Köpçülikleýin ekologik çäreler Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr
KTY4xxj0dCN58lEdidyced2u5A0ZJDfZLxjy0Ugl1NvtJFwLZj_1649240598.jpg
1004
06.04.2022

Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş etdiler. Onuň çäklerinde şu ýylyň 4-nji aprelinden 11-nji apreli aralygynda sagat 08:00-dan 18:00-a çenli paýtagtymyzyň köçelerinde şäheriçi awtobuslardan we ýeňil taksi ulaglaryndan, şeýle hem ilata hyzmat edýän beýleki jemgyýetçilik awtoulaglaryndan başga ulaglaryň hereketi çäklendiriler.

Ekologik abadançylyk baradaky alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr.

Giň gerimli ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda howa ýagdaýy ep-esli gowulandy. Diýarymyzda her ýyl ýaş agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine badalga berilýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde eýýäm “ýaşyl” zolak emele gelip, Aşgabady awtoulaglaryň bölüp çykarýan gazlarynyň, tozanly ýelleriň ýaramaz täsirinden goraýar hem-de howanyň hilini gowulandyryp, biodürlüligi gorap saklamaga we artdyrmaga ýardam berýär.

Diýarymyzda welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly ajaýyp däp ýola goýuldy. Şol çärelere ulag sürüjileri bilen birlikde, türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşýar. Sürüjiler çäräniň geçirilýän döwründe ulag serişdelerinden peýdalanmaýarlar, bu bolsa ekologik ýagdaýa oňyn täsir edýär.

Welosipedli ýörişler durmuş, sport hem-de ekologik maksatly dürli taslamalary we pikirleri goldamak babatda ençeme ýurtlarda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň meşhur görnüşleriniň biridir. Şoňa görä-de, olar Türkmenistanda hem şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylaryny birleşdirýär.

Welosipedli ýörişe isleg bildirýänleriň hemmesi — sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlary işjeň gatnaşýarlar. Şonuň bilen birlikde, ekologiýa ugry bu çäräniň möhüm düzüm bölegidir.

Türkmenistanda geçirilýän welosipedli ýörişler ilatyň saglygyny pugtalandyrmaga hem-de welosiped hereketini wagyz etmäge ýardam berýär. Şeýle çäreler oňa gatnaşyjylara sportuň özlerine ýakyn görnüşi bilen meşgullanmaga mümkinçilik berýär, dynç alyş hem-de wagyz işlerini utgaşdyryp, ajaýyp ruhubelentlik güýjüni peşgeş edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologik çäreler tebigata aýawly garamak boýunça asylly däpleriň mynasyp dowamydyr.