Hususy telekeçiler

Şahsy taraplar


Söwda we gurluşyk (şol sanda, gurluşyk harytlaryny satyn almak) maksatlaryna
  • Karzyň möhleti

    2 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    200 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberinde
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 10%


Önümçilik maksatly: önümçilik enjamlaryny satyn almak we ş.m. (Girew)
  • Karzyň möhleti

    5 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    300 000 manada çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 7%

Önümçilik maksatly: çig-mallary we materiallary satyn almak (Girew)
  • Karzyň möhleti

    3 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    300 000 manada çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 7%

Hyzmatlary ýerine ýetirmek (Girew)
  • Karzyň möhleti

    2 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    300 000 manada çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 10%
Önümçilik maksatly oba hojalyk ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin tohum satyn almak nagt däl görnüşinde
  • Karzyň möhleti

    1 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    10 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberinde
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 10%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.07.2012 ýyl 12446 belgili karary boýunça kiçi we orta telekeçilige degişli taraplaryň maýa goýum taslamalaryna karz bermek 
  • Karzyň möhleti

    Dolanyşyk serişdeleri 1 ýyla,
    esasy serişdeler 10 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    Bellenen tertibe laýyklykda
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 5%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 08.06.2021 ýyl 2269 belgili karary esasynda telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan hususy telekeçilere maýa goýum taslamalary boýunça karz bermek
  • Karzyň möhleti

    7 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    Iň pes aýlyk zähmet hakynyň 500 essesine çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 5%

Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.10.2018 ýyl 942  belgili karary esasynda oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suw geçirijileri satyn almak üçin karz bermek
  • Karzyň möhleti

    10 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    Maýa goýum taslamasy boýunça
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 1%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.10.2018 ýyl 942  belgili karary esasynda oba hojalyk önüm öndürijileriň maýa goýum taslamalary boýunça karz bermek
  • Karzyň möhleti

    10 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    Maýa goýum taslamasy boýunça
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 5%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.08.2021 ýyl 2406 belgili karary esasynda milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin karz bermek
  • Karzyň möhleti

    5 ýyla çenli
    (ýeňillikli döwri 2 ýyl)
  • Karzyň möçberi

    Maýa goýum taslamasy boýunça
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 2%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.08.2021 ýyl 2406 belgili karary esasynda taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin karz bermek
  • Karzyň möhleti

    3 ýyla çenli
    (ýeňillikli döwri 6 aý)
  • Karzyň möçberi

    Maýa goýum taslamasy boýunça
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 2%
Karzlaryň üpjünçiligi zamunlyk, girew emlägi, kepillik. Karzlar nagt däl görnüşinde berilýär.


Hususy telekeçi karz almak üçin banka şu resminamalary tabşyrýar:


1) karz almak üçin ýüztutmasy;
2) iş meýilnamasy ýa-da tehniki ykdysady esaslandyrmasy;
3) işjeňliginiň soňky üç ýyly boýunça  - hususy telekeçiniň girdejileri barada Türkmenistanyň salgyt edaralary tarapyndan tassyklanan salgyt beýannamasynyň (arassa peýdasyny görkezmek bilen) nusgasy (eger telekeçiniň hasaba alnan pursadyndan bäri 3 senenama ýyly geçmedik bolsa, onuň hasaba alnan pursadyndan bäri tabşyran girdejileri barada salgyt beýannamalary);
4) karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri, hyzmatlary tassyklaýan resminamalaryň (şertnamalar, töleg tabşyryknamalary we ş.m.) nusgalary;
5) salgyt töleýjiniň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň we hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň we patentiň göçürmesiniň nusgalary;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işleriň görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň nusgalary (eger-de önümçilik täze ýola goýlan bolsa, onda ygtyýarnamanyň nusgasyny önüm öndürilip başlandan soň almaklyk şerti bilen);
7) maliýeleşdirilýän taslama boýunça ýer böleginiň ýa-da önümçilik jaýynyň barlygyny tassyklaýan resminamalaryň göçürmesi (ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugy barada Şahadatnama, tükelleýiş işi, kärende şertnamasy);
8) karzyň üpjünçiligine hödürlenýän girewleriň eýeçilik hukugyny we olaryň  bahasyny tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalary;
9) karz alyjy başga karz edaranyň müşderisi bolan ýagdaýynda gollaryň nusgalary goýlan we gollaryň hakykydygyna, oňa döwlet notarial edaralary tarapyndan güwä geçilen bolmalydyr;
10) önümçilik desgalaryny gurmaklyga potrat  şertnamalar (gurluşyk we taslama işlerine degişli ygtyýarnamalaryň nusgalaryny çatmak bilen);
11) Baş binagärler tarapyndan tassyklanylan baş meýilnamanyň we eskiz taslamanyň nusgasy;
12) satyn alynýan enjamlaryň gelip çykyşyny, şeýle hem esasy serişdeleri satyn almak bilen bagly önümçilik taslamalar boýunça çig mal üpjünçiligini  tassyklaýan resminamalar.