Taryhy ähmiýetli wakalara, şanly senelere beslenýän
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň
nyşany bolan türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmegine 32 ýyl bolýar.
Gysga döwrüň içinde milli manadymyzyň hümmeti barha artdy. Munuň özi türkmen
manadynyň ähli tarapdan ygtybarlydygyny we amatlydygyny görkezýär. Milli
manadymyz döredilende, oňa türkmen taryhynyň, medeniýetiniň gadymy nusgalary we
nyşanlary siňdirildi.
1993-nji
ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyz dolanyşyga girizildi. Şol günden bäri
türkmen milli manadynyň durnuklylygy Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm
şertleriniň biri boldy. Milli pul diňe bir söwda we hyzmatlar pudagynyň ölçegi
bolman, eýsem, döwletimiziň ykdysady howpsuzlygyny, milli ykdysadyýetiň
özbaşdak ösüş ýoluny saýlap alandygyny görkezýän nyşanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri-de bank
ulgamyndaky ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň esasy ugurlary bolan pul
dolanyşygyny kadalaşdyrmak we bank karzlaryny bermek arkaly hümmetsizlenmäniň
derejesine, maýa goýum işjeňligine täsir etmek bilen, durnukly ykdysady ösüşi
üpjün etmekden ybaratdyr. Şunda milli manadyň hümmetini saklamaga özboluşly orun
degişli bolup durýar.
Türkmen milli manady ykdysady ösüşe netijeli täsir edýän gural bolmak
bilen, ýurtda hereket edýän kada-kanunçylyga laýyklykda onuň dolanyşygyny ýola
goýmak we alyp barmak hemişe üns merkezinde durýar. Aýratyn-da, manadyň
hümmetiniň, satyn alyp bilijilik ukybynyň ýokary bolmagy bilen bagly
meseleleriň üstünlikli çözülmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu iş maýa goýum
syýasatynyň işjeňligine baglydyr. Hut şu nukdaýnazardan hem, döwlet
Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum işini hemişe üns
merkezinde saklamak bilen, netijeli çözgütler kabul edilýär. Aýratyn-da, geçen
ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň pul syýasatynda
düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Oňyn toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi
manadyň hümmetini berkitmäge, ýurdumyzyň eksport-import amallaryny amatly
şertlerde ýola goýmaga we uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmaga
mümkinçilik berdi.
Bank
ulgamynda milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmak, pul serişdeleriniň kadaly
dolanyşygyny üpjün etmek, ilatyň süýşürintgilerini goýumlara çekmek ýaly düýpli
işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň karz edaralarynyň ykdysadyýetimiziň
dürli pudaklaryna hödürleýän hyzmatlary we bank amallary ýurdumyzda ýokary
depginli ykdysady ösüşi gazanmak üçin ygtybarly maliýe çeşmesini döredýär.
Geçen
ýyllaryň dowamynda milli pul birliginiň satyn alyş ukybynyň üpjün edilmegi bu
ugra gönükdirilýän karz serişdeleriniň barha artmagyna getirdi. Munuň özi
ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklaryny ýeterlik möçberde pul serişdeleri bilen
öz wagtynda üpjün etmäge oňyn şertleri döredýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler
ýurduň maliýe-ykdysady ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, puluň kadaly
hereketini ýola goýmakda ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, 2008-nji ýylda
milli puluň daşary ýurt puluna ýeke-täk hümmetine geçilmegi, 2009-njy ýylda
manadyň denominasiýasynyň, 2015-nji ýylda onuň dewalwasiýasynyň geçirilmegi
milli puluň ykdysady ösüşdäki ornuny has ýokarlandyrdy.
«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin
Döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde dünýä
tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, sanly bank amallarynyň
görnüşleri yzygiderli artdyrylyp, hili has-da ýokarlandyrylýar. Milli bank
ulgamyndaky durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklaryň
gerimini giňeltmek, ulgamda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak,
bankomatlaryň, töleg terminallaryň sanyny artdyrmak esasynda milli
ykdysadyýetimizde pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyrmak, ony has-da
ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Dünýä
jemgyýetçiliginde «Sanly asyr» diýlip atlandyrylýan XXI asyryň iň täsirli
özgerýän üçünji onýyllygynda sanly bank hyzmatlarynyň barha artdyrylmagy we
olaryň döredýän mümkinçilikleriniň geriminiň yzygiderli giňelmegi pul bilen
bagly harajatlary kemeldýär, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeldýär, şeýle
hem pul dolanyşygynyň hereketini çaltlaşdyrýar. Raýatlaryň dünýäniň ösen
tehnologiýalaryna esaslanýan ygtybarly we amatly şertlerde bank hyzmatlaryndan
bökdençsiz peýdalanmagy üçin Türkmenistanyň bank ulgamynda hereket edýän töleg
ulgamyny kämilleşdirmek we birnäçe täze töleg-hasaplaşyk gurallaryny hödürlemek
boýunça işler döwrebaplaşdyrylýar. Banklarda puluň belli bir bölegi karz
görnüşinde hereket edýär. Bankyň karz gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, öz
gezeginde, diňe bir pul toplumynyň düzümine oňaýly täsir etmek bilen çäklenmän,
hojalyklaryň işine we ilatyň durmuş meseleleriniň üstünlikli çözülmegine hem
amatly şertleri döredýär. Şundan ugur alnyp, pul-karz gatnaşyklarynyň iň
netijeli ugurlaryny ösdürmek bilen bagly durmuşa geçirilýän işler ýurduň
ykdysady özgertmeleri, şeýle hem halkyň durmuş üpjünçiligi üçin örän wajyp
ähmiýete eýedir.
Her ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmen milli manadynyň güni dabaraly bellenilýär. Bu ugurdaky işleriň jemgyýetçilik talaplaryna laýyklykda ýola goýulmagynda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Altyn
DURDYÝEWA, Türkmenistanyň
«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ykdysady seljerme we maliýe
müdirliginiň baş hünärmeni