Ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
7qDEyvOavRAOK1Doxd7ohBcZFD01yJmgfM5fihFSx8LgPRmd7k_1654007164.jpg
1151
29.05.2022

Şu gün ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli birnäçe çäreler guraldy.

Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýmagyň nyşany hökmünde geçirilýän bu baýram zehinli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Ussat halyçylar özleriniň yhlasly zähmeti bilen ajaýyp halylary döredýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu baýram amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleriniň we halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygyny, geljek nesillere ýetirilýändigini alamatlandyrýar.

Milli halyçylyk sungatynda türkmen halkynyň maksada okgunlylyk, ruhubelentlik ýaly häsiýetleri jemlenýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryndaky haly gölleri türkmen halkynyň agzybirligini, bitewüligini, milletimiziň paýhasyny we ajaýyplyga bolan yhlasyny hem-de özboluşly sazlaşygyny äşgär edýär.

Baýramçylyk mynasybetli guralan esasy çäreler paýtagtymyzda boldy. Bu ýerde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisi geçirildi, ol “Arşyň nepisligi — türkmen halysy” diýlip atlandyryldy. Ýurdumyzyň söwda toplumynda sergi guraldy we sungat eseri bolan ajaýyp halylary dokaýan ussat halyçylary sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmen halylarynyň hormatyna guralan çäreler milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň gazananlary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi.

Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary hem-de edebi-sazly kompozisiýalary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijiler we belli estradaçylar myhmanlary belent owazly aýdym-sazlary bilen garşyladylar.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän üç günlük serginiň açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn düzümleriň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet, sungat işgärleri hem-de ussat halyçylar gatnaşdylar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda: “Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, halkyň dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň aýdyň nyşanydyr” diýlip bellenilýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gorap saklamak üçin möhüm şertler döredilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Bu ýerde guralan sergi haly we dokma pudaklaryny, söwda toplumyny ösdürmegiň ýolunda gazanylýan üstünlikleriň, öňdebaryjy tehnologiýalary, täzeçil işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň hasabyna hereket edýän düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guran sergisiniň çäklerinde “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly önümleriňdir harytlaryň örän köp görnüşleri görkezildi.

Sergi Gündogar halklarynyň köpasyrlyk däpleriniň özboluşly dowamyna öwrüldi. Gadymy söwda ýollary, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoly döwletleriň arasynda diňe bir ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant bolman, eýsem, täze açyşlarydyr usullary giňden wagyz etmekde hem ähmiýetli bolupdyr.

Ýurdumyzyň söwda toplumynyň wekillerine hem-de işewür toparlara öz önümlerini, hyzmatlaryny görkezmäge, hyzmatdaşlar bilen giň gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreden serginiň köptaraply häsiýete eýe bolmagy onuň esasy aýratynlygydyr. Şeýle hem sergi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny tassyklaýar.

Ýeňil we azyk senagatynyň wekilleriniň bölümlerinde türkmen topragynda bitýän datly önümleriň dürli görnüşlerine orun berlipdir. Bu ýerde döwlet edaralary bilen bir hatarda, hususy düzümler hem öz harytlaryny görkezýärler. Halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginde ulanylýan täze tehnologiýalara bagyşlanan bölümler has-da özüne çekiji boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň önümleriniň köp görnüşli bolmagy ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ýurdumyzda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy şerti hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu pudaga hemmetaraplaýyn goldaw bermek we onuň işini kämilleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berýär. Türkmenistan häzirki döwürde hususy eýeçiligiň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ony dünýä bazaryna çykarmak babatda oňyn tejribe toplady.

Ýurdumyzyň iri hususy kärhanalary sergide öz önümlerini, dürli görnüşli et, şöhlat, süýt we çörek önümlerini, miwe suwlaryny, şerbetleri we doňdurmalary görkezdiler. Sergi bu ýere gelýänleri telekeçileriň söwda hem-de hyzmatlar ulgamynda gazanýan üstünlikleri bilen hem tanyşdyrdy. Paýtagtymyzyň iri söwda merkezleriniň bölümlerinde görkezilýän önümler we hyzmatlar munuň aýdyň beýanydyr.

Arassa deriden we gön önümlerinden taýýarlanylan häzirki zaman aýakgap önümçiligi sergide möhüm orny eýeleýär. Şeýle hem halk senetkärleriniň işleri, halyçylyk babatda ýerine ýetirilýän işler, sowgatlyk önümleriň önümçiligi köpleriň ünsüni özüne çekýär. Köp sanly telekeçiler milli lybaslary, bezeg şaýlaryny we keşdeleri, şeýle hem taryhy ýerleriň, ýurdumyzyň döwlet nyşanlarynyň, paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleriniň şekilleri ýerleşdirilen sowgatlyk önümlerini görkezdiler.

Pudaklaýyn sergide milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň gazananlary we ony ösdürmegiň ýokary depginleri görkezilýär. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa sebitinde iri häzirki zaman dokma toplumlarynyň gurulmagy, içerki bazarlaryň ýokary hilli dokma önümleri bilen üpjün edilmegi eksport harytlarynyň, bäsdeşlige ukyply önümçiligiň artdyrylmagynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde ekologiýa taýdan arassa nahdan taýýarlanylýan dokma önümleri, ajaýyp halylar daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan harytlaryň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar.

Täze önümçilikleriň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna döredilýändigini bellemeli. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ähli bina edilýän täze gurluşyklara bildirýän esasy talaby bolup durýar.

Türkmen el halylary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Olar köpöwüşginliligi bilen paýtagtymyzyň iri muzeýlerinde we häzirki zaman çeper halyçylyk kärhanalarynda görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde türkmen halyçylarynyň yhlasy bilen täzeden dikeldilen gadymy haly nusgalary we ýüňden, ýüpekden dokalan halylar möhüm orun eýeleýär. Türkmen halylarynyň ajaýyp gözelligi we olaryň ýokary hil derejesi dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe boldy. Pariž, Monreal, Leýpsig, Brýussel, Ženewa, Maýn boýundaky Frankfurt şäherlerinde geçirilen halkara ýarmarkalarda türkmen halylary köp sanly baýraklara mynasyp boldy.

El haly sungatynyň ussatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň döredijilik ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýärler. Suratkeş-bezegçileriň taýýarlan nusgalary esasynda dokalýan owadan halylar ýurdumyzda gurulýan bilim we sport edaralarynyň, myhmanhanalaryň, saglygy goraýyş düzümleriniň we beýleki binalaryň baş bezegine öwrülýär. Häzirki zaman dokma önümçiligi kärhanalarynda halylaryň ajaýyp görnüşleri dokalýar. Olar özleriniň özboluşlylygy bilen hökümet edaralaryny, medeniýet merkezlerini we muzeýleri bezeýärler.

Haly sungatynyň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu çeper senetçiligi giňden wagyz etmek, gadymy haly nusgalaryny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeperçilik haly kärhanalary gurulýar. Olarda halyçylaryň netijeli zähmeti we amatly dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Häzirki zaman haly önümçiliginiň sergisiniň çäklerinde, “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gadymy däpler bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşdyrylmagynda taýýarlan haly önümleri görkezilýär. Bu döwrebap toplumda 2016-njy ýyldan bäri, dünýäniň köp ýurtlarynda uly islegden peýdalanýan haly önümleriniň giň görnüşleri taýýarlanýar. Şeýle hem häzirki döwürde diňe gadymy el halylaryna däl, eýsem, emeli ýüplükden taýýarlanýan haly önümlerine bolan islegiň hem artýandygyny bellemeli.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň haly sungatyna bagyşlanan baý many-mazmunly, çeper bezegli kitaplary sergide möhüm orun eýeleýär. Hormatly Arkadagymyzyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly eserleri giň okyjylar köpçüligine, şol sanda daşary ýurtly okyjylara niýetlenip, onda türkmen halyçylygyna ýokary sungat hem-de halkymyzyň ruhy, maddy we medeni mirasy hökmünde kämil garaýyşlar öz beýanyny tapýar.

Sergä gatnaşýan myhmanlar haly dokamagyň täsinligine göz ýetirdiler. Halyçylaryň çalasynlyk bilen hereket edýän barmaklary, olaryň çyranyň yşygyna öwşün atýan keserleri we ýerine ýetirýän çitimleri hemmeleri haýrana goýdy. Bir halyny dokap gutarmak üçin şunuň ýaly hereketleriň müňlerçesini ýerine ýetirmek gerek.

Serginiň çäklerinde tikinçilik kärhanalarynyň we paýtagtymyzyň Modalar öýüniň hünärmenleri özboluşly milli lybaslary görkezdiler.

Serginiň köpugurlylygy oňa gatnaşýan kärhanalaryňdyr kompaniýalaryň haryt syýasatyny we söwda medeniýetini görkezmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanda söwda ulgamynyň ösüşi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilýändigini, bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini, eksport ugurly, innowasion usully täze kärhanalaryň döredilýändigini, kiçi hem-de orta telekeçilige goldaw berilýändigini görkezýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty arkaly dünýäniň beýleki döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýýar. Şundan ugur alnyp, bu gezekki serginiň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, daşary söwda dolanyşygynyň giňeldilmegine we ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendigini bellemeli.

