Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
407
28.05.2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi.

Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda galla oragyna başlamaga, möwsümi guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görüldi. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça işler geçirilýär. Hasabatyň dowamynda häkim welaýatyň pileçi kärendeçileriniň pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini habar berdi.

Şeýle-de welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi hem-de gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, galla oragy möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda görkezmeler berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda welaýatda galla oragy möwsümine girişmäge, ony guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýeralma, beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Pile tabşyrmak boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý etmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine, Çagalary goramagyň halkara gününe, Bütindünýä welosiped gününe taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.

Welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Ýurdumyzda öndürilýän ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň möçberini artdyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinlere ideg etmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Welaýatyň ýüpekçi kärendeçileri tarapyndan döwlet harmanyna pile tabşyrmak işine girişildi. Mundan başga-da, häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda peýdalanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, zerur taýýarlyk işleri geçirildi. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işlerini geçirmek bilen birlikde, irki ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň hasylyny ýygnamak işi utgaşykly dowam edýär. Sebitde ýygnalan pile hasylyny pile kabul ediş bölümlerinde talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmeginiň, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça meýdanlarynda ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda galla oragyna girişmäge we bu möwsümi guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri geçirilýär. Hasabatyň dowamynda häkim welaýatyň ýüpekçi kärendeçileriniň 2024-nji ýylda döwlet harmanyna pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Mundan başga-da, welaýatda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine, Çagalary goramagyň halkara gününe, Bütindünýä welosiped gününe taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin taýýarlyk görülýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek, bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak, pile tabşyrmak baradaky bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we galla oragy möwsümine guramaçylykly girişilmegini, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekip, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ekerançylyk meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.


27.05.2024, TDH