Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar.
Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini häzirki wagtda we geljekde durnukly saklamak, ilatymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak üçin, döwrüň soňky tehnologik ösüşlerine daýanyp, innowasion ýol bilen ösýän, sanly ykdysadyýeti kemala getirmek döwrümiziň esasy talaplarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda bank ulgamynyň sanly ykdysadyýetini ösdürmek, şonuň bilen birlikde müşderilere ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak we ulgamyň işiniň netijeliligini mundan beýläk-de artdyrmak esasy ugurlaryň biri hasaplanýar.
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynda öz müşderilerine ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça köp işler alnyp barylýar.
2021-nji ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna bankyň müşderileriniň ulanýan bank kartlarynyň sany 1,6 milliondan geçip, ýurdumyzda ulanylýan jemi bank kartlarynyň 37 göterimini emele getirýär.
Häzirki wagtda bank tarapyndan özleriniň ulanyş maksatlaryna görä dürli görnüşli bank kartlary arkaly hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Olardan mysal edip, “Goýum bank kartynyň” we “Maşgala” bank kartynyň aýratynlyklary barada aýtmak bolar. “Goýum bank karty” müşderilere özleriniň goýum kart hasaplaryna çäklendirilmedik möçberde nagt pul serişdelerini goýmaga we goýum kartynyň üsti bilen nagt däl tölegleri geçirmäge, bankomatlardan nagt pul serişdelerini almaga, şeýle hem müşderiniň arzasy esasynda, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ähli welaýat, etrap we şäher şahamçalarynyň üsti bilen goýum hasabyndaky pul serişdelerini nagt görnüşinde dolulygyna yzyna almaga mümkinçilik döredýär. “Goýum bank kartynyň” göterim derejesi 5 göterim möçberinde kesgitlenip, goşmaça möçberde nagt pul serişdelerini goýmak göz öňünde tutulan. Bu bank karty boýunça göterimler her aýda (her aýyň soňky gününde) hasaplanyp tölenilýär. “Maşgala” karty bolsa müşderileriň maşgala agzalaryna niýetlenen bolup, bu kart müşderiniň “Altyn asyr” bank kartyna birikdirilýär hem-de hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň aňryçäk möçberini özbaşdak kesgitläp bilýär. “Maşgala” bank kartynyň üsti bilen müşderi nagt däl hasaplaşyklary geçirip, şol sanda bankomatlardan nagt pul serişdelerini alyp bilýär.
Mundan başga-da bankymyz tarapyndan müşderilere hödürlenýän “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlarynyň gerimi hem barha giňeýär.
“Internet-bank” - internet ulgamynyň üsti bilen, kompýuterden islendik wagtda we ähli ýerde uzak aralykdan bank hyzmatlaryndan we degişli hasaplardan peýdalanmak mümkinçiligini berýän hyzmatdyr. “Internet-bank” hyzmaty bank kartyna baglanyp, web brauzerleriň üsti bilen ýa-da ýörite mobil programmalary arkaly girilýär. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin ilki bilen ýokarda ady agzalan islendik bank kartynyň hem-de internediň bolmagy ýeterlikdir.
“Mobil-bank” hyzmatynyň “Internet-bank” hyzmatyndan esasy tapawudy-ykjam telefonlar we planşetler üçin niýetlenen ýörite mobil programma arkaly işlemegidir.
“Internet-bank” ulgamyna web brauzerler arkaly girilýän bolsa, “Mobil-bank” ulgamyna ýörite mobil programma arkaly girilýär.
“Internet-bank” hyzmatynyň kömegi bilen islendik wagtda we islendik ýerde internet arkaly mobil telefon, öý telefon, IP TV, internet, karz üçin we beýleki tölegleri töläp bolýar.
“Internet-bank hyzmatynyň” amatly we bähbitli taraplary:
1) Bank hyzmatynyň gije-gündiziň dowamynda elýeterli bolmagy. Käte gündelik durmuşymyzda karzyň esasy bölegi we göterimini tölemek, telefon belgimize pul geçirmek, internet hyzmatynyň tölegini tölemek ýaly tölegleri gyssagly geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. Emma şol günüň dynç günlerine gabat gelenligi ýa-da iş wagtynyň gutaranlygy sebäpli töleglerimizi öz wagtynda geçirip bilmeýän ýagdaýlarymyz bolýar. Gysgaça aýdanymyzda biz töleg geçirmek babatda öz meýilnamalarymyzy edaralaryň iş wagtyna sazlamaly bolýarys. “Internet-bank” hyzmaty bolsa, günüň islendik wagtynda eleýeterliligi sebäpli, bu meseleleriň ählisini aradan aýyrýar.
2) Bank amallarynyň uzakdan, internediň üsti bilen “online” tertipde müşderileriň ýol çykdajylaryny we wagtyny tygşytlaýar. Mundan başga-da, müşderi bank amallaryny öýden çykmazdan amala aşyryp bilýänligi sebäpli, köpçülik ýerlerine baryp, töleg etmek zerurlygyny aradan aýyrýar we netijede döräp biläýjek köpçülikleýin ýaýraýan ýokanç kesellerden goranmaga hem amatly mümkinçilik döredýär.
3) Müşderi öz bank kart hasabynyň hereketi barada elmydama habarly bolup durýar. Beýle diýildigi müşderi elmydama öz bank kart hasabynyň girdejileri we çykdajylary barada elmydama habarly bolup, öz çykdajylaryny we girdejilerini derňemek arkaly, maliýe serişdelerini has-da netijeli peýdalanyp biler. Mundan başga-da bank hasabyndaky pul serişdeleriniň bikanun ulanylmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykan ýagdaýynda, bu barada dessine habarly bolýar we netijede özüniň hyzmat edilýän bankyna habar berip, hasaplaryny wagtynda togtadyp bilýär.
4) “Internet-bank”hyzmatynyň peýdaly tarapy zerur bolan pul serişdeleri bankomatlardan nagt görnüşinde almak zerurlygyny aradan aýyrýar. Bu bolsa, müşderiler üçin nagt pul serişdelerini almak we edilýän hyzmatyň çykdajylaryny tygşytlaýar hem-de kart hasabyndaky pul serişdeleriniň ulanylman duran döwri üçin her aýda, ýyllyk 5 göterim möçberinde hasaplanýan goşmaça girdeji getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has hem ösdürmek boýunça yzygider durmuşa geçirilýän özgertmeleri ykdysadyýetmiziň ähli pudaklaryna öz oňyn täsirini ýetirýär. Öz işlerini müşderiler bilen ýürekdeş, döwür bilen aýakdaş alyp barýan Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň agzybir işgärleri, şu ýyl 2021-nji ýyl - “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny, müşderilere ýerine ýeririlýän hyzmatlaryň hilini has hem ýokarlandyryp, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini mundan beýläk hem ösdürmäge mynasyp goşandyny goşup, her bir işgär bu şanly senäni öz zähmet üstünlikleri bilen garşylarlar.
Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän eziz Arkadagymyzyň başy dik, jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Daýanç Abaşow,
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik
bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň
Plastik kart bölüminiň başlygy