Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary
lPxl0hWwKScxXEMQVuUfmoJOYSd6UHgYES1xJ88oIViqCUgwyN_1678795196.jpg
1088
13.03.2023

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini, hususan-da, täze binalaryň açylyş dabarasyna, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde ak mermerli paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde halkymyz üçin amatly zähmet, ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň ähli künjeginiň bagy-bossanlyga bürelmegi, ekologik abadançylygynyň saklanylmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda ýaýbaňlandyrylan asylly işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň çäginde geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsüminiň meýilnamasy, möwsümiň dowamynda ýerine ýetiriljek işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Hormatly Arkadagymyz bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny nazara alyp, bag nahallaryny oturtmak işlerine ylmy esasda çemeleşilmelidigini belledi. Halkymyz bag ekmegi parz iş hasaplap, onuň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Bu ýerleriň bagy-bossanlyga bürelmegi ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, adamlaryň amatly ýaşaýşy, göwnejaý dynç alşy üçin zerur şertleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde amatly howa gurşawy emele geldi. Tokaý zolaklarynyň döredilmegi howa ýagdaýyny gowulandyryp, bioköpdürlüligi gorap saklamaga we köpeltmäge ýardam berýär. Şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherindäki durmuş we beýleki maksatly binalaryň töwereginde, ýol ýakalarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine zerur üns berilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy ähli edara-kärhanalaryň, durmuş ulgamyna degişli binalaryň howlularynda we olaryň ýanaşyk ýerlerinde bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag nahallarynyň oturdylmagyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň ýolbaşçysy Ý.Işangulyýewe ýüzlenip, bu ýerde hereket edýän saglygy goraýyş merkezleriniň işini talabalaýyk guramak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Saglygy goraýyş edaralary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilmelidir, olarda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlary ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmelidir, ynsan saglygynyň goragynda durýan lukmanlaryň işleri döwrüň talabyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäher alyjylar jemgyýetiniň ýolbaşçysy H.Muhammedowa ýüzlenip, onuň öňünde durýan wezipelere ünsi çekmek bilen, bu ýerde söwda hem-de hyzmatlar ulgamyna degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Ilata edilýän hyzmatyň hili we derejesi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidir. Söwda dükanlarynda, beýleki düzümlerde söwdany ýola goýmagyň täzeçil usullary ýerine ýetirilmelidir. Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde, sargyt edijileriň harytlaryny we önümlerini eltip bermek üçin niýetlenen ulaglaryň bezeg aýratynlyklarynyň hem ünsden düşürilmeli däldigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýewe ýüzlenip, täze ýokary okuw mekdebiniň ähli düzümleriniň dolandyryş ulgamynyň — dekanatyň, kafedranyň, okuw bölüminiň guramaçylyk meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. Bu işleriň häzirki döwrüň talabyna we halkara tejribä laýyklykda guralmagy ýokary okuw mekdebiniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz ýokary okuw mekdebinde işlejek mugallymlaryň hünär derejesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi hem-de möhüm wezipeleri — bu ýerde bilim aljak ýaşlar üçin döredilen şertleriň dünýä ölçeglerine laýyk gelmelidigini, nazaryýet taýýarlygynyň tejribe bilen utgaşdyrylmalydygyny, okatmagyň usulyýetiniň döwrebap derejede bolmalydygyny kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe tabşyryklar berildi.

Arkadag şäheriniň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna degişli gulluklaryň edara-binalarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna, sanly ulgamyň, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermek tabşyryldy. Ähli desgalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine, bu ýerleriň yşyklandyryş ulgamyna we şäheriň durmuş düzümine häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilmelidir. Bularyň ählisi täze şäheriň häzirki zamanyň ýokary görkezijilerine laýyk gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň seýilgäh zolagyny we beýleki ugurdaş desgalaryny synlady hem-de Ahal welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärlikleriň şekil görnüşleri bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň çäklerinde bina edilýän desgalaryň milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelmelidigini, olarda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ajaýyp desgalarynyň şekiliniň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde gök zolaklaryň çägini giňeltmek we özboluşly gözelligi bolan möwsümleýin gülleri köpçülikleýin ekmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine gelip, merkeziň daşky bezeg aýratynlyklaryny synlady hem-de toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri A.Germanow hem-de tejribeli lukman M.Öküzowa bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz lukmana ýüzlenip, kärdeşleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň tejribeli lukman hökmünde ony şu sagaldyş-dikeldiş merkezine baş lukman hökmünde hödürleýändiklerini we häzirlikçe bu jogapkärli wezipäniň alyp barýan işiniň üstüne ýüklenýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz çaga bolan ene mähriniň zenan lukmana mahsusdygyny hem-de lukmançylyk tejribesiniň bardygyny belläp, bu merkezde ýerine ýetirilmeli guramaçylyk işleriniň kändigini aýtdy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine hem-de Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ýolbaşçysyna köpýyllyk lukmançylyk we durmuş tejribesi bolan lukmanlar bilen maslahatlaşyp, çagalaryň keseliniň öňüni almak boýunça degişli işleri geçirmek babatda gymmatly maslahatlaryny berdi.

Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, wagtyň geçmegi bilen, gynansak-da, käbir keseller döreýär. COVID-19 pandemiýasy bütin dünýä ýaýrady diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi hem-de geljekde bu ýokanç keseliň gaýragoýulmasyz yzlarynyň çagalara zeper ýetirmezligi üçin lukmanlaryň döwrebap ugurlar, täze hünärler boýunça maslahatlaşyp, ähli tagallalaryny etmelidiklerini belledi hem-de bu ugurdaky işlere girişmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri hem-de çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň baş lukmany döwrebap toplumy gurdurandygy we bu ýerde işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi hem-de bildirilen ynam üçin hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Gahryman Arkadagymyz çagalaryň saglygyny goramak, olaryň sazlaşykly ösüşi baradaky meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny belläp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn bolmagy üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze merkezde onuň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilendigini habar berdi.

Soňra hormatly Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe bu ýerde alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyna, ähli binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna degişli tabşyryklary berdi. Bu işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi şäheriň ekologik derejesiniň ýokary görkezijilere laýyk gelmegini üpjün eder.

Hormatly Arkadagymyz görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Bu ýerde, esasan, Arkadag şäherine gelýän awtomobil ýollarynyň çyzgylary, şäheriň awtomenziliniň binalar toplumynyň, demir ýol menziliniň şekil taslamalary görkezildi.

Ahal welaýatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynda dünýäniň iň gowy tejribesiniň işjeň ulanylmagyna hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, hormatly Arkadagymyz gurluşyk işleriniň häzirki zaman ekologik talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri halkymyza uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etjek ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hiline we berkligine aýratyn ünsi çekip, bu ýerde hyzmatlary ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmegiň ähmiýetini nygtady hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz taslamalary taýýarlamak işlerinde täzeçil usullaryň, häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, bu işlere ýaşlary işjeň çekmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyryndaky dürli maksatly binalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlar berildi.

Gahryman Arkadagymyz dünýäde emele gelen pandemiýa döwründe şäheriň gurluşygynyň depginli alnyp barylmagyna, gurluşyk üçin zerur bolan serişdeleriň daşary ýurtlardan getirilmegini üpjün edýän logistik hyzmatlaryň işine oňaýsyz täsir edendigini, gurluşyk işlerinde birnäçe bökdençlikleriň ýüze çykandygyny belledi. Ýöne, muňa garamazdan, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşyklary tamamlanyp, häzirki döwürde olaryň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Hormatly Arkadagymyz şäheriň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň ýatda galyjy wakalara, şatlyk-şowhuna beslenmegi ugrunda ähli zerur işleriň geçirilmelidigini belledi. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň nyşanyna öwrüljek bu dabarada ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy we milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr.

Binalaryň açylyş dabarasyna bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem hemmetaraplaýyn esasda taýýarlyk görülmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda işläp, şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde tapawutlanan ýerli gurluşyk kompaniýalaryna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň binalarynyň gurluşyklaryny ynanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Merkeziň birinji tapgyrynda bina edilen desgalaryň dolandyryş düzümini döretmek meseleleri barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda degişli guramaçylyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagy Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewden berk talap etdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary alnyp barylýan işleri degişli ugurlar boýunça berk gözegçilikde saklamalydyrlar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Liderine Arkadag şäheriniň ulag ýollarynyň ugrunda oturdyljak hereketleri sazlaýjy yşyklaryň görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, hereket sazlaýjy yşyklar häzirki zamanyň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrylýar. Şeýle-de bu yşyklarda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin amatlyklary üpjün edýän tehnologiýa ornaşdyrylypdyr. Munuň özi ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň ähli ugurlary öz içine alýandygynyň aýdyň beýanydyr. Hormatly Arkadagymyz hereket sazlaýjy yşyklar bilen tanşyp, olaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi, ýollarda sürüjiler we ýolagçylar üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu künjegiň abadanlaşdyrylyşyny we bezeg aýratynlyklaryny synlap, Akhan atly bedewiň heýkeliniň töwereklerinde ýerleşýän degişli desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Şunda heýkeliň yşyklandyryş ulgamyna, onuň gijeki görnüşleriniň özboluşly keşpde bolmagyna zerur üns berilmelidir. Umuman, bu künjegiň abadanlaşdyrylyşy we bezegi türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryna mahsus derejede ýerine ýetirilmelidir.

Häzirki döwürde Akhan atly bedewiň heýkeliniň daş-töwereginde ekilen baglar gül açyp, dürli gülleriň öwüşgini özboluşly gözellik döredýär. Ýazyň ilkinji buşlukçylary bolan gülleriň açylmagy bu künjegiň gözelligini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz Akhan bedewiniň heýkeliniň töwereginiň gözelligini nazara alyp, bu ýere bagt toýuny tutýan juwanlaryň gelip, ýadygärlik surata düşmekleri we şeýle pursatlaryň olar üçin ýatda galyjy görnüşlere öwrülmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde bagy-bossanlygyň, ýaşyl zolaklaryň döredilmeginiň wajypdygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz Arkadag şäherine degişli bolan ekerançylyk we üzümçilik meýdanlarynyň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde zähmet çekýän kärendeçileriň işini ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda dowam edip bilýändiklerini belledi.

Milli Liderimiz bahar paslynyň gelmegi bilen, türkmen topragynyň gözelleşýändigini, şu döwürde ýakymly howa gurşawynyň emele gelip, onuň adamlaryň täze zähmet üstünliklerine, beýik işlere bolan höwesini artdyrýandygyny aýdyp, ýaýlalaryň gözelliginiň ynsan ruhuny göterýän täsire eýe bolýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

(TDH 11.03.2023 ý.)