Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi
FpSVa1eGA5ddSy9IjkGbFrnjDJlYXe9p8cHtNnkeeBeG4RYJDO_1638161609.jpg
1327
28.11.2021

Şu gün 28-nji noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, YHG-a girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplandy. Munuň özi uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär.

Türkmenistan sebit möçberinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, guramanyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de onuň çägini giňeltmäge, ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen, ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýanyň esasynda YHG-da başlyklygy amala aşyryp, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmagy maksat edinýän çemeleşmäni görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitini 28-nji noýabrda, YHG-nyň gününiň bellenilýän gününde Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyjyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini ýatlatmalydyrys. Milli Liderimiz bu teklibi guramanyň şu ýylyň 4-nji martynda sanly ulgam arkaly ýokary derejede geçirilen 14-nji duşuşygynda beýan etdi.

Sammitde durmuş ulgamyna uly üns berildi. Bu ugurda anyk pikirler we teklipler beýan edildi. Mundan başga-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek meselelerinde tagallalaryň mundan beýläk-de birleşdirilmeginiň wajypdygy nygtaldy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz YHG-nyň çäklerinde howply ýokanç kesellere garşy göreşmek ulgamynda tejribe, usullary we işläp taýýarlamalary alyşmagyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny belledi.

Ynsanperwer-medeni ulgam işjeň döwletara gatnaşyklaryň däp bolan ugry bolup durýar. Munuň özi YHG-a agza döwletleriň halklarynyň medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylary şu berk taryhy binýada esaslanyp, ýokarda agzalan ulgamlarda uzak möhletli geljek üçin netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly we netijeli ýagdaýda geçen YHG-nyň 15-nji sammitiniň döwletara gatnaşyklary ilerletmekde we ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirildi.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň gerimli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Ýurdumyz munuň üçin bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda yzygiderli ädimleri ädip, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar.