"Ýaşlara ýolgörkeziji şamçyrag"
1842
25.01.2024

Täze ýylyň ilkinji günleriniň buýsançly wakalar, il bähbitli tutumly işler bilen başlanýandygyna, ýylyň-ýylyna şaýat bolup gelýäris. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatlary ýurdumyzda parahatçylykly, döredijilikli ösüşleri üpjün etmäge gönükdirilendir we bu ösüş ýoly halkymyzyň bagtyýarlygynyň kepilidir. Ähli ulgamlarda uly üstünlikler bilen jemlenen 2023-nji, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly-da syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwerler ugurlarda ýetilen belent sepgitler bilen taryhymyzda baky orun aldy. Bütin ýylyň dowamynda Garaşsyzlyk eýýamynda kemala gelen ýaş nesliň başarjaňlygyna, çuň düşünjesine, döwrebap garaýyşlaryna şaýatlyk edýän, göwünleri galkyndyrýan wakalaryň şaýady boldyk. 

Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň goldawy, ýaşlar üçin döredilýän uly mümkinçiliklere göz ýetirýän ýaşlarymyzyz öz zehinlerini, zähmetleri bilen döwletimiziň, halkymyzyň geljeginiň ygtybarlydygyny görkezdiler. Olar halk hojalygynyň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, halkara derejesinde sport, bilim bäsdeşliklerinde ýeňiş gazanyp, milli sungatymyzy, medeniýetimizi dünýä ýaýdylar. Ýaşlarymyzyň bu ýylda köpsanly halkara baýraklaryna, sylaglaryna mynasyp bolup, Ata Watanymyzyň at-abraýyny belende göterip, Ýaşyl Tugumyzy belende galdyrdylar.

2023-nji ýylda bitirilen işleri, gazanylan üstünlikleri beýan edýän, örän çeper bezelen we maglumatlara baý bolan “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitapdaky maglumatlar, garaýyşlar, pikirler Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň eziz Watanymyzyň, milli jemgyýetimiziň şu güni, geljegi baradaky maksatlaryna açyp görkezýär, belent wezipeleri amala aşyrmagyň anyk ýollary baradaky düýpli pikirleriniň beýany bolup durýar.

Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiz “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň maksady hakda şeýle belleýär: “Men bu kitabymda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylan beýik işler, olara ýaşlarymyzyň gatnaşmagy, şeýle hem geçilen ýollar, toplanan tejribeler hem-de ýerlikli hasaplan maglumatlarymyň, esasanam, halkymyz, Watanymyz baradaky pikir-garaýyşlarymyň käbirlerini siziň bilen paýlaşmaga müwessa bildim” diýip, belläp geçýär.

Döwrüň, taryhyň, halkyň öňe çykaran, Berkarar Döwletiň we milletiň geljeginiň, ýurduň Esasy Kanunynyň kepili bolup durýan döwlet Baştutanymyzyň pikir-garaýyşlary, jemgyýetiň öňünde goýan maksatlary bilen giňişleýin tanyş bolmak, elbetde biziň her birimiz üçin möhümdir. Munuň özi ynamly öňe gitmekde, il bähbitli işleri bitirmekde ruhlandyryjy güýçdir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiz “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ýaşlaryň orny, bitirýän işleri anyk maglumatlar bilen giňişleýin beýan edilýandigi üçin ol orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, ykdysady pudaklar, saglyk, sport, medeniýet ulgamlary we beýleki ugurlar üçin gollanma bolup durýar.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz bu kitap hakynda: “Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynynýaryn” diýip, belläp geçýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitabynyň baý many-mazmuny we bezeg aýratynlyklary, watansöýüji, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ähmiýeti, onda türkmen ýaşlarynyň geçen, 2023-nji ýylda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň, olar üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleriň beýan edilişi barada aýdyp geçilýär. Şeýle hem täze kitabyň okyjylara gowuşmagy, ähli türkmen halkynyň, aýratynlykda hem ýaş nesillerimiziň begenjini has hem arşa göterdi.


Jeren Atamyradowa,
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň
Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň
başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji,
Aşgabat şäheriniň Halk maslahatynyň agzasy

Nebit we gaz gazetinde çap edilen