11-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş bolup, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtap, bu resmi saparyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Diplomat hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň hem Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi we şu gezekki saparyň, onuň çäklerinde geçiriljek duşuşyklaryň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebit, halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Munuň şeýle bolmagyna türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyna mahsus ynanyşykly, özara hormat goýmaga esaslanýan ýokary derejedäki dialog ýardam berýär. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda ýene-de bir möhüm sahypany açar.
Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda, haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, hormatly Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.
Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň adalat ministri Abdullah bin Sultan bin Awad Al Nuaimi we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz adalat ministri bilen söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakdaky tagallalaryny aýratyn belledi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda BAE-niň geljegi uly bolan ygtybarly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görülýändigini aýdyp, şu gezekki resmi saparyň barşynda geçiriljek duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny nygtady. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän has ýokary derejä çykarylmagyna kuwwatly itergi berer.
Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän “Şeýh Zaýed” metjidine baryp gördi. Bu metjit dünýäniň iň uly alty metjidiniň biri hasaplanýar.
Bu ýerde hajy Arkadagymyzy metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylady. Merhum Prezident Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň metjitdäki aramgähinde Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.
Soňra bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözledi. Hajy Arkadagymyz dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýän metjide gelendiklerini we onuň dünýäniň iň uly metjitleriniň biridigini belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, metjit “Allanyň öýi” hasaplanýar. Şonuň ýaly-da, ýagşy adamlary hatyralamak, öten-geçenleriň sarpasyny tutmak biziň halklarymyzyň asylly däbidir. Elbetde, adam ömrüniň uzynlygy ýaşalan ýaşlar bilen, onuň many-mazmuny bolsa bitirilen işler bilen ölçenilýär. Beýik işleri bitirenler hakydada hemişelik galýar.
Hajy Arkadagymyz öz ýatlamalaryny paýlaşyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan bilen bir saçagyň başynda oturmak miýesser edendigini, ony hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyny hem-de dostlukly ýurda parasatly baştutanlyk eden Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem uzak ýyllaryň dowamynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklandygyny belledi.
Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýurdumyza eden ýagşylyklary, haýyr işleri hiç wagt unudylmaz. Ýagty ýadygärligi häzirki we geljek nesilleriň kalbynda ebedilik galar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Hajy Arkadagymyz häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň tagallalary esasynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da ösdürilýändigine tüýs ýürekden guwanýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hakyda — milletiň baýlygy. Ol nesilleri birleşdirýär. Biz geçmişi hormatlap, geljege ýol açýarys. Pederlerimizi hormatlap, nesillere görelde bolýarys. Munuň özi türkmen we arap halklarynyň asylly ýörelgesidir.
Hajy Arkadagymyz hormatly doganlarymyzyň hatyrasyny tutup, namaz okamagyň, olaryň ruhuna ýagşy doga-dilegler etmegiň hem parz, hem mertebedigini aýdyp, olaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagyny dileg etdi. Hormatly Arkadagymyz: “Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklar mundan beýläk-de berkesin-pugtalansyn! Doganlyk halklarymyza mundan beýläk hem gülläp ösüş, abadançylyk, parahatçylyk ýar bolsun!” diýip, ýagşy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz metjidiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, metjitde ýazylan dünýäniň iň uly elde dokalan halysy we onda oturdylan äpet lýustralar barada giňişleýin gürrüň berildi.
2007-nji ýylda açylan “Şeýh Zaýed” metjidine, haýsy dine uýýandygyna garamazdan, hemmelere baryp görmek rugsat berilýär. Metjidiň binagärlik aýratynlygy we eýeleýän ägirt uly meýdany görenleri haýran galdyrýar. Onuň dört burçunda dört sany minara bar. Esasy binanyň daşky hatary gümmezler bilen örtülendir. Metjit bir wagtyň özünde jemi 40 müň adamy kabul edip bilýär. Metjidiň içki howlusyna dürli reňkli mermer daşy düşelipdir. Ýeri gelende bellesek, metjidi dünýäniň iň uly elde dokalan halysy bezeýär. Ol ýüň we nah ýüplüklerden dokalypdyr. Bu ajaýyp eseri döretmek üçin ussat halyçylar zähmet çekipdir. Haly metjidiň umumy bezegi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, onuň gözelligini has-da artdyrýar. Şeýle hem yslam binagärliginiň aýratynlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp lýustralaryň 7-si “Şeýh Zaýed” metjidini bezeýär.
Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň paýtagtymyzdaky metjidiň, Döwletliler köşgüniň gurulmagynda hem-de oňa haýyr-sahawat goldawynyň berilmeginde, ýurdumyzda saglygy goraýyş desgalarynyň bina edilmeginde aýratyn uly tagallasynyň bardygyny bellemek ýerlikli bolar.
Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda howandarlyga mätäçlik çekýän çagalara goldaw-hemaýat berilýändigini hem nygtamak gerek. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk Türkiýe Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy.
Metjit bilen tanyşlygyň dowamynda hajy Arkadagymyz “Şeýh Zaýed” metjidine mukaddes Gurhany we namazlygy sowgat berdi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň maksat edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Metjidiň ýolbaşçylary sowgat üçin hoşallyklaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýäniň täsin metjitleriniň şekilleri we maglumatlary ýerleşdirilen ajaýyp kitaby sowgat berdiler. Bu kitapda “Şeýh Zaýed” metjidine hem uly orun berlipdir.
Hajy Arkadagymyz sowgat berlen bu kitaby Ahal welaýatynyň şu ýylyň ýanwar aýynda düýbi tutulan baş metjidinde goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ony Türkmenistanyň müftüsine gowşurdy.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Al Şatiýe” köşgüne bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.
BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparyna we onuň çäklerindäki duşuşyklara ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda uly ähmiýet berilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli daşary syýasaty hem-de halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli oňyn başlangyçlary dolulygyna goldanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidentine Birleşen Arap Emirliklerine gelmek baradaky çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana aýalynyň ejesiniň aradan çykandygy zerarly gynanç bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda energetika, ulag we kommunikasiýalar, ýol üpjünçilik ulgamlary, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda, şeýle hem möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde BAE-niň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary bu hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly mümkinçilikleri açdy.
Ýangyç-energetika toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hoşlaşanlarynda, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen hem duşuşygy boldy.
Gahryman Arkadagymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, duşuşmaga we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige şatdygyny aýtdy, şeýle-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirip, soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ep-esli işjeňleşdirilýändigini, iki ýurduň Hökümetleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlarynyň ugry boýunça özara saparlaryň yzygiderli esasda amala aşyrylýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşmaça itergi berdi.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň Türkmenistan bilen özara bähbitli, netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belläp, şu gezekki saparyň we onuň çäklerindäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän özgermeler ýolunda Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerine Birleşen Arap Emirliklerinde tüýs ýürekden guwanylýandygy bellenildi.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine geljegi uly hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garalýandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem ähli zerur şertlere we mümkinçiliklere eýedigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunda halkara we sebit gün tertibiniň esasy meselelerini çözmekde ýurtlarymyzyň çemeleşmeleri ýakyn ýa-da gabat gelýändir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn halkara başlangyçlaryny Birleşen Arap Emirlikleriniň goldaýandygyna ýokary baha berilýändigi nygtaldy. Öz gezeginde, Türkmenistan hem BAE tarapyndan öňe sürülýän teklipleri üýtgewsiz goldaýar.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda ýangyç-energetika, nebiti gaýtadan işleýän senagat, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda BAE-niň kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy düýpli giňeltmäge taýýardygyny nygtap, ýurdumyzyň bu pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürýän täze kuwwatlyklary işe girizmegi maksat edinýän şertlerinde munuň uly ähmiýete eýedigini belledi. Ulag-logistika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda döredilen döwrebap düzümler, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, täze awtomobil ýollary, howa menzilleri bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany maşgalasy bilen islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hoşlaşanlarynda, iki ýurduň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
***
Şu gün ir bilen Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän “Emirates Palaсe” myhmanhanasyndan çykyp, Pars aýlagynyň kenarynda gezelenç etdi, irki maşklary ýerine ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz maşklary ýerine ýetirýän mahalynda sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesi bolan ajaýyp beden taýýarlygyny görkezdi.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini wagyz etmek, ýokary netijeli sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleri üpjün etmek Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän asylly ýörelgeleriň biri bolup durýar.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irki gezelenç mahalynda öz egindeşleri bilen bilelikde bu künjegiň tebigy ajaýyplyklaryny synlady. Gahryman Arkadagymyz Hazar deňziniň kenarynda halkara derejeli häzirki zaman şypahana toplumynyň döredilendigi barada aýdyp, dünýä derejeli syýahatçylygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunda Awazanyň tebigy aýratynlyklary, onuň ekologik ýagdaýy nazara alnyp, milli binagärligiň täzeçil usullary ulanylmalydyr. Bu bolsa täze gurulýan syýahatçylyk, dynç alyş we sport desgalarynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegini üpjün eder.
