Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Sammitine gatnaşdy
VTjOwfFoL7UkIobcc6FnsJv9a3MV3Ib3w8LkoJi4HktOqFejCQ_1636798011.jpg
1392
13.11.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeş) VIII sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasynda bolýar.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli gatnaşyklary artdyrýar. Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagynyň netijesinde, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, köptaraply oňyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine uly goşant goşýar.

Türki dilli döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzap gidýän taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu gün gadymy däp-dessurlar täze many-mazmuna eýe bolup, halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle gatnaşyklaryň esasynda hoşniýetli erk, rowaçlyga hem-de gülläp ösüşe tarap ägirt uly kuwwat we umumy ymtylyşlar durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Geňeşiň döwlet Baştutanlarynyň bu gezekki sammitine gatnaşmaga çagyrylmagy hem-de milli Liderimiziň bu guramanyň ýokary derejede geçirilýän maslahatlaryna birnäçe gezek gatnaşmagy sebit we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesiniň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyz Türki dilli döwletleriň Ýewraziýa yklymynda eýeleýän çäk taýdan uly giňişliginde netijeli söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmagy maksat edinýär.