Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, degişli halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň 2021 — 2023-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde alyp baran işleri baradaky hasabaty girizildi. Türkmenistanyň Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzyň ekologiýany, suw serişdelerini goramak boýunça halkara we sebitara çärelere işjeň gatnaşmak boýunça tagallalarynyň nobatdaky beýanydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň alyp barýan ekologiýa we suw diplomatiýasyna laýyk gelýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň agzalary toparyň 2023-nji ýyl üçin meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryna garadylar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk esasynda dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýunça taýýarlyk işleriniň ýola goýlandygy barada aýdyldy.
Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagyna, olaryň goraglylygynyň üpjün edilmegine, köpeldilmegine we halkara derejede giňden wagyz edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda alabaýlaryň taryhyny we olaryň özboluşly aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Häzirki döwürde türkmen alabaýlary wepalylygyň we dostlugyň nyşany hökmünde halkara derejede ykrar edildi.
Abraýly ählumumy we sebit düzümleri bilen özara gatnaşyklar barada aýdyp, mejlise gatnaşyjylar Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Şol gatnaşyklar taryhy kökleriniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşan halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şeýle hem 2024-nji ýylda Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly maglumatlar aýdyldy.
Mejlisde geçen ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda bu guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.
Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Munuň özi ajaýyp eserlerinde parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi wasp eden türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyryna uly hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mundan başga-da, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Munuň özi bu şähere özüniň baý taryhyny, medeni mirasyny, syýahatçylyk kuwwatyny görkezmäge mümkinçilik berer, şeýle-de Türkmenistanyň ajaýyp ýerlerini dünýäde giňden wagyz etmäge goşant goşar. Şeýle wakalaryň TÜRKSOÝ-nyň çäklerindäki döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigi şübhesizdir. Bu bolsa türki dünýäniň medeniýetiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary we maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri çykyşynda özüniň wekilçilik edýän BMG-niň iri düzümleriniň biriniň Türkmenistan bilen geljekde-de netijeli dialogy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şu ýylyň maý aýynda onuň Türkmenistana amala aşyran saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygy nygtaldy.
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň bu düzümiň iri bölümlerindäki ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, hyzmatdaşlygyň sanly taslamalardaky mümkinçilikleri, maglumatlary alyşmak ýaly birnäçe möhüm meselelere garaldy.
Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolan taryhy, medeni we tebigy mirasy geljek nesiller üçin saklamak boýunça giň möçberli işleri alyp barýandygy nygtaldy. Aýratyn-da, 30 ýyllyk bilelikdäki işiň netijelerine, medeni-ynsanperwer ulgamdaky we taryhy mirasy gorap saklamak babatda tejribe alyşmak meselelerine üns berildi.
TDH 12.06.2023 ý