Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.
Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleri barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde gurulýan desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda 7 gatly 28 öýli, 56 öýli we 42 öýli, 9 gatly 54 öýli, şeýle-de 5 gatly 30 öýli hem-de 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde ýerleşdirilmegi teklip edilýän söwda dükanlarynyň, hyzmat ediş öýleriniň taslamalary bar. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagynyň we öz wagtynda tabşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow desgalaryň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, olaryň gurluşygynda we timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygyny belledi. Şol serişdeler ygtybarlylygy, uzak möhletleýinligi, ekologik taýdan talaplara dogry gelýändigi, owadanlygy, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklygy bilen tapawutlanmalydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, aýry-aýry ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna, resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem täze şäheriň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen bagly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat bermek üçin, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory D.Orazowa söz berdi. Ol Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi.
Sebitde iň iri we ägirt uly ähmiýeti bolan bu taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýär. Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bar. Täze welaýat merkezinde sanly ulgam hem-de öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasy ornaşdyrylar.
Welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň hususy kärhanalar — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilýändigini bellemek ýerlikli bolar.
Direksiýanyň ýolbaşçysy gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek we ony bellenen möhletde tamamlamak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Gurluşygyň Baş meýilnamasyna laýyklykda, welaýat merkezinde köp sanly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan gurluşyk işleriniň taslama laýyklykda alnyp barlyşyna, hiline, şeýle hem “Ýurdumyzda gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýan desgalarda ýiti ýokanç kesellere garşy öňüni alyş çärelerini guramagyň Tertibiniň” talaplarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiline we gurluşyklaryň möhletleriniň berjaý edilmeýändigine nägilelik bildirip, gurluşygyň depginlerini güýçlendirmegi we olary bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrmagy wise-premýerden berk talap etdi.
Desgalaryň gurluşygynda we timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Olar ýerli tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara, aýratyn-da, milli bezeg aýratynlygyna hem-de berklik, oňaýlylyk talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Döwlet Baştutanymyz täze şäheriň desgalarynyň gurluşygynda işleýän gurluşykçylaryň işi we dynç alşy üçin zerur şertleriň döredilmelidigini hem belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda bu ýerde köp sanly binalaryň we desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Olaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda gurulýan welaýat söwda toplumynyň binasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň 132-si, söwda-dynç alyş merkezi, myhmanhanalar, şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş maksatly özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalaryna dürli maksatly binalaryň, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygynyň ynanylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň maliýeleşdirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlaryna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynyň, dürli binalaryň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda ulanylýan enjamlary we beýleki serişdeleri satyn almak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hasabat berildi.
Wise-premýer ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamyna degişli gurluşyklarda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi. Hususan-da, merkeziň gurluşygynyň birinji tapgyrynda edara ediş binalarynyň 6-synyň, şol sanda maliýe-ykdysadyýet toplumynyň, Merkezi bankyň, “Daýhanbank”, “Türkmenistan”, “Halkbank”, “Senagat” täjirçilik banklarynyň welaýat şahamçalarynyň gurluşyklary dowam edýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryna, jemgyýetçilik guramalaryna degişli gurluşyk işleri barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda hersi 320 orunlyk çagalar baglarynyň 10-sy bar. Bu ýerde gurulýan lukmançylyk edaralarynyň binalary dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagyny, döredijilikli zähmet çekmegini hem-de göwnejaý dynç almagyny ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Munuň özi täze taryhy eýýamyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport desgalarynyň gurluşygynyň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegi talap edip, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy hem-de bu işe ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny we mugallymlaryny çekmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde medeniýet ulgamyna degişli binalaryň, şeýle hem iki sany ýedi gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işleriniň batly depginlerde alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.
