Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda iri binalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
jn1BRsd9qVqJ9mfBtDQKcgHb6zCHwhyV87duZhJBJzDwwnNpyc_1627115409.jpg
1653
22.07.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz täze ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de welaýat merkezinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Daşoguz şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Howa menzilinde welaýatyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belli estrada aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň çykyşlary bu ýerde guralan dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ýörite bellenilen ýere geçýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, biz zähmetsöýer adamlaryň ýaşaýan bereketli Daşoguz topragyna mukaddes Gurban baýramynyň bellenýän sahawatly günlerinde gowy sebäp bilen geldik diýip aýtdy.

Şu gün welaýat merkezinde täze ýaşaýyş jaý toplumyny, şeýle hem döwletli döwranymyzyň şaýady, toý-baýramlarymyzyň mekany boljak «Türkmeniň ak öýi» binasyny we beýleki birnäçe desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz hemmeleri mübärek Gurban baýramy hem-de täze binalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýandygyny belledi.

Döwlet Garaşsyzlygymyz bagtymyzyň gözbaşy, ösüşlerimiziň badalgasy, belent sepgitlerimiziň gönezligidir, halkymyzyň yhlasly zähmetiniň ylham çeşmesidir. Şoňa görä-de, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iri önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalar yzygiderli açylyp işe girizilýär diýip, milli Liderimiz olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň Halkara howa menzilini, Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyny görkezdi.

Geçen hepdede hem Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde döwrebap Halkara howa menziliniň düýbi tutulyp, welaýat merkezi Balkanabatda «Türkmeniň ak öýi» binasy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu gün bolsa ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda hem birnäçe iri desgalar, ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berilýär. Amala aşyrylýan bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir.

Şu gün Daşoguz şäherinde ulanmaga berilýän 15 sany dört gatly, 368 öýli täze ýaşaýyş jaýy häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk guruldy. Olarda ýaşamak, dynç almak, çagalary terbiýelemek üçin ähli şertler döredildi. Şolardan 48 öý ýaşaýyş jaýyna mätäç adamlara niýetlenip, bina edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, welaýat häkimliginiň buýurmagynda «Röwşen» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynda hem milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen täze gazanan üstünlikleri aýratyn sazlaşyk döredýär. Güneşli ülkämiziň demirgazyk welaýatynyň merkeziniň barha gözelleşýän görküne görk goşjak bu bina döwletli maslahatlary we dürli halkara çäreleri geçirmäge niýetlenendir. «Ak öýde» şanly seneleri, baýramçylykdyr toý dabaralaryny, şowhunly aýdym-sazly çykyşlary, at üstündäki oýunlary guramak üçin hem ähli şertler döredildi.

Özboluşly bina bu ýerdäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, 10 müň orunlyk sport toplumy, «Daşoguz» myhmanhanasy ýaly kaşaň desgalardan ybarat bolan täze binagärlik toplumynyň üstüni ýetirýär. Welaýat merkeziniň binagärlik gymmatlygyna öwrülip, adamlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolar.

Täsin desga şähergurluşyk sungatynyň häzirki talaplary we milli binagärligiň aýratynlyklary nazara alnyp, döwrebap gurluşyk serişdeleridir enjamlary ulanylyp guruldy. Ol ähli görkezijiler boýunça dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyz iri toplumyň ölçegleri barada aýtmak bilen, onuň üç müň orunlyk köpugurly zaldan ybaratdygyny belledi. Umumy meýdany 21 müň inedördül metre golaý bolan «Ak öýüň» beýikligi 40, ini hem 80 metre ýetýär.

Bina ýanaşyk ýerler hem doly abadanlaşdyryldy. Onuň daş-töweregine köp sanly pürli hem-de bezeg agaçlary oturdyldy.

Bu ýerde şeýle hem köpçülikleýin dabaraly çäreler geçirilýän bina ulanmaga berilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Mahlasy, şäheriň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagyny, gezelenç etmegini talabalaýyk guramak üçin ähli şertler döredildi.

