"Sarp ediş" karzy

Raýatlara sarp ediş maksatlary üçin karzlary boýunça 20 müň manatdan ýokary bolmadyk möçberde karz sorap ýazan haýyşnamalaryna etrap şahamçalarynda, 30 müň manatdan ýokary bolmadyk möçberde karz sorap ýazan haýyşnamalaryna welaýat şahamçalarynyň we Amallar Müdirliginde, 30 müň manatdan ýokary möçberde karz sorap ýazan haýyşnamalara T “Daýhanbank” DTB-nyň merkezi karz toparynda seredilýär.

Raýatlara nagt däl görnüşinde 14% derejesinde, 3 aý ýeňillikli döwür bilen2 ýyl möhleti bilen karz berilip bilner.

TKarzyň üpjünçiligine tölege ukyply üçünji taraplaryň zamunlygy ýa-da girew emlägi kabul edilip bilner. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran 11817 belgili kararyna laýyklykda, Durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlar öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin 6 müň manat möçberde karz sorap ýazan haýyşnamalaryna etrap (şäher), welaýat şahamçalarynyň we Amallar Müdirliginiň karz toparlarynda seredilýär.

Karzlar nagt we nagt däl görnüşinde 1% derejesinde, ýeňillikli  döwür berilmezden 3 ýyla çenli karz berilip bilner.