine bagyşlanan ilkinji okuw sapagy ýaşlaryň ata Watanymyza söýgüsini has-da artdyryp, olaryň kalplarynda watançylyk duýgularyny ösdürmäge ýardam eder.

Soňra wise-premýer zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, onuň jemleýji tapgyryna aýdymçy çagalaryň 18-siniň hem-de tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-siniň gatnaşmaga hukuk gazanandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, zehinli çagalary ýüze çykarmak boýunça işleri geljekde-de dowam etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere 3-nji sentýabrda geçiriljek ýaş ýerine ýetirijileriň konsertine taýýarlygyň barşyna talabalaýyk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň sentýabr — dekabr aýlarynda daşary ýurtlara boljak saparlaryna taýýarlygyň meseleleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ýokary derejeli duşuşyklara we gepleşiklere möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz abraýly sebitara hem-de halkara guramalar we düzümler bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe sammitlere gatnaşmagy meýilleşdirildi.

Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi dürli ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde degişli toplumlaýyn işleri amala aşyrýar. Şunda guramaçylyk we beýleki meseleleriň çözgüdine, saparlaryň maksatnamalarynyň, olaryň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna ygrarlydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan mundan beýläk-de ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen bähbitli gatnaşyklary ösdürer, netijeli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda giňelder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna daşary ýurtlara boljak saparlaryň we onuň çäklerinde geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklardyr gepleşikleriň taýýarlygyny ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan we Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ugurdaş kanunçylygy esasynda döwrebap halkara görkezijilere laýyk gelýän milli elektron kommunikasiýa ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we ony giňden peýdalanmaga, olary taýýarlaýjylar üçin degişli şertleriň döredilmegine, bu ugurda utgaşykly işiň ýola goýulmagyna gönükdirilen degişli Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde sanlylaşdyrmak işini çaltlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Milli elektron kommunikasiýa ulgamynyň we olary işläp taýýarlaýjylaryň meseleleri hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna iberdi hem-de resminamanyň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra agentligiň ýolbaşçysy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 15-16-njy awgustynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň netijeleri barada hasabat berdi.

Forumyň dowamynda pandemiýadan soňky döwürde ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de forumyň çäklerinde halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirildi. Multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini, logistik düzümi ösdürmek, maýa goýum serişdelerini çekmek, ýük gatnawlarynyň mukdaryny artdyrmak, degişli resmileşdiriş çärelerini ýönekeýleşdirmek, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary, sanly düzümleýin hyzmatlary ornaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, portuň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklaryň geljekki meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Ýaşyl” portlar düzümine goşulmagy üçin “EcoPort” güwänamasyny almak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, halkara üstaşyr ulag geçelgesini döretmek, Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Aşgabat ylalaşygyny amala aşyrmagyň wajyp ugurlaryna garaldy.

Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy we degişli resminamalara gol çekildi. Olary durmuşa geçirmek maksady bilen, teklipleriň 6-sy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahatyň we onuň çäklerinde häzirki zamanyň ýagdaýlaryny hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlaryny nazara alyp, ulag-logistika ulgamyndaky sebitleýin, ählumumy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekdi.

Yklymüsti ugurlaryň möhüm çatrygynda çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir we olary ählumumy abadançylygyň bähbidine doly durmuşa geçirmäge çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag diplomatiýasyny ilerletmek, onuň degişli gurallaryny giňden peýdalanmak, ýurdumyzda kabul edilen ugurdaş maksatnamany durmuşa geçirmek aýratyn ähmiýetli hasaplanýar. Bu bolsa ulag ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň wajyp şertleriniň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag gatnawlarynyň yzygiderliligini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň, köpşahaly ugurdaş düzümi döretmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde işjeň we oňyn orun eýeleýändigini belläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna ýüzlenip, sentýabr aýynyň dürli wakalara örän baý boljakdygyny belledi. 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. Şol gün siziň ähliňiz meýilnama laýyklykda, orta we ýokary okuw mekdeplerine baryp, ýaşlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlarsyňyz diýip, döwlet Baştutanymyz tabşyrdy.

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçiriler.

Wise-premýer N.Amannepesowa täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly ähli meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 31 ýyllygy mynasybetli birnäçe dabaraly çäreleriň, taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalaryň geçiriljekdigini aýdyp, şolara häzirki günlerden ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi. Şanly sene mynasybetli guraljak dabaralaryň, medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy we pudaklaryň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH  26.08.2022 ý.)