Biziň baý medeni mirasymyz bar. Bu miras bolsa milletimizi jebisleşdirýän, Garaşsyz Watanymyzy düýpli özgertmäge ruhlandyrýan, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara eýerdýän uly güýçdür. Özboluşly medeni gymmatlyklarymyz her bir türkmen üçin mukaddes hem-de buýsanç çeşmesidir. Gözbaşyny halkymyzyň egsilmez ylhamyndan alýan milli medeniýetimiziň taryhy şöhratlydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

«Ak öýüň» bezeginde türkmeniň ak öýlerine mahsus bolan şekillendiriş usullary, hususan-da, haly gölleridir tärimleriň şekilleri ulanyldy. Onuň girelgesi hem milli däplerimiz esasynda bezeldi. Äpet gapynyň ýokarsynda eňsi halynyň şekili ýerleşdirildi. Ol mukaddes maşgala ojagynyň goragçysyny aňladýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakynda Balkan welaýatynda açylan Ak öýüň içi örän özboluşly, owadan bezelipdir, daşary ýurtlardakylardan birjik-de kem däl.

Asla, ähli welaýatlardaky «Ak öýler» biri-birinden owadan. Bu bolsa biziň ýaş binagärlerimiziň we dizaýnerlerimiziň ussatlyga ýetişendigine şaýatlyk edýär. Biz muňa örän guwanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Ak öý milletimiziň durmuş-medeni mirasy bolmakdan başga-da, döwletlilik ojagydyr. Maşgala agzybirliginiň, abadançylygynyň we türkmenleriň gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň özboluşly nyşanydyr. Geçmişde ençeme iri döwletleri gurup, ak öýlerden dünýä ýaýran merdana halkymyz öz öý-ojagynyň hormatyny hemişe gursagynda göterip, arzylap, aýap we gorap gelipdir.

Türkmeniň mukaddes ojagy bolan ak öý şekilinde gurlan bu bina halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň, uly hormat goýýandygynyň aýdyň mysalydyr. Döwürleriň baglanyşygynyň, müňýyllyklardan gelýän milli däplerimiziň dowamatlygynyň subutnamasydyr. Öz öý-ojagyny durmuşynyň özeni hasaplan ata-babalarymyz jaý toýlaryny uludan tutupdyr, şatlyk-şowhun bilen geçiripdir. Ine, bu gün biz hem şol gadymy däbe eýerip, bu binalary dabaraly açyp, ulanmaga berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlary hem-de ähli watandaşlarymyzy mukaddes Gurban baýramy, şeýle hem Daşoguz şäheriniň görküne görk goşjak, halkymyzyň milli gymmatlygy bolan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny “Gurbanlygyňyz kabul bolsun, täze jaýlar, «Ak öý» gutly-düşümli bolsun!” diýen sözler bilen jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, awtoulagda täze binalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem halk hojalygy toplumyny senagatlaşdyrmakda, tebigy serişdeleri özleşdirmekde, halkara ähmiýetli ulag ulgamyny ösdürmekde giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini görkezýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi durmuş maksatly gurluşyklaryň esasy ugruna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň baş maksady bolup durýar.

Milli Liderimiz möhüm binagärlik-gurluşyk taslamalary bilen tanşyp, olara zerur bolan bellikleri girizýär. Munuň özi ýurdumyzda ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy hakyndaky içgin aladanyň aýdyň subutnamasy bolup, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny aňladýar.

Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi ulanmaga berildi.

Olaryň hatarynda umumybilim berýän mekdepler we çagalar baglary, sport toplumlary, stadionlar, ähli amatlyklary bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary we dürli maksatly beýleki desgalar bar. Olar halkymyzyň öndürijilikli zähmetiniň, oňaýly ýaşaýşynyň we göwnejaý dynç alşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyň aýdyň netijesidir.

