ŞALY - DÄNELI EKINLERIŇ NAÝBAŞYSY
15
20 sagat öň

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygynda gazanylýan her bir üstünlik ilatymyzyň abadan durmuşynyň binýadydyr. Ýurdumyzyň toprak-howa aýratynlyk-laryny nazara almak bilen, oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň artdyrylmagy, olardan bol hasyl almak ugrunda irginsiz tagallalar edilýär. Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin ýurdumyzda oba hojalygynda durmuşa geçirilýän oba maksatnamalaryna uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, ýylyň-ýylyna pagtadan, bugdaýdan, şalydan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alynýar. Oba hojalygy hem-de azyk bolçulygy üçin möhüm bolan şaly önümçiligi hem ýurdumyzda giňden ösdürilip ýetişdirilýär. 

     Türkmen topragy müňýyllyklaryň dowamynda zähmetiň hem ýeriň berekediniň sazlaşykly utgaşdyrylyp, bol hasyl alnyp gelinýän mekanydyr. Bu berekediň iň nusgawy görnüşleriniň biri bolsa şalydyr. Bu däneli ekinden ýylyň-ýylyna bol hasyl alynmagy diňe bir oba hojalygynyň özboluşly ugrunyň ösüşini däl-de, eýsem halkymyzyň  ýaşaýyş-durmuşynyň möhüm iýmit çeşmesi bilen üpjün edilmeginde hem giň mümkinçilikleri döredýär. Şalyçylyk — bu daýhanynyň halal zähmetiniň, güýç-kuwwatynyň, ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribesiniň aýdyň mysalydyr.

      Bereketli şalynyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlanmagy daýhanlary täze zähmet üstünliklere ruhlandyrýar. Şu giň gerimli şertlerden hyjuwlanyp zähmet çekýän daýhanlar ak bazar-larymyzy ak tüwi bilen yzygiderli üpjün edýärler. Netijede, daýhanlarymyz gurplanýar. «Daýhan baýasa ýurt baýaýar» diýlip, ýöne ýerden aýdylmandyr. Munuň özi bereket bolçulygyny alamatlan-dyrýan pähimli jümle bolup, il-ýurt bähbitli işleriň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. 

      Şaly – däneli ekinleriň naýbaşylarynyň biridir. Ýurdumyzyň şaly ýetişdirilýän meýdanlary, esasan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň çäginde ýerleşýär. Bu ýerleriň tebigy howa şertleri, suwaryş ulgamlary, toprak gurluşy şaly ösdürmäge örän oňaýly bolup durýar. Şaly ösdürip ýetişdirmek ýeňil iş däldir. Ol bol suwy, howany, ýylylygy, wagtynda köp idegleri talap edýän däneli ekinleriň biri hasaplanýar. Şu sebäpden hem bu işe «Suw bilen synag edilen hünär» diýilýär. Şeýle hem ýazdan güýze çenli dowam edýän bu zähmet möwsümi her bir daýhan ojagynyň rysgalyna bereket paýyny goşýar. 

      Hormatly Prezidentimiziň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly, agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek ugrunda Daşoguz we Lebap welaýatynyň edermen şalyçylary şaly ekişini bellenilen möhletde üstünlikli tamamlamak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Şalyçylyga ýöriteleşen bu sebitlerde «Müňbaş», «Nukus–2», «Bereket», «Elenga», «Awangard», «Nukus» ýaly şaly görnüşleri ýetişdirilýär. 

      Häzirki wagtda ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň ýyl saýyn özgermegi netijesinde tohumçylyk işinde hem uly üstünliklere ýetilýär. Hut şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzyň şalyçy daýhanlary özara tejribe alşyp, bu ugurdaky täzeçilliklerden yzygiderli habarly bolýarlar. Bu ugurdaky netijeli işler şaly ekininiň düzümini, hasyllylygyny baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Şaly düzümindäki krahmalyň mukdarynyň we ýokumynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Bu ekiniň dänesindäki krahmal örän ýokumly bolup, bedende aňsat özleşýär. Şalynyň duza çydamlylygynyň ýokary bolmagy ony şor ýerlerde ýetişdirmäge-de mümkinçilik berýär. Onuň basdyrylyp suwarylmagy netijesinde, topragyň duzy ýuwulýar. Şonuň üçin ony täze özleşdirilýän şor ýerlerde ösdürip ýetişdirmek has peýdalydyr. Netijede, şor ýeriň duzy gowy ýuwulýar we ony ekin dolanyşygynda has netijeli ulanyp bolýar. Şor ýerleri şaly ekmek bilen özleşdirmek suwy rejeli peýdalanmaga hem ýardam edýär. 

      Soňky ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeler şalyçylyk pudagynyň ösüşini täze derejä çykardy. Döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi, döwrebap tehnikalar, ýokary öndürijilikli tohumlar, täze suwaryş tehnologiýalary bilen daýhanlaryň yzygiderli üpjün edilmegi pudagyň işini ilerletmekde wajyp şertler bolup durýar. Döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler, hemaýat-goldawlar, döredilýän mümkinçilikler has netijeli işlemäge, ýokary hasyl öndürmäge oňaýly şertleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, suw, tohum, dökün meseleleriniň düýpli çözülmegi, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, dünýä meşhur ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň we iş gurallarynyň yzygiderli hem ýeterlik mukdarda satyn alynmagy, oba hojalygyna häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy tejribeleriniň we gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagy, çeken zähmeti üçin daýhan bilen hasaplaşygyň öz wagtynda geçirilmegi örän bellärliklidir. 

      Ýurdumyzda şaly öndürýän döwrebap kärhanalaryň döredilmegi içerki bazary pugtalandyrdy, eksport mümkinçiliklerini giňeltdi. Bu ugurda bereket bolçulygyny döredýän baýlygymyz bolan şalyny arassa ekologik talaplar we täze tehnologiýalar esasynda ekip ýetişdirmekde döwrüň möhüm usullaryndan peýdalanylýar. Damjalaýyn suwaryş, ýokary hasylly görnüşler, ekologiýa taýdan arassa önümçilik — bularyň hemmesi şalyçylykda netijeli işleriň alnyp barylýandygynyň şaýadydyr. Netijede, daýhanlaryň zähmeti ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýän uly güýje öwrülýär. 

      Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçalary tarapyndan «Türkmengallaönümler» döwlet birleşigi bilen şalyny döwlet satyn alyş nyrhlary boýunça döwlete tabşyrmak barada şertnama baglaşan şaly öndürijilere ekiniň 1 gektaryna edilýän harajatlardan ugur alyp, önümi ýerlemekden alnan girdejiniň hasabyna üzmek şertinde şaly hasylyny öndürmekde edilýän hyzmatlaryň we goýberilýän maddy serişdeleriň bahasy boýunça hasaplaşyk geçirmek hem-de «Türkmengallaönümler» döwlet birleşigine satyn alynýan şalynyň bahasy boýunça şaly öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek üçin ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň şaly öndürmek hakyndaky kararyna laýyklykda esasynda ýyllyk 2 göterim bilen karz serişdeleri berildi. Şonuň netijesinde, önüm öndürijiler tarapyndan tabşyrylan şaly hasyly üçin, biziň bankymyz tarapyndan önüm öndürijiler bilen gutarnykly hasaplaşyklar öz wagtynda bökdençsiz alnyp baryldy. 


Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet 

täjirçilik bankynyň Ykdysady seljerme we 

maliýe müdirliginiň Ykdysady seljerme

 we çaklaýyş bölüminiň baş hünärmeni