Talyp karzy

Tölegli esasda ýokary okuw jaýynda, okuwyň gündizki görnüşinde okap,  bilim alýan talyplaryň  ýakyn hossarlaryna okuwyň bahasyny tölemek üçin 10 müň manada çenli etrap (şäher) şahamçalaryň we Amallar Müdirligiň karz toparynda seredilýär. Karz ýokary okuw jaýyndan talybyň bilim alýandygyny tassyklaýan resminama we ýyllyk okuw töleginiň hasap-sypatnamasy esasynda nagt däl okuw synpynyň ýyllyk bahasyny tölemek üçin 3 ýyl möhlete çenli berilýär.

Talyplar boýunça ýakyn hossarlary hökmünde ata-ene, är-aýal, çagalar, baba-mama, süýtdeş we süýtdeş däl doganlar göz öňünde tutulýar.

Talyplara okuwyň bahasyny tölemek üçin karzlar olar tarapyndan öňki ýyl üçin berlen karzlary üzülenden soň, indiki ýylyň okuwynyň bahasynyň  tölegi üçin berilýär. Karzyň üpjünçiligine tölege ukyply üçünji taraplaryň zamunlygy ýa-da girew emlägi kabul edilip bilner.