Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatyna iş sapary
QLW8ugskIdYUtq4G09tFzA0ZCDG6VDZ1xo343frfb0iFawhuHY_1686833730.jpg
668
15.06.2023

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, obasenagat toplumynyň düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilişi hem-de galla oragynyň depginleri bilen tanyşdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda-da daýhanlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan möwsüm guramaçylykly dowam edýär. Galla oragynyň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegi ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň, bereket bolçulygynyň üpjün edilmeginiň baş şertini emele getirýär. Kärendeçilik usulynda işleýän daýhanlaryň we obasenagat toplumynda işjeňlik görkezýän hususy önüm öndürijileriň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda bugdaýyň, beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyna hemmetaraplaýyn üns berilýär. Şeýlelikde, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýan we zähmet çekýän daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.

Ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Bugdaýly tejribe-tohumçylyk” daýhan birleşigine tarap ugrady.

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Ak bugdaý etrabynyň galla meýdanlarynda hem orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Möwsümiň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işleri ýola goýuldy. Bu bolsa galla oragynyň ýitgisiz hem-de gysga möhletde geçirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň awtoulagy Ak bugdaý etrabynyň “Bugdaýly tejribe-tohumçylyk” daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynyň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow hem-de ýurdumyza iş sapary bilen gelen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti I.Kuzmin, harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň başlygy Ç.Amanow, alym-agronomlar garşyladylar.

Milli Liderimiz myhmany türkmen topragynda mübärekläp, ýurdumyzda obasenagat toplumynyň düzümleriniň işini häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, şol bir wagtyň özünde, pudaga ylmyň täze gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýändigini belledi.

GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary Türkmenistanda daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Myhman 2019-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini nygtady. Onuň dowamynda alymlaryň, oba hojalygy boýunça hünärmenleriň özara duşuşyklary bolup, tohumçylyk-seçgi işini mundan beýläk-de ösdürmäge degişli pikir alşyldy diýip, myhman sözüni dowam etdi. Bu babatda türkmen ekerançylarynyň we oba hojalykçy alymlarynyň ýeterlik tejribe toplandygyny bellemeli. Munuň özi azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek meseleleriniň Türkmenistanda yzygiderli üns merkezinde saklanylýandygynyň aýdyň netijesidir diýip, myhman belledi we bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyna möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ç.Annaýew bilen gürrüňdeş bolup, onuň işi, ekin meýdanlarynyň ýagdaýy we durmuşy bilen gyzyklandy.

Kärendeçi daýhan özüniň 28 gektar ýeriniň bardygyny, kärendeçilere döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini aýdyp, bugdaýyň her gektaryndan 40 sentner töweregi hasyl alyp, döwlet harmanyna 112 tonna bugdaý tabşyrmagy meýilleşdirýändigini gürrüň berdi. Gallaçy daýhan döwletimiziň oba zähmetkeşlerine zerur goldaw berýändigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz daýhanyň bereket bolçulygyny döretmek ýaly asylly käriniň bardygyny belläp, döwletimiziň geljekde-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri daýhanyň ekerançylykdan başga näme bilen meşgullanýandygy bilen hem gyzyklandy.

Ç.Annaýew, öňi bilen, ýokary derejeli mümkinçilikler we şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ähli daýhanlaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, daýhançylykdan başga maldarçylyk bilen meşgullanýandygyny, gara mallary we dowarlary idedýändigini, şeýlelikde, maşgala agzalary bilen bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny uly buýsanç bilen gürrüň berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz daýhanyň haýyşy boýunça kemsiz ýetişen ak bugdaýdan “Bismilla” diýip, bir desse ordy. Ýygnananlaryň ählisi hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň göreldesine eýerdiler. Hormatly Arkadagymyz tejribeli daýhana çekýän asylly zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde Arkadagly Serdarymyzyň adyndan sowgatlary gowşurdy we daýhanyň çäjine bereket diledi.

Gahryman Arkadagymyz bugdaý dänelerini eline alyp, sahawatly topragyň bol hasyl eçilendigini, däneleriň dok bolmagynyň idegiň talabalaýyk ýerine ýetirilendigini görkezýändigini belläp, bu işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, önümçilige häzirki zaman ylmynyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine zerur üns bermelidigini nygtady we degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiz daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň miwesi bolan bugdaýly meýdanlaryň ýanynda galla oragyna girişmek üçin bu ýerde hatara düzülen kombaýnlary synlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri bugdaý oragyna girişmäge taýýar bolup duran mehanizator bilen gürrüňdeş boldy we onuň iş şertleri bilen gyzyklandy.

