Hormatly müşderiler!
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, bank
hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, raýatlarymyzy maliýe taýdan goldamak maksady
bilen, «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilerine «Owerdraft» bank karzyny
hödürleýär.
«Owerdraft» bank karzy - bu ýyllyk 10 (on) göterimli,
bankyň müşderileriniň «Owerdraft» bank kart hasabynyň üsti bilen berilýän gysga
möhletli karz bolup, karz alyjynyň zähmet hakynyň möçberiniň 50 (elli)
göteriminden ýokary bolmadyk möçberinde berilýär.
Müşderileriň «Altyn asyr» bank kart hasabyna zähmet haky
geçirilenden soňra, «Owerdraft» kart hasabynyň üsti bilen berlen karzyň esasy
bergisi we oňa hasaplanan göterimleri awtomatiki usulda tölenýär.
«Owerdraft» bank karzy şertnama esasynda 1 (bir) ýyl möhlete
resmileşdirilip, her 30 (otuz) günden köp bolmadyk döwür aralygyny öz içine
alýar.
Eziz ildeşler! Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, Sizi «Owerdraft»
bank karzynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar!
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:
Aşgabat şäheri: 38-03-79, 24-44-55;38-02-83.
Ahal welaýaty: 8-00137-33-4-39;
Balkan welaýaty:8-00246-5-21-51;
Daşoguz welaýaty: 8-00322-9-35-07;
Lebap welaýaty: 8-00422-9-13-48;
Mary welaýaty:
8-00522-6-76-40.