Bu ýerde medeniýet toplumynyň edara binasynda, şeýle hem kitaphanada häzirki wagtda tehniki işler alnyp barylýar. Drama teatrynda gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär. Ahal welaýat muzeýinde gymmatlyklaryň sergi bölümleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly degişli işler alnyp barylýar. Gurulýan Çagalar sungat mekdebinde, Ýörite sungat mekdebinde timarlaýyş we inženerçilik ulgamlarynyň gurnama işleri ýerine ýetirilýär. Ahal atçylyk sirkinde enjamlary ornaşdyrmak işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeni maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň aýratynlyklaryna ünsi çekip, olaryň ýörite tehnologik enjamlar we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi barada habar berildi. «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 3G we 4G ülňülerinde işleýän iberiji-kabul ediji, GPON ulgamlaryny hem-de IP TV ulgamyny gurnamak göz öňünde tutulýar. «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýedi gatly, 28 öýli hem-de 56 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň gurluşygy alnyp barylýar.Täze, döwrebap edara ediş merkezinde sanly tehnologiýalary we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak arkaly, “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Akylly öý» ulgamynyň tehniki tabşyrygy taýýarlanyp, elektrik energiýasy, gaz üpjünçilik ulgamy we agyz suwy üçin tölegleri sanly ulgam arkaly geçirmek üçin niýetlenen enjamlary peýdalanmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agentligiň ýolbaşçysyna ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde obasenagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň buýurmalary esasynda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmasy esasynda Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşyk işlerini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, harby gullukçylar üçin ýokary derejeli şertleri üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň welaýat bölümleriniň häzirki zaman binalarynyň 9-synyň, şeýle hem bu düzümleriň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň 4-siniň gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barlyşy baradaky hasabatlaryň diňlenendigini, täze şäheriň döwletimiz üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetiniň bardygyny belledi. Häzirki döwürde dünýäde tutuş bir şäheri gurup, ulanmaga berýän döwletler köp däldir. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygyna, hünärmenlerimiziň taýýarlygynyň gowudygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowa, aýry-aýry desgalaryň gurluşygyny gysga wagtda tamamlamak maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gözegçiliginde goşmaça işçi güýjüni çekmek, hünärmenleriň sanyny artdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz şäheriň bezeg işleri bilen bagly hem käbir meseleler barada aýdyp, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi sanly ulgamy bolan täze şäherdir. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe we wise-premýer S.Toýlyýewe bu ýerde sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi döretmek, bu işe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, talyplaryny çekmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, täze şäheriň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny belledi. Indi onuň gurluşygynyň örän möhüm ikinji tapgyry başlanýar. Bu tapgyrda şäheri abadanlaşdyrmak we ilaty göçürip getirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe guramaçylyk meseleleri çözülmelidir. Munuň özi desgalary kabul edip almakdan, dürli edaralary, şeýle hem şäheriň dolandyryş edaralaryny, ýaşaýjylary göçürip getirmekden we başga-da birnäçe meselelerden ybaratdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gurluşygy tamamlamagyň guramaçylyk meselelerini çözmek we bu işleri utgaşdyrmak üçin, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetini döretmek barada Karar kabul edildi. Bu komitete D.Orazow ýolbaşçy hökmünde bellenildi. Ol gurluşygyň başlanan gününden bäri bu ýerde Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory wezipesinde işleýär. Döwlet Baştutanymyz oňa işde üstünlik arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, täze şähere mynasyp at dakmak barada aýtdy hem-de bu meseläni tutuş halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň häkimligini döretmek we şäheriň häkimi wezipesine Ş.Durdylyýewi bellemek kararyna gelendigini aýdyp, degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde harby we hukuk goraýjy edaralar üçin niýetlenýän edara binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň öz wagtynda hem-de hil taýdan bildirilýän talaplara doly laýyk gurulmagyna, şol sanda bu binalaryň ýanaşyk ýerleriniň hem abadanlaşdyrylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Edara binalarynyň ählisiniň, esasan hem, welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň hem-de ýangyna garşy göreş gullugynyň binalarynyň zerur enjamlar, sanly tehnologiýalar, iş otaglarynyň zerur serişdeler bilen üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanmalydyr.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň birnäçe möhüm meselelere garalan we degişli resminamalar kabul edilen giňişleýin göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Bu giň möçberli taslama Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2019-njy ýylyň aprel aýynda badalga berlendigini ýatlatmalydyrys. Bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur şertleriň döredilmegi esasy ýörelge bolup durýar. Şeýlelikde, bu smart-siti — “akylly” şäher hemmeler üçin amatly bolar.
Bu innowasion taslamany amala aşyrmakda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ölçegleri öz beýanyny tapýar. Şol maksatnamada dünýäniň hem-de ýurdumyzyň öňdebaryjy tejribesini işjeň ulanmaga, täsin we özboluşly binagärlik hem-de inžener-tehniki çözgütlere, milli binagärligiň iň gowy däplerine aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen birlikde adamlaryň abadançylygynyň we sagdynlygynyň möhüm şerti hökmünde ekologik ugra uly ähmiýet berilýär. Täze welaýat merkezinde 12 müň 324 maşgala niýetlenen 2, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ata Watanymyzyň ähli sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berildi. Paýtagtymyz bilen birlikde welaýatlaryň şäherleriniň we obalarynyň düzümi döwrebaplaşdyrylýar, ähli ýerlerde oňyn tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi Türkmenistanda durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar şol syýasatyň esasy ýörelgesidir.
Şeýlelikde, ýakyn geljekde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, döredijiligiň, ösüşiň ýoly bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ynamly ädiminiň aýdyň nyşanyny alamatlandyrýan täze şäher emele geler.
(TDH 28.04.2022 ý. )