Mehanizator Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu kärde 15 ýyl bäri zähmet çekýändigini, döwletimiz tarapyndan satyn alynýan bugdaý orujy kombaýnlaryň telematik usulda işleýändigini, onuň içinde amatly şertleriň üpjün edilendigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda işleri döwrebap usulda guramak we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işleriniň toplumlaýyn esasda dowam etdirilýändigini, geljekde-de dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly hem-de dolandyryş babatda amatly tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynjakdygyny aýtdy we mehanizatora asylly işi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Önümçilige öňdebaryjy tejribeleri we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, bu ugurda oba hojalykçy alymlar bilen bilelikde iş alyp barmak meseleleriniň ähmiýetlidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şunda tohumçylyk-seçgi işleriniň kämilleşdirilmegine zerur üns berilmelidir. Daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti höweslendirilmelidir.

Soňra dünýä derejesinde iň kämil we ýokary öndürijilikli hasaplanýan kuwwatly tehnikalaryň işine badalga berildi. Olaryň sazlaşykly hereketi bilen daýhanlaryň yhlasly zähmetinden kemala gelen bol hasyl ýitgisiz ýygnalyp başlandy.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ekerançylary hemmetaraplaýyn goldamagyň oňyn strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, daýhanlarymyz, oba hojalyk önümlerini öndürijiler ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, hasyllylygy artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde, galla oragy möwsüminde ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän “John Deere”, “Case” we “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman bugdaý orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Bu tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler, çekilýän yhlasly zähmet özüniň oňyn netijesini berýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň barha rowaçlanmagynyň baş şertini emele getirýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurnalan bassyrmanyň saýasynda degişli ýolbaşçylar we ýurdumyzda bolýan myhmanlar bilen oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary, hojalygy dolandyrmagyň täzeçil usullary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Häzirki döwürde obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi tohumçylyk-seçgi işiniň talabalaýyk alnyp barylmagyna bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini, şunda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini belledi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda I.Kuzmin Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilere we agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelýändigini nygtady. Bu ajaýyp döwletde oba hojalykçylar, alym agronomlar topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek işlerini häzirki zaman ylmy esasynda alyp barýarlar. Şunda döwrebap ylmyň gazananlary bilen milli daýhançylyk tejribesiniň utgaşdyrylmagy çekilýän zähmetiň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Bu bolsa önümiň ýokary hilli bolmagyny we ekologik talaplara doly laýyk gelmegini şertlendirýär. Tohumçylyk-seçgi işleri barada aýdylanda, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şunda ýurdumyzda mekgejöweniň, ýorunjanyň we beýleki däneli ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berildi. Şeýlelikde, dänelik ekinleriň tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, bu ugurda halkara tejribäni özleşdirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, Türkmenistanyň bugdaýy eksport edýän ýurda öwrülýändigi aýratyn bellenildi. Munuň özi milli ykdysadyýetiň kuwwatlanýandygynyň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri obasenagat toplumynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini, toprakdan alynýan hasylyň möçberini artdyrmak ugrunda häzirki zaman tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, ekologik talaplara laýyk gelýän önümçiligiň ösdürilmegine zerur üns berilmelidir.

Şeýle hem bu ýerde guralan, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän ak bugdaýyň unundan taýýarlanylan çörek we çörek önümleriniň, güneşe baý Diýarymyzyň sahawatly topragynda bitýän bakja we gök önümleriniň, däneli ekinleriň tohumlarynyň sergisi edermen daýhanlaryň yhlasly zähmetinden döreýän bereket bolçulygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Sergide önümler bilen bir hatarda, däneli ekinleriň tohumlarynyň görkezilmegi obasenagat toplumynda tohumçylyk-seçgi işlerine möhüm ähmiýet berilýändigini aňladýar. Munuň özi bu ugurda ylmy-barlag işlerini alyp barýan, ekinleriň tohum aýratynlygyny ylmy esasda öwrenýän we tohumçylyk işini yzygiderli kämilleşdirýän alym agronomlaryň alyp barýan işleriniň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

TDH 14.06.2023 ý