Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine
781
12.06.2023

Mähriban ýaşlar!

Eziz talyplar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ylym ýolundaky ukyp-başarnyklaryňyz, güýç-gaýratyňyz hem-de yhlas-tagallalaryňyz özüniň ajaýyp miwesini bersin!

Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga uly üns berýäris. Bagtyýarlyk döwründe ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, ynamly gadamlar bilen öňe barýarys. Ylym ulgamynyň binýadyny has-da berkitmek, ony yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarys. Şol bir wagtda, döwletimiziň ösmegine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarys.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bagtyýar ýaşlary!

Bilim we ylym ulgamlarynda utgaşykly alyp barýan düýpli özgertmelerimiziň netijesinde ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda ylma we döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyz hakynda uly aladalar edilýär. Ýaş alymlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmekleri, netijeli ylmy işleri alyp barmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde hünärlerini kämilleşdirmekleri, özara tejribe alyşmaklary üçin ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim edaralaryna saparlara yzygiderli iberilýär.

Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, amaly endiklerini ýokarlandyrmagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmegine ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.

Hormatly ýaş alymlar!

Aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, täze ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan senagat-innowasion, maglumat-tehnologik barlaglaryň, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýändigine aýratyn buýsanýarys. Biz ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Siziň gazanýan üstünlikleriňiz döwletimiziň abraýydyr, halkymyzyň buýsanjydyr. Döwletimiz ýaş alymlary ylmy işlere hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ylmy ugurlary özleşdirmäge giňden çekmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary eder.

Mähriban ýaşlar!

Eziz talyplar!

Sizi Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünligiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, türkmen ylmyny ösdürmekde, ony belent sepgitlere ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

TDH 11.06.2023 ý