Daýhanlara goldaw — zähmete sarpa
qhWtZCJJjv3AWHuJb4mwBqPmZ3fftj7LAAEOt6Fk9Frug1PXlu_1728040971.jpg
269
04.10.2024

 Oba hojalykçylaryň zähmet üstünliklerine beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bugdaý we pagta hasylyny öndürijilere döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berlip, olar bilen hasaplaşyklar wagtly-wagtynda geçirilýär. Bu ugurdaky tagallalar, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň iň döwrebap tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alnyp berilmegi, kärendeçileriň suw we mineral dökünler hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmek barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň güwäsidir. Döwlet tarapyndan berilýän şeýle goldawlaryň netijesinde, ýurdumyzda her ýylda uly üstünlikler gazanylýar. 2024-nji ýylda ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekilip, Watan harmanyna jemi 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak meýilleşdirilen. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyz boýunça pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi hem-de edermen pagtaçylarymyzyň milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekmegi netijesinde, möhüm möwsümde işler ýokary depginde alnyp barylýar.

        Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, şu ýylyň pagta hasyly üçin hasaplaşyklary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Türkmenpagta» döwlet konsernine Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan karz ugry açyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, pagta hasylynyň el bilen ýygylmagy üçin nah pagtanyň bir kilogramyna 1 manat we ýüpek pagtanyň bir kilogramyna 1,2 manat möçberinde hem-de nah pagtanyň bir tonnasyna ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 5000 manatdan, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4770 manatdan, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4550 manatdan, şeýle hem ýüpek pagtanyň bir tonnasyna ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 6700 manatdan, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6400 manatdan, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6100 manatdan tölegleriň bellenilmegi önüm öndürijileriň başyny göge ýetirdi. Häzirki wagtda önüm öndürijiler bilen 2024-nji ýylyň pagta hasylynyň el ýygymy boýunça hasaplaşyklar guramaçylykly alnyp barylýar. Bu bolsa pagtanyň öz wagtynda ýitgisiz ýygnalmagyna hem-de döwlet borçnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly goldaw berýär. Şeýle-de pagta ýygyjy kombaýnlardan netijeli peýdalanylmagy ýetişdirilen hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnamak işlerini guramaçylykly alyp barmaga şert döredýär.

       Döwletimiziň pul-karz syýasatynyň kämilleşdirilmegi netijesinde, nagt däl hasaplaşyklar ösdürilýär, bank ulgamyna dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrylýar. Müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, bankymyz gerek bolan ýerlerde bankomatlar, bank terminallary hem-de bank kartlary bilen üpjün edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň el ýygymy üçin tölegler hem-de pagtaçy kärendeçileriň girdejilerini hasaplaşmak nagt görnüşinde we bank kartlaryna geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

        Ýurdumyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hakynda edýän ýadawsyz aladalary üçin pagtaçy kärendeçilerimiziň hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklarynyň çägi ýok. Goý, türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda aýdyň ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Neder NEDEROW,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Karz syýasaty müdirliginiň oba hojalyk önümçiligini karzlaşdyrmak bölüminiň başlygy.