Şeýle hem bu ýerde özboluşly binagärlik çözgüdi bilen tapawutlanýan desgalaryň birnäçesi guruldy. Olaryň hatarynda Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de welaýat kitaphanasy, oba hojalyk instituty, “Ene mähri” merkezi, “Bagt köşgi”, suw arassalaýjy zawod, pagta egriji fabrik, köpugurly bazar, “Daşoguz” myhmanhanasy, zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhana we beýlekiler bar.

Häzirki döwürde sebitde durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň birnäçesi bina edilýär. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hem senagat we obasenagat toplumy, hususy telekeçilik ösdürilýär, oba ýerleriniň hojalyk düzümleri döwrebaplaşdyrylýar.

...Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy şäheriň günorta-günbatar künjegindäki Görogly köçesiniň ugrunda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde saklandy.

Bu köçäniň ugrunda welaýatyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Ruhyýet köşgüniň, metjidiň binalary ýerleşýär.

Hemmeler hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyzy çagalar joşgunly goşgy setirleri bilen garşylaýarlar. Täze gurlan döwrebap binalaryň her biriniň ýanynda ussat aýdymçylaryň we artistleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olarda türkmen halkynyň toý dessurlary, ajaýyp däpleri öz beýanyny tapdy.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — milli Liderimiz şowhunly el çarpyşmalaryň astynda dabaraly ýagdaýda täze ýaşaýyş toplumynyň toý bagyny kesýär.

3 gektardan gowrak meýdany bolan ýaşaýyş jaý toplumynda dört gatly jaýlaryň on bäşisi guruldy. Bu ýaşaýyş jaýlary ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna “Derkar” hojalyk jemgyýetiniň we “Merdana doganlar” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşdylar.

Daşoguz şäheriniň bu ýaşaýyş toplumynda durmuş düzümine degişli möhüm desgalar — çagalar baglary, oýun meýdançalary göz öňüne tutulypdyr. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.

Milli Liderimiz ýolugra häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän owadan binalary synlady.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy artistler milli baýramçylyk däp-dessurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar.

Soňra täze jaýa göçüp gelen köp çagaly bagtyýar maşgalanyň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bagtly jaý eýeleriniň öýünde myhmançylykda boldy.

Maşgalabaşy – kärendeçi Uzakbaý Esenow hormatly Prezidentimizi täze öýde garşylamagyň öz maşgalasy üçin uly mertebe hasaplaýandygyny aýtdy. Bagtly maşgalada 13 çaga — 8 ogul, 5 gyz kemala gelýär.

Uly ýaşly çagalar hem özleriniň bagtyýar durmuşy üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmagy arzuw edýändiklerini aýtdylar.

Körpeler bolsa özlerine mahsus mähirlilik bilen goşgy setirleri arkaly hoşallyklaryny aýtdylar.

Uzakbaýyň maşgalasy öz çagalaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň käbesi Ogulabat ejäniň mysalynda milli gymmatlyklara, däp-dessurlarymyza, watançylyga we zähmetsöýerlige hormat goýmak ruhunda terbiýeleýändigini buýsanç bilen gürrüň berdi.

Milli Liderimiz jaý eýelerinden täze öý, onda döredilen şertler barada pikirlerini sorady. Olar, öz nobatynda, ýurdumyzyň raýatlary barada edýän aladasy hem-de ýokary amatlylygyň häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän ajaýyp jaýda ýaşamaga döredilen mümkinçilikler üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Halkymyzyň mynasyp durmuş şertlerini üpjün etmek — döwletimiziň esasy wezipesi bolup, ýurdumyzda geljekde hem halkymyzyň abadançylygy, onuň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada alada etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze öýleriň eýelerini jaý toýy bilen gutlap hem-de sowgatlary gowşuryp, olara täze ojakda bagtly ýaşamagy, maşgala abadançylygyny, saglyk we üstünlikleri arzuw etdi. Bilelikde surata düşülenden soň, täze öýüň eýeleri, öz nobatynda, döwlet Baştutanymyza türkmen halkynyň asylly däbine eýerip, toý düwünçegini gowşurdylar.

Soňra milli Liderimiz täze binalaryň hatary boýunça ýoluny dowam etdi.

Şu günki dabaralaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar durmuş toýunyň şaýatlary boldular. Ýanynda dogan-garyndaşlary we köp sanly myhmanlary bolan ýaş çatynjalaryň peýda bolmagy bilen, şatlyk-şagalaňly, aýdym-sazly we tansly uly türkmen toýy ýaýbaňlandy. Asyrlaryň dowamynda emele gelen, nesilden-nesle geçip gelýän toý däp-dessurlary baýramçylygyň esasyny düzüp, olar türkmen halkynyň özboluşly milli mirasynyň aýrylmaz bölegidir.

Toýa gatnaşýanlar hormatly Prezidentimizi şatlykly we ruhubelentlik bilen garşylap, milli Liderimizi “Arkadaga şöhrat!” diýen sözler bilen mübäreklediler.

Ýaş çatynjalaryň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylamagy tötänden däldir. Çünki olara — ata-babalarymyzyň paýhasly däp-dessurlarynyň hem-de wesýetleriniň mirasdüşerlerine ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegi ynanylýar. Arkadag Prezidentimiziň çäksiz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň erkin we bagtly ýaşamagy, döredijilikli, ruhubelent zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzda ýaşlaryň bagtly, maşgala ojaklarynyň mäkäm bolmagy üçin ähli tagallalar edilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, jemgyýetimiziň esasyny düzýän maşgalany goldamak Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, onuň many-mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgede öz beýanyny tapýar.

Soňra milli Liderimiz awtoulagda “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezine tarap ugraýar.

Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri mähirli garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, döwletimiziň çagalaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň saglygyny goramak we berkitmek barada hemişe alada edýändigini, bu ýörelgeleriň bolsa, döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz biz bu maksatlar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys diýip aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şol gaznadan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň çagalar hassahanalary üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek hakynda karara gelendigini aýdyp, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz lukmanlar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamyny degişli halkara talaplara laýyklykda hünärmenler, derman we saglygy goraýyş serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilýändigini belledi.

Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarda gysga wagtyň içinde innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezleri, ýöriteleşdirilen klinikalar, şypahanalar guruldy. Şunuň esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş infrastrukturasyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň hatarynda welaýatda bina edilýän saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň — 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň möhüm orun eýelejekdigini aýtdy. Şeýle hem sebitde ekologiýa meselelerine uly üns berilýändigi bellenildi, munuň özi ilatyň saglygyny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Bu ugurda esasy wezipeleriň hatarynda — ähli durmuş tapgyrlarynda çaganyň saglygyny goramak, şeýle hem sanly we innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanan ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmek üçin göwnejaý şertleri döretmek bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri milli Liderimize ýaş raýatlaryň, halkymyzyň saglygy, onuň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak barada edýän ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin tejribelerini we bilimlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz iri dabaralary we medeni çäreleri geçirmek üçin niýetlenen “Türkmeniň ak öýi” binasyna tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmeniň ak öýi” binasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Röwşen” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Täze desganyň binagärlik keşbinde jaý gurmagyň milli däpleri we binagärlik sungatynyň häzirki zaman gazananlary sazlaşykly utgaşýar.

Ak öý — türkmeniň myhmansöýerliginiň, özboluşly taryhy-medeni mirasyň, gadymdan gelýän kökleri we gözbaşlary saklamagyň nyşany.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýagdaýy emele gelip, bu ýere köp sanly dabara gatnaşyjylar ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiz teatr artistleriniň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda täze taryhy döwürde aýratyn öwüşgine eýe bolan türkmen halkynyň gadymy dessurlar görnüşinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlara tomaşa etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly ýaşulular bilen “Türkmeniň ak öýüniň” binasynyň toý bagyny kesýär.

Milli Liderimiz binanyň içine girýär. Ol ýerde döwlet Baştutanymyzy çagalar joşgunly goşgulary bilen garşylaýarlar, şeýle hem çagalar milli saz gurallary topary uly ruhubelentlik bilen aýdymlary ýerine ýetirýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň bezeg aýratynlyklary hem-de umumymilli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanyşýar.

Täze binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Hususan-da, bezeg işleri ýerine ýetirilende, haly gölleri, türkmen öýüniň bezeg görnüşlerini ýatladýan şekiller ulanylypdyr.

Giň eýwanyň bezelişi ünsüňi özüne çekýär. Ol ýerde türkmeniň şekillendiriş sungatynyň nusgalary görkezilýär. Halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň iň gowy görnüşlerini özünde jemlän, çuňňur milli äheňli hem-de görnüşleri boýunça örän köpugurly nusgalarda gözüň eglenýär.

Şu gün bu ýerde halkymyzyň gündelik durmuşynda giňden ulanylýan öý-hojalyk esbaplarynyň sergisi guraldy. Sergide bezeg şaý-sepleri hem-de haly önümleri hem görkezilýär.

“Türkmeniň ak öýi” binasy 3 müň adama niýetlenen sadaka jaýyny, medeni-köpçülik çärelerini guramak üçin açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki toplumy we beýlekileri öz içine alýan tutuş toplumdan ybaratdyr.

Binanyň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylypdyr.

Bu bina häzirki zamanyň ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan arassa gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Ol ýurdumyzyň şäher gurluşygynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz täze bina bilen tanyşlygyny tamamlap, bu günki şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilýän ýerine barýar.

“Alkyş aýdýas Arkadaga” edebi aýdym-sazly kompozisiýa konsertiň özboluşly bezegi boldy. Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň hem-de welaýatyň birleşen folklor we tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren bu aýdymy Gahryman Arkadagymyza hakyky ählihalk söýgüsiniň we buýsanjynyň beýanyna öwrüldi.

Giňişleýin konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň ýeten belent derejesi, onuň örän köp dürli ugurlary şöhlelendirildi. Çykyşlaryň her biri ýokary döredijilik häsiýetine eýe bolup, tomaşaçylaryň ruhuny galkyndyrdy.

Welaýatyň çagalar we ýetginjekler toparlary “Biz bagtyýar bilbiller” atly aýdym-sazly kompozisiýany ýerine ýetirýärler. Çagalar çykyşlarynda özlerine bagtyýar çagalygy, pederlerimiziň belent däplerini ele almaga döredilen mümkinçilik hem-de ajaýyp geljege ynamy sowgat beren Watanymyza, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz söýgülerini beýan etdiler.

Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan hem-de biziň günlerimizde aýawly saklanylýan däplerini şöhlelendirýän halk aýdym-sazlary, ajaýyp horeografiýa kompozisiýalary hem-de folklor kiçi sahnalary, şonuň ýaly-da, nusgawy eserler konsert maksatnamasynyň esasy bölegini düzdi.

Bagşylar halkymyzyň milli sungatynyň köpöwüşginli eserlerini ýerine ýetirdiler. Artistleriň ýerine ýetiren özboluşly çykyşlary hiç kimi biparh goýmady.

Belli aýdymçylar we sazandalar öz çykyşlarynda eziz Diýarymyzy hem-de milli Liderimizi, täze taryhy eýýamyň belent döredijilik ruhuny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň mizemez jebisliginiň hem-de ösüşiň ýolunda amala aşyrylýan belent özgertmeleri wasp etdiler.

Aýdym-sazly çykyşlar ýörite häzirki zaman enjamlarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen döredilen bezeglere beslendi. Bu bolsa baýramçylyk çäresiniň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrüldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryny baýramçylyk konsertine gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

At üstündäki dürli oýunlar, akrobatik hem-de gimnastik tilsimler tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Meşhur behişdi bedewler ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň bezegidir. Tomaşaçylar her gezek behişdi bedewleriň gözelligine hem-de ýyndamlygyna, şonuň ýaly-da, çapyp barýan atyň üstünde dürli oýunlary ýerine ýetirýän oýunlaryna haýran galýarlar.

