Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda sebitiň täze merkeziniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň şekil taslamalarynyň tanyşdyrylyşyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar.
Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary we çyzgylary, olaryň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Şolaryň hatarynda şäheriň dolandyryş we jemgyýetçilik binalary, awtomenzil, awtotoplum desgalary, demir ýol menzili hem-de bu düzümlere degişli ugurdaş desgalar bar. Mundan başga-da, durky täzelenilýän hem-de täze awtomobil ýollarynyň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalarynyň, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, “Saglyk” seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si, Arkadag şäheriniň demir ýol menzili, şäheriň awtotoplumy we bellige alyş bölümi, Ahal welaýatynyň awtomenzili bina ediler.
Hormatly Arkadagymyz Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda alnyp barylmagyna we şunda täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ekologik meselelere möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Bu ýerde bina ediljek dürli maksatly desgalar şu günüň talaplaryna laýyk gelmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýerine ýetirilmeginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uly ornuň degişlidigini belläp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi.
Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde gurulýandygyny nazara alyp, bu ýerleriň tebigy gözelligini saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmak zerurdyr. Şeýle hem ilata edilýän söwda we beýleki hyzmatlaryň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmegi möhümdir. Hyzmatlar ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy talap bolup durýar diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň awtotoplum binalarynyň we demir ýol menziliniň şekil taslamalary bilen tanşyp, gurluşygyň nobatdaky tapgyrynda ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli binalaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, uzak möhletleýinligine aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şunda ýurdumyzyň ulag ulgamyna degişli düzümleriň işini talabalaýyk ýola goýmak, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Bu ugra degişli binalaryň gurluşygynda welaýatyň çäklerindäki milli binagärligiň ajaýyp nusgalary bolan taryhy ýadygärlikleriň keşbiniň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz bu babatda taryhçy alymlar, hünärmenler we ýaş taslamaçylar, binagärler bilen bilelikde iş alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şäher ilatyna we onuň myhmanlaryna edilýän ulag hyzmatlarynyň medeniýetiniň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugra degişli binalaryň we toplumlaryň taslamalary taýýarlananda döwrebap usullaryň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz dünýäniň iň gowy tejribesiniň işjeň ulanylmagynyň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Şunda taryhyň dowamynda halklary baglanyşdyrýan ýollary guran halkymyzyň milli tejribesi ulanylmalydyr, ulag ulgamyna degişli binalaryň gurluşygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.
Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda senagat zolagyny döretmek meselesine, onuň çäklerinde bina ediljek önümçilik kärhanalarynyň häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berilmelidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we bilim almagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy boýunça meselelere zerur üns berilmelidigini nygtady. Şunda sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmegi esasy ýörelgä öwrülmelidir. Şeýlelikde, “akylly” şäher konsepsiýasyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Arkadagymyz bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda körpe nesilleriň sazlaşykly ösmegi, amatly dynç almagy, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy we çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin döwlet derejesinde alada edilýändigini aýtdy. Şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlaryna degişli binalaryň we desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek ugurdaş desgalarda üpjün edilýän mümkinçilikler häzirki döwrüň ösen talaplaryna, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna laýyk gelmelidir.
Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakanyň guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga bermek dabarasyna taýýarlyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda girişilmeginiň wajypdygyny belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde ýerine ýetirilýän işleriň hem döwlet ekologiýa syýasatyna doly laýyk gelmelidigini, binalaryň taslamalary taýýarlanylanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şunda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň bu ugurdaky täzeçil pikirlerini we garaýyşlaryny öwrenmek, olaryň taýýarlan tekliplerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän durmuş-ykdysady syýasatyň netijeli amala aşyrylýandygyny görkezýär. Ilatyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilmegi, desgalaryň gurluşyklarynyň bellenen möhletlerde tamamlanylmagy potratçylara we buýrujylara bildirilýän üýtgewsiz talap bolup durýar. Şunda alnyp barylýan işler degişli ýolbaşçylar tarapyndan berk gözegçilikde saklanmalydyr. Dürli maksatly desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini nazara almak bilen, berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr. Binalaryň we desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda binagärlik, bezeg ulgamyndaky gazanylanlar öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn esasda ösdürmek, hususy ulgamyň işini kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir. Munuň özi häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyz ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekip, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda senagat zolagyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini belledi. Şunda häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelýän tikinçilik, ýeňil we azyk senagaty kärhanalarynyň döredilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrar.
“Akylly” şäher konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz sanly ulgamyň şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi düzümdigini nygtady. Şunda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda halkara ülňülere laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagynyň, şolaryň ýerli tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara hem-de bildirilýän beýleki talaplara doly laýyk gelmeginiň häzirki günüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belledi. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň gurulmagy amatly ýaşamak we zähmet çekmek üçin ähli şertleriň döredilmegine, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň Baş baýdak meýdançasyna geldi. Bu ýerde işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Döwlet tugy türkmen halky üçin mukaddeslikdir, halkymyzyň abadançylygynyň we Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşanydyr. Hormatly Arkadagymyz şäheriň esasy şaýolunyň ugrunda gurlan köpriniň üstünde saklanyp, Ahal welaýatynyň täze merkeziniň binagärlik keşbiniň dag etekleriniň tebigy görnüşleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilýän bu şäherde milli binagärlik ýörelgeleriniň, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa täze şäheriň özboluşly binagärlik keşbiniň emele gelmegini üpjün etdi. Dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň hiline, olaryň ýanaşyk çäkleriniň bezegine hem-de abadanlaşdyrylyşyna aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Hususan-da, ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurulmagy, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda yşyklandyryş ulgamlarynyň çekilmegi zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, gök zolaklaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna uly jogapkärçilik hem-de ýokary ruhubelentlik bilen girişilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň döwrüň ruhuna kybap derejede guralmalydygyny nygtady.
Hormatly Arkadagymyz hemmelere öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
(TDH 18.02.2023 ý. )