Şu gün Daşary işler ministrliginde paýtagtymyza iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşyk geçirildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy we yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwerlik ugry, hususan-da, bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasynda Türkmenistanda dil we medeni köpdürlülik boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm ädim boldy.
Ähtnamany durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alnyp, Merkezi Aziýada Bilim maksatnamasynyň çäginde Ýokary komissaryň edarasy bilen işjeň gatnaşygy dowam etdirmek teklip edildi. Onuň dördünji tapgyry şu ýylyň dekabrynda tamamlanýar. 2023 — 2025-nji ýyllarda bu Ähtnamany durmuşa geçirmek üçin Ýol kartasyny işläp düzmek barada ylalaşyk gazanyldy.
2021-nji ýylda kabul edilen 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň çägindäki hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi.
Şeýle hem 15-nji iýunda Aşgabatda geçiriljek “tegelek stoluň” başyndaky mowzuklaýyn söhbetdeşligiň gün tertibi barada pikir alşyldy.
***
Şu gün Daşary işler ministrliginde Aşgabatda saparda bolýan ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky we Eýrandaky wekili hanym Golda El-Huri bilen duşuşyk geçirildi.
Däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda gol çekilen Çarçuwaly Ylalaşygyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bu resminama bilim, ylym, medeni gatnaşyklary, şeýle hem ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Ýakyn wagtda amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar we çäreler özara gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Hususan-da, ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek halkara forumy guramak meselesine garaldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we ÝUNESKO-nyň ynsanperwerlik hem-de taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň baý tejribesine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary tassyklanyldy.
TDH 13.06.2023 ý