Halkymyzyň ençeme müňýyllyk taryhy ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gadymy döwürlerden bäri, şahyrlar hem-de sazandalar öz eserlerinde bedewe söýgini, onuň wepadarlygyny, gözelligini, düşbüligini, ýyndamlygyny wasp edipdirler.

Suratkeşler, heýkeltaraşlar, zergärler we beýleki sungat ussatlary bedewleri şekillendirmek bilen diňe bir tebigatyň bu ajaýyp gözelligini däl, eýsem, türkmen halkynyň ussatlygyny hem-de zehinini ebedileşdirýärler. Sebäbi şunuň ýaly kämil bedewleriň tohumyny kemala getirmek ençeme nesilleriň döredijiliginiň, biliminiň, sabyr-takatlylygynyň hem-de egsilmez döredijilik mümkinçilikleriniň netijesidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi Watanymyzyň döredijiligiň we gülläp ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň, halkymyzyň döredijilik paýhasynyň, milli mirasymyzyň dowamatlygynyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Ahalteke bedewleri milli hem-de dünýä medeniýetiniň gaýtalanmajak aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň gazanýan belent sepgitleriniň, pederlerimiziň arzuw-islegleriniň durmuşa geçirilmeginiň özboluşly şöhlelenmesi boldy.

Häzirki döwürde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen bu topar ençeme gezek iri halkara gözden geçirişleriň hem-de sirk sungaty festiwallarynyň abraýly baýraklarynyň eýesi boldy. Birnäçe gezek halkara Gran-pri baýraklaryna mynasyp bolan “Galkynyş” topary häzirki wagtda daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýedir.

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, bedewlerimiz hem-de türkmen atly ýigitleri daşary ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişlerde, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň ýeňijileri boldular. Biziň atly ýigitlerimiz Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda we beýleki ýurtlarda üstünlikli çykyş etdiler.

Umumadamzat medeni baýlygynyň bölegi hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen hem-de milli medeniýetiň sazlaşygyny we ruhuny özünde jemleýän “küştdepdi” tansy däp bolşy ýaly, täsirli çykyşlaryň birine öwrüldi. Ol welaýatyň döredijilik toparlary tarapyndan aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirildi.

Çärä gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Watanyň buýsanjy eziz Arkadag” atly aýdym bolsa dabaranyň jemleýji pursadyna öwrüldi. Ol tomaşaçylaryň kalbyny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza buýsanç duýgy bilen gurşap aldy.

Konsert tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu günki ajaýyp wakanyň şanyna Daşoguzda gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasyna täze awtobusy sowgat berdi.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, şanly senäniň — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň golaýlaşýandygyny belledi, şunuň bilen baglylykda, şu gün gadymy türkmen topragy – Daşoguz welaýatynda dabaralar geçirilýär.

“Türkmenleriň aýdyşy ýaly, toýlar toýa ulaşýar, ine, şu gün hem dabaralar Gurban baýramy bilen utgaşdy. Men siziň ähliňizi bu nurana baýram bilen gutlaýaryn, biz gadymy ýörelgelerimize we däp-dessurlarymyza sarpa goýmak bilen, bu baýramy belleýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de tebärek çykmagy haýyş edip, Türkmenistanyň müftüsine ýüzlendi.

Duz-tagam dadylandan soň, müfti baýramçylyk töwirini okaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri Gurban baýramy bilen gutlap, berlen gurbanlyklaryň Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi hem-de bagşylara, döredijilik toparlaryna gyzykly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şu gün döwlet Baştutanymyz Aşgabada gaýdyp geldi.

Şeýlelikde, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, senagat we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurulmagy ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny belent ösüş depginleri bilen garşylaýan türkmen halkynyň jebisligini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Bu wezipeleri bolsa eýýäm häzirden tiz we bilelikde durmuşa geçirmek gerek. Çünki milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklary bilen bagly bolan, sebitleri ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapýan giň gerimli maksatlar bu işde batly depginleri şertlendirýär.

(TDH 21.07.2021 ý.)