Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
575
09.06.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Müsür Arap Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we abadançylygyň, ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan ähli türkmen halkyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Müsüriň ilçisi türkmen parlamentiniň düzümi, amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, onuň alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ösdürilýän türkmen-müsür hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugur boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazih Ali Bahaeldin Al-naggari özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Nazih Ali Bahaeldin Al-naggarini Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Nazih Ali Bahaeldin Al-naggariniň tejribesi we ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan möhüm wezipäni mynasyp ýerine ýetirip, Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyny hem-de hormatyny gazanjakdygyna ynam döredýär.

Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, aýratyn-da, Size rowaçlyk, Türkmenistana ösüş we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdel Fattah Al-Sisi,

Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

TDH 07.06.2023 ý