«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 ― 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek, bu ugurda banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatynda netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky geçen asyryň 20-nji ýyllarynda ýurduň çäginde döredilen ilkinji täjirçilik banklarynyň biri bolup, onuň döredilmeginiň esasy maksady, ýurtda oba hojalyk pudagynyň ösüşine, täjirçilik we önümçilik işi bilen meşgullanýan telekeçileri, hususy kärhanalary ösdürmeklige ýardam bermekden ybarat. Bank tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň çäklerinde, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmek we ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak, önüm öndürijilere edilýän bank hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek ýaly durmuş ähmiýetli işler ýokary işjeňlik bilen alnyp barylýar.
Häzirki wagtda bankyň 52 sany şahamçasy we 7 sany bank gullugy öz işjeňligini alyp barýar. Bank tarapyndan fiziki we ýuridik şahslara «Menzilara bank», «Kiçi göwrümli karz», «Talyp karzy», «Owerdraft karzy», «Toý» karzy, «Meleguş» pul geçirimi ýaly birnäçe hyzmatlary ýerine ýetirilýär. 2026-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň dowamynda bank tarapyndan berlen karzlaryň umumy möçberi 2 601,70 mln. manada ýetdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,76 göterim artdy. Şunuň bilen bir hatarda döwlete dahylsyz kärhanalara we hususy telekeçilere berlen karzlaryň möçberi 119,98 mln. manatdan geçdi, şol sanda önümçilik we önümçiligi giňeltmek maksatly berlen karzlaryň jemi möçberi bolsa 85,27 mln. manatdan geçdi. Bankymyz tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna dürli görnüşli karzlar dowamly berilýär. 2026-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň dowamynda raýatlara berlen karzlaryň umumy möçberi bolsa 1 759,93 mln. manada ýetdi, şol sanda raýatlara sarp ediş maksatly berlen karzlaryň möçberi 1 052,62 mln. manatdan geçip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56,23 göterim artdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary esasynda raýatlara hususy ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin uzak möhletli karz serişdeleri hem dowamly goýberilýär. Bank tarapyndan ilatyň erkin pul serişdelerini talap edilýänçä we möhletli bank goýumlaryna çekmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bank tarapyndan raýatlara goýumlaryň «Gadamy beýik gahryman», «Talap edilýänçä», «Gojalara hemaýat», «Galkynan daýhan» we «Goýum bank karty» ýaly görnüşleri hödürlenilýär.
Bulardan başga-da bu bank tarapyndan sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de elektron söwda hyzmatyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça hem işler alnyp barylýar, muňa mysal hökmünde müşderilere sanly ulgamda hödürlenilýän «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» we «Menzilara bank» hyzmatlary, «Meleguş» pul geçirim hyzmaty görkezmek bolar. 2026-njy ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýurdumyzyň bank kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 2 197,0 müňe ýetdi, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 göterim ýokarlandy. «Internet bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 472,6 müňe ýetdi, olaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,0 göterim ýokarlandy, «Mobil-bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany bolsa 22,6 müňden geçdi, olaryň sany geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende 33,4 göterim artdy.
Hasabat döwründe bankymyz tarapyndan bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», we «Halkbank terminal» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 2 613,5 mln. manada barabar bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,9 göterim ýokarlandy. 2026-njy ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasynyň üsti bilen müşderileriň «Onlaýn-karz» ýüztutmalary arkaly jemi 5,6 müňden gowrak müşderilere berlen karzlaryň möçberi 231,2 mln. manada deň boldy. Bankda ornaşdyrlan «Menzilara bank» ulgamy nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berýär. 2026-njy ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna «Menzilara
bank» ulgamynyň ýuridik şahslar we hususy telekeçiler boýunça müşderileriniň sany 5,3 müňden geçdi hem-de jemi 2 873,8 mln. manat möçberinde amallar ýerine ýetirildi. «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmak üçin raýatlarymyz banka bir gezeklik gelip, tölege degişli resminamalarynyň asyl nusgalaryny barlatmaly hem-de daşary ýurt pulunda goýum hasabyny açmak we ulanyjy döretmek barada ýüz tutmaly. Şeýlelik bilen bankyň www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasynyň «Onlaýn töleg geçirmek» bölüminiň üsti bilen sanly hyzmatyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanmak bolýar. «Menzilara bank hyzmaty» ulgamy ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleri geçirmäge, hasaplaryňyzyň
galyndysyny barlamaga, olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň, depozitleriň töleg tertibini görmäge, karz serişdelerine gözegçilik etmäge, bank bilen onlaýn tertipde aragatnaşyk saklamaga hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda bankyň sarp ediş maksatly we ýaş maşgalalara öý goşlaryny satyn almak üçin hödürleýän karzlary «Menzilara bank» hyzmatynyň üsti bilen onlaýn görnüşinde resmileşdirilýär. 2026-njy ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna bu ýüztutmalaryň sany 659 barabar bolup, müşderilere 23,9 mln. manat möçberinde karzlar berildi. «Menzilara bank» ulgamynyň üsti bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň «VISA» we «MasterCard» halkara bank kartlaryny onlaýn görnüşde doldurmaga mümkinçilik döredildi. 2026-njy ýylyň 1-nji iýun ýagdaýyna fiziki şahslar üçin «VISA» we «Mastercard» halkara töleg kartlaryny onlaýn görnüşde doldurmak ulgamynda 68,9 müňden gowrak müşderi hasaba alyndy. Bu ulgamy birikdirmek isleýänler bankyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilerler. Müşderiler tarapyndan degişli resminamalar doldurylandan soňra, bankdan ulanyjynyň adyny we açarsözüni alyp, ýörite internet sahypasyndaky salgylanma girizip, bu hyzmatdan peýdalanyp bolýar. Bu hyzmat ulgamy pul serişdelerini günüň islendik wagtynda ygtybarly dolandyrmaga hem-de wagty tygşytlamaga ýardam edýär. Elbetde şular ýaly hyzmatlaryň döredilmegi hem bankda işleriň giň gerimli alyp barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bulardan başga-da Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň çäklerinde, döwletimiziň ykdysadyýe-
tini ösdürmek üçin oba hojalyk önümlerini öndürijilerini maliýe taýdan goldamak, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmek, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriň daşary ýurtlara eksport mümkinçiliklerini we möçberini artdyrmak maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň hem-de kiçi we orta telekeçileriniň önümçilik
maksatly maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak, önüm öndürijilere ýerine ýetirilýän bank hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek ýaly durmuş ähmiýetli işler ýokary işjeňlik bilen alnyp barylýar we yzygiderli dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bank ulgamynda ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hili yzygiderli ýokarlandyrylýar, programma üpjünçiligi kämilleşdirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň
ýokarlanmagyna, täze hünär ugurly iş orunlarynyň döredilmegine, harajatlaryň peselmegine, maglumatlaryň elýeter bolmagyna we täze bazarlara çykmagyna mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam berýär. Internet arkaly ýerine ýetirilýän bank hyzmatlary müşderiler üçin wagty tygşytlamak, hakyky wagt tertibinde köp sanly amallary çalt amala aşyrmak, täze bank hyzmatlaryny görüp, saýlap bilmek, ýaşaýyş jaý, jemagat we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary üçin hasaplaşyklary geçirmek,
internet arkaly harytlary satyn almak ýaly artykmaçlyklary özünde jemleýär. Ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Altyn Durdyýewa
Bank habarlary, 2026-njy ýylyň 1-nji iýul ýagdaýyna