Ajaýyp kenaryň ugry bilen gezelenç edip barşyna, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ekilýän bag nahallarynyň, döredilýän gök zolaklaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň özboluşly gözelligine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu ýerde bolşy ýaly, Hazar deňziniň kenarynda gurulýan desgalaryň, döredilýän tokaý zolaklarynyň we beýleki ugurdaş düzümleriň hem bezeg aýratynlyklaryna, olaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Çünki ýerine ýetirilýän her bir işe döredijilikli, dünýä ylmynyň ösen tejribesi esasynda çemeleşilse, onuň ynsan ruhuny belende götermegine oňyn täsiri bolýar. Bagy-bossanlyk, özboluşly gök zolaklar we dürli güller adamlaryň ruhuny göterip, olary döredijilik üstünliklerine, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Hormatly Arkadagymyz gezelenjiň dowamynda aýlagyň çäginde duran gämileri synlady. Bu ýerde dürli görnüşli gämileriň köp sanlysy bolup, olaryň eýeleri kenarda dynç alýanlara we deňizde gezelenç edýänlere degişli hyzmatlary hödürleýärler.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem dünýäniň ösen tejribesinden ugur alyp, dürli görnüşli gämileriň sanyny artdyrmagyň, şunlukda, deňizde gezelenç etmek, deňiz giňişliklerine aralaşmak bilen baglanyşykly hyzmatlaryň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň deňziň kenarynda dynç alýanlaryň sanynyň artmagynda bolşy ýaly, olar üçin doly derejeli dynç alşy guramagy hem şertlendirjekdigini bellemeli. Bu ugurda degişli hyzmatlaryň ýola goýulmagy bolsa ýurdumyzda syýahatçylygyň ösen derejesiniň rowaçlanmagyna giň ýol açar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz we egindeşleri welosipedli gezelenç edip, ýol ugruna bu ýerdäki ajaýyplyklary synladylar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň ekologik taýdan arassa görnüşi hasaplanýan welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň günsaýyn artýandygyny bellemek ýakymly. Dürli ýaşdaky raýatlar welosiped sürmegi, welosiped sporty bilen meşgullanmagy durmuş kadasyna öwürdi. Bu bolsa köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Sport, saglyk we ekologiýa — biri-birinden aýrylmaz düşünjeler. Ekologik ýagdaý ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň we pudaklaýyn maksatnamalaryň, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň möhüm bölegidir.
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman sport toplumlarynyň, stadionlaryň we meýdançalaryň gurlandygyny bellemeli. Hazaryň kenarynda ýerleşýän “Awaza” köpugurly sport toplumy hem gönüden-göni hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça bina edildi.
Birleşen Arap Emirliklerinde hem köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň, syýahatçylygyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmegi bu ugurda iki ýurduň ynsan saglygynyň goragyna we daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň meňzeşdiginiň nobatdaky beýanydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri welosipedli gezelenji tamamlap, kenaryň çäklerinde ýerleşýän sport desgalaryny synlady we bu ýerdäki tennis meýdançasyna baryp gördi.
Häzirki döwürde deňziň kenarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, türgenleşikleri geçirmek we köpçülikleýin bedenterbiýe çärelerini guramak işleri yzygiderli häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňziň kenarynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleriň bardygy nygtaldy. Dürli sport enjamlaryny we beýleki serişdeleri ulanmak arkaly çagalary sporta çekmek häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de, bu ulgamda dünýäniň ösen ýurtlary bilen tejribe alyşmak möhümdir.
