1991-nji ýylyň güýzünde gazanylan Garaşsyzlyk türkmen halkynyň taryhyndaky iň beýik bagt bolsa gerek. Şu güýzde 30 ýaşyny doldurýan beýik bagtymyz berkarar hem bagtyýar Türkmenistanyň ady bilen dünýä çykýar. Garaşsyz Türkmenistan ösüşiň iň dogry ýoluny saýlap, 30 ýylyň içinde asyrlara barabar sepgitlere ýetdi. Göwünlerde gül döredýän ösüşler milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynda öz miwesini berýär.
Garaşsyzlyk - dünýäniň syýasy kartasynda täze bir döwletiň peýda bolmagy bilen çäklenenok. Özbaşdaklygyny yglan eden döwlet ähli babatda garaşsyzlygyny ykrar etdirmeli. Öz ösüş ýoly, öz syýasy ugry, öz dili, milli nyşanlary, hatda öz milli puly bolmaly. Bu sananlarymyz we ýene-de sanawa goşaýmaly köp sanly aýratynlyklarymyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda durmuşa geçirildi.
Garaşsyz döwletiň ykdysady ösüşlerinde karz edaralarynyň döredilmegine we olaryň işini akylly-başly alyp barmaga uly orun degişlidir. Geçen 30 ýylyň içinde biziň ýurdumyzda hem karz edaralarynyň ― banklaryň köpüsi döredildi. Şolaryň arasynda düýbi 1995-nji ýylyň 10-njy martynda tutulan Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem bar.
Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu bank, esasan, ýurduň Oba hojalygyny maddy taýdan goldamak maksady bilen döredildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň oba hojalykçylarynyň agramly bölegi bu bankyň müşderileridir.
Aslynda, ýurdumyzyň taryhynda oba hojalyk pudagy bilen giňden meşgullanan we pudaga hyzmat etmek üçin birnäçe banklaryň aglaba bölegi hyzmat edipdir. Olaryň hatarynda 1923-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda döredilen Orta Aziýanyň Oba hojalyk bankynyň Poltorask agentligi we 1925-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan 1-nji oktýabry aralygynda hereket eden Aziýanyň Oba hojalyk bankynyň Türkmen agentligi hem bar.
Häzirki «Daýhanbankyň» asly hökmünde bolsa 1987-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda döredilen Agrosenagat banky görkezilýär. «Daýhanbank» mundan 34 ýyl ozal hut şu bankyň binýadynda döredildi.
Dürli ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilen özgertmeler «Daýhanbankyň» hem işiniň kämilleşdirilmegine ýol açdy. Egerde döredilen ilkinji günlerinde bank müşderilerine «Daýhanyň hasaplaşyk kitapçasy» diýilip atlandyrylýan resminama arkaly hyzmat eden bolsa, häzir hyzmatlar dolulygyna diýen ýaly sanlylaşdyryldy. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda müşderilerine «Altyn asyr» bank kartlary arkaly hyzmat edip başlady.
Häzirki wagtda bank öz iş ulgamynda sanly hyzmatlaryň uly toplumyna esaslanýar. Şol sanda karz we goýum ýaly hyzmatlaryň hem gerimi giňeldildi.
Bank tarapyndan müşderilere hödürlenilýän amatly goýumlaryň sany 10-dan geçýär. Olaryň arasynda «Talap edilýänçä» (çäklendirilmedik möhletde, çäklendirilmedik wagtda), «Gadamy beýik gahryman» (beýik Watançylyk urşuna ýa-da owgan urşuna gatnaşanlar üçin, ýyllyk 11 göterim), «Gojalara hemaýat» (pensiýadaky raýatlar üçin, ýyllyk 9 göterim), «Galkynan daýhan» (raýatlar, daýhanlar üçin, ýyllyk 10 göterim), «Möhletli» (ýyllyk 8 göterim) ýaly has bähbitli goýumlar hem bar. Goýum üçin serişdäni nagt ýa-da nagt däl görnüşinde hem geçirip bolýandygyny ýatladýarys.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Altyn asyr», «Goýum bank karty» bank kartlaryny saklaýjy müşderilerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilen tölegler boýunça «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň möçberini 2 göterim möçberinde ýokarlandyryldy.
Soňky ýyllarda işini has kämilleşdiren bankymyz diňe bir oba hojalykçylara hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, beýleki watandaşlarymyza hem giň hyzmatlaryny hödürleýär. Mysal üçin, «Rowaçlyk» goýumyndan islendik watandaşymyz peýdalanyp, perzentleriniň geljegini kepillendirip biler. Bu goýum arkaly perzendiňiz üçin goýan serişdäňiz, ol 18 ýaşaýança bank tarapyndan saklanylyp, 12 göterim artdyrylan görnüşinde perzendiňize gaýdyp berilýär.
Ýa-da bankyň şahsy seýfleri kärendesine berilýändigini hem ýatladýarys. Bu seýfleriň öýjükleri gymmat bahaly zatlary, şaý-sepleri we resminamalary saklamak üçin iň ygtybarly ýerdir. Bu seýfler bankyň ýörite gurnalan goraglylygyň ýokary derejesi bilen üpjün edilendir. Bank öýjüklere ýerleşdirilen delilnamalaryň we gymmatlyklaryň pugta we gizlin saklanjakdygyny doly kepillendirýär.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän karzlar bolsa, esasan, üç ugra ― şahsy taraplara, hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara niýetlenilendir. Bank şu ugurlar boýunça müşderilerine ýeňillikli karz hyzmatlarynyň 20-ä golaýyny hödürleýär. Olaryň arasynda «Owerdraft karzy», «Talyp karzy» ýaly karzyň täze görnüşleri hem bar.
Türkmen oba hojalykçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýarlar. Olary maddy taýdan goldamak we höweslendirmek bolsa, ilkinji nobatda Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň esasy wezipesidir. Müşderilerimize ýokary derejede we dünýäniň ösen talaplaryna laýyklykda hyzmat etmek üçin Hormatly Prezidentimiz bize ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Munuň üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Ähli watandaşlarymyzy ýetip gelýän uly toý ― mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen gyzgyn gutlaýarys!
Halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alada edýän, ösen innowasion tehnologiýalary ulanmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Altyn Durdyýewa,
Türkmenisanyň “Daýhanbank” döwlet
täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik we
maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni