"MELEGUŞ" ATLY NAGT PUL GEÇIRIM HYZMATY

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, nagt görnüşinde milli puly aňsatlyk bilen howpsuz usulda ugratmaga mümkünçilik berýän «Meleguş» atly täze pul geçirim ulgamynyň hyzmatlaryny hödürleýär.

Pul geçirmek üçin, müşderi öz şahsyýetnamasy, puly we alyjynyň maglumatlary bilen bankymyzyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutmaly.

Ugradyjynyň arzasy esasynda pul çäklendirilmedik möçberde geçirilip, alyjynyň ýüzlenmesi we onuň şahsyýetnamasy esasynda berilýär. Eger-de, alyjy 7 iş günüň dowamynda banka ýüz tutmasa, onda gelen pul yzyna gaýtarylýar we bu barada ugradyja habar berilýär.

Eziz ildeşler! Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, sizi bankyň amatly hem-de ygtybarly «Meleguş» pul geçirim hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar!


Habarlaşmak üçin aşakda görkezilen telefon belgilerimiz boýunça habarlaşyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheri: 38-03-59; 24-49-24; 38-01-44;

Ahal welaýaty: 8-00137-34-4-73;

Balkan welaýaty: 8-00246-5-27-92;

Daşoguz welaýaty: 8-00322-9-38-81;

Lebap welaýaty: 8-00422-9-08-39;

Mary welaýaty: 8-00522-6-74-67.