Birleşen Arap Emirliklerinde çöl ýerlerinde, aýlagyň kenarynda düýeli gezelençleriň guralmagyna aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde düýeli gezelençleri guraýan düzümiň hünärmenleri bilen gürrüňdeş boldy. Bellenilişi ýaly, arap dünýäsinde bedewleriň, düýeleriň köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilmegine, olaryň dürli ugurlar boýunça taýýarlanylmagyna zerur üns berilýär. Bu ýere gelýän syýahatçylar düýeli gezelençlere aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Düýeleriň ýanynda surata düşüp, ýatda galyjy pursatlary ýadygärlik hökmünde saklaýarlar.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda hem düýedarçylygyň ösdürilmegine zerur üns berilýändigini, “Düýe maly — dünýe maly” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň asyrlaryň dowamynda düýelere aýratyn gadyr goýýandygyny belledi. Bu babatda aýdanyňda, Türkmenistanda we BAE-de düýedarçylyk boýunça alnyp barylýan işlerde umumylygyň bardygyny bellemeli. Araplar düýäni “Çöl gämisi” diýip atlandyrýan bolsalar, türkmenler bu hikmetli maly “Sähra gämisi” diýip atlandyrypdyrlar. Munuň özi iki ýurduň arasynda bu ugur boýunça tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Meredow hem-de A.Begliýew bilen aýlagyň kenarynda çaý başynda söhbet etdi. Bu ýerde tebigy we bag-seýilgäh gözelligi babatda öňdebaryjy gazanylanlar hem-de iň oňat dünýä tejribesi ulanylýar. Hormatly Arkadagymyz bu barada aýtmak bilen, Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylygy ösdürmek boýunça toplan tejribesini öwrenmegiň ähmiýetli boljakdygyny belledi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylyk-şypahana ugry boýunça täzeçil tehnologiýalaryň, dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder.
Hazaryň kenarynda syýahatçylygyň dürli görnüşlerini ösdürmek, sport ulgamyny işjeňleşdirmek üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Munuň özi Türkmenistanyň syýahatçylyk babatda ösen ýurtlaryň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmagyny şertlendirer. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň baş maksady deňziň kenarýakasynyň şypahana mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakdan, adamlaryň ýokary derejeli dynç almagyny üpjün etmekden, maýa goýum binýadyny pugtalandyrmakdan, bu künjegi dünýä derejeli syýahatçylyk merkezine öwürmekden ybaratdyr.
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň, «Masdar», Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň we Abu-Dabiniň port kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň çäklerinde gatnaşyklaryň möhüm meseleleri bilen bir hatarda, maýa goýum, ýangyç-energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle-de port düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini, iki döwletiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ygrarlydyklaryny belläp, gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
BAE-niň wekilleri ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşyklaryň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOС) arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Birinji bankynyň (First Abu-Dhabi bank) arasynda korrespondent hasabyny açmagyň we ýöretmegiň şertleri hem-de tertibi hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň müftüsi we “Altyn” hojalyk jemgyýetiniň baş hünärmeni düýn Gahryman Arkadagymyzyň baryp gören Abu-Dabi şäherindäki “Şeýh Zaýed” metjidine bardylar hem-de binagärlik-tehniki aýratynlyklar, çäkleri abadanlaşdyrmak, içki we daşky bezeg, yşyklandyryş ulgamy we beýlekiler bilen baglanyşykly özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar we bu ýerde binagärlik babatda alan maglumatlarynyň Ahal welaýatynyň baş metjidiniň gurluşyk işlerinde peýdaly boljakdygyna ynam bildirdiler.
Türkmenistanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň — Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini, bu ýerde welaýatyň baş metjidiniň gurulmagynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtmak gerek. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şäheri gurmak, şeýle hem onuň çäginde baş metjidi bina etmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi we gurluşyk işlerinde ulanyljak serişdeleriň hiline, desganyň gurluşygyna, alnyp barylýan işlere ýokary talap bildirýär. Şoňa görä-de, “Şeýh Zaýed” metjidiniň binagärlik aýratynlyklary bilen giňişleýin tanşylmagy Birleşen Arap Emirlikleriniň bilermenleri bilen tejribe we pikir alyşmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.
BAE-niň wekilleri Ahal welaýatynyň baş metjidiniň gurluşygyna ýardam we maslahatlary bermäge, öz tejribelerini paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparyny tamamlap, Abu-Dabiniň Halkara howa menziline tarap ugrady. Ol ýerde Milli Liderimizi adalat ministri Abdullah bin Sultan bin Awad Al Nuaimi hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň adalat ministri saparyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleriň we saparyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Birnäçe sagatdan soňra, uçar paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.
(TDH 12.02.2023 ý.)