Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
a7Fqf8M4jn4RRkmbjcqNIsnLH3nv3HCJhAgxGqS5nrF5t7I7Yc_1670999296.jpg
2906
13.12.2022

Döredijilik ruhuna beslenen we Watanyna çäksiz buýsanjy bolan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy.

Asylly däbe görä, şu gün esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: “Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi” diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň we halklaryň özara düşünişmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli nusgalarynyň taýýarlanmagy babatda täze mümkinçiliklere uly itergi berýär.

Ir säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän beýik binanyň ýanynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, şol sanda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň her ýylda geçirilýän dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň köp sanly agzalary ýygnandylar.

Şeýle hem bu ýerde geçirilen dabara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy baýramçylyk äheňinde bezelen Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada saklandy. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow haly düşelen ýodajyk bilen şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirýän harby gullukçylar — Hormat garawuly batalýonynyň esgerleriniň hatarynyň düzülen ýerine geldi.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy baradaky halkara hukuk derejesiniň we merdana halkymyzyň parahatçylyk, durnukly ösüş baradaky asylly ýörelgeleriniň esasy nyşany bolan belent başly Bitaraplyk binasynyň etegine gül çemenini goýdy.

27 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamany kabul etmegi bilen Türkmenistan örän ähmiýetli halkara-hukuk derejesi bolan hemişelik Bitaraplyk derejesini berkitdi. Ýurdumyz dünýäniň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Bu waka özüniň ägirt uly taryhy ähmiýeti bilen türkmen döwletiniň häzirki zaman ösüşiniň täze tapgyryny esaslandyrdy.

2015-nji ýylda hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini ikinji gezek tassyklaýan Kararnamany kabul etmegi döwletimiziň parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we döredijilik syýasatyny Bitaraplyk derejesi bilen utgaşykly alyp barýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi biziň şu günümiz we geljegimiz, onda halkara gatnaşyklary ösdürmek, syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli başlangyçlar jemlenýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylyk, howpsuzlyk, sagdynlyk, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, döredijilik, dünýä halklarynyň dostlugy, ylalaşygy ýaly asylly ýörelgeler bilen utgaşýar.

Bitaraplyk ýurdumyzyň raýatlarynyň aňynda durnuklylyk, durmuş taýdan abadançylyk we ösüş ýaly düşünjeler bilen berkidilýär. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa Bitaraplyk birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda döwletleriň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň esasy nyşany bolup hyzmat edýär.

Şu ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigini bellemek ýakymly. Bu wajyp resminama ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny we Bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwürde ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde oňyn orun eýeleýändigini aňladýar.

Bitaraplyk türkmen döwletine dünýäde iň ýokary parahatçylyk dörediji merkez diýen derejä eýe bolmaga mümkinçilik döretdi. Paýtagtymyzda iri halkara maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Olaryň hatarynda “Dialog — parahatçylygyň kepili” halkara maslahaty bar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň berkidilmegine goldaw berýän ýurtlaryň biri hökmündäki halkara abraýyny belende göterýär.

Döredijilikli kuwwata eýe bolmagy Türkmenistanyň Bitaraplygyna mahsus derejedir. Ol täze başlangyçlar, anyk işläp taýýarlamalar arkaly baýlaşdyrylýar we häzirki zamanyň üýtgäp durýan şertlerine uýgunlaşmak ukybyny saklaýar. Onuň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik hem-de ynsanperwerlik ugry bolsa üýtgewsizligine galýar.

Bitaraplyk binasynyň ýanynda guralan dabaralar tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýle hem şu gün Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.


(TDH 12.12.2022 ý.)