Umuman, sergi pudaklaýyn düzümler, söwda merkezleri, lomaý we bölek söwda bilen meşgullanýan firmalar hem-de kärhanalar, şeýle hem dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen hususy kärhanalar üçin öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezmekde, işewür gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda oňyn meýdança bolup hyzmat edýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ýurdumyzda halyçylygyň ösdürilmeginde, el halylarynyň ajaýyp görnüşlerini wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak maksady bilen, häzirki taryhy döwürde dünýä medeni mirasynyň möhüm bölegine öwrülen gadymy milli senetçiligimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Söwda-senagat edarasynda günüň ikinji ýarymynda geçirilen “Arşyň nepisligi — türkmen halysy” atly Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisi hut şu ugruň ösdürilmegine bagyşlandy. Dünýäniň ylmy we işewür wekillerini, sungat eserlerini, gadymy nusgalary toplaýan alymlary, dürli ýurtlaryň halyşynaslaryny bir ýere jemlän halkara düzümiň nobatdaky mejlisinde türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki ösüşi baradaky çykyşlar diňlenildi.

Bu mejlise sanly ulgam arkaly dünýäniň iri muzeýleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, alymlar, sungaty öwrenijiler we amaly-haşam sungatyna aýratyn gadyr goýýan işewürler gatnaşdylar.

Çykyş edenler dünýäniň dürli ýurtlarynda el halyçylyk sungatyny ösdürmegiň taryhyny öwrenmek, dünýä halklarynyň amaly-haşam sungatynyň däplerini baýlaşdyrmak we özara tejribe alyşmak ýaly möhüm meselelere degip geçdiler.

Türkmen el halylary dünýäde ähli döwürlerde ägirt uly çeperçilik gymmatlyk we zehin siňdirilip dokalan sungat hökmünde uly islegden peýdalanýar. Olaryň gadymy nusgalary dünýäniň dürli ýurtlarynyň belli muzeýleriniň, sergi we çeperçilik zallarynyň esasy gymmatlyklaryna öwrüldi. Türkmen halylary milli gymmatlyga gadyr goýýanlary haýran galdyryp, dünýä ýüzünde uly şöhrata eýe boldy. Olar ajaýyp sungatyň inçe syrlaryny asyrlardan we müňýyllyklardan alyp gaýdýan halkymyzyň milli buýsanjydyr.

Türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamak, giňden wagyz etmek, milli el halyçylyk däplerini, amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerini baýlaşdyrmak, pudagyň senagat düzümlerine täzeçillik usullaryny ornaşdyrmak boýunça meseleleri çözmekde ýetilen sepgitler hem-de onuň geljekki ugurlary barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Türkmen halyçylyk sungaty dünýäde gadymy döwürlerden bäri ýokary gymmatlyk, ajaýyp sungat hökmünde görülýär. Bu ajaýyp halylaryň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagynda türkmen topragynyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoluna möhüm orun degişlidir. Ol dünýä taryhynda öçmejek yz goýdy. Häzirki döwürde bu gadymy ugur döwrebap derejede dikeldilýär hem-de ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky köptaraply söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Halyçylyk sungatynda bolsa milli mirasyň baý däpleri we häzirki zamanyň tehnologiýalary utgaşdyrylyp, onuň üsti täze mazmun bilen ýetirilýär.

Türkmen halyçylyk sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda möhüm orun eýeleýändigini nygtap, çykyş edenler BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasynyň maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Hökümetara komitetiniň 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 14-nji mejlisinde türkmen halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň milli gymmatlyga berilýän ýokary bahadygyny nygtadylar. Munuň özi ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde ykrar edendiginiň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa ajaýyp milli gymmatlygyň daşary ýurtlardaky abraýynyň belende galmagyny we onuň giňden wagyz edilmegini şertlendirdi. Şeýle hem arassa ýüňden dokalan türkmen el halylaryny dünýä bazarlaryna esasy ugradyjy bolup durýan “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň alyp barýan işiniň ähmiýeti bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar öz çykyşlarynda haly nagyşlarynyň gelip çykyşynyň taryhy we aýratynlyklary, dürli ýurtlarda halyçylyk sungatyny ösdürmek boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri barada aýtdylar.

Mejlise gatnaşyjylar gadymy milli sungatyň dünýä nusgalyk däpleriniň giňden wagyz edilmeginde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandynyň bardygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplary milli halyçylyk sungatyna bagyşlanyp, olar bu gymmatlygy bütin dünýäde wagyz etmek bilen, ruhy döredijiligiň çeşmesi bolup durýar. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu kitaplar türkmen el halylarynyň gözelligini, mähriban halkymyzyň köpýyllyk medeniýetine bolan ägirt uly söýgüsini we hormatyny dünýä okyjylaryna açyp görkezdi.

Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХII mejlisi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler we milli halyçylyk sungatynyň şöhratly däpleriniň ösdürilmegi ugrunda edýän aladasy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatda döredilen şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Belent şöhrata eýe bolan halyçylyk sungatynyň ösdürilmegi, halyçylaryň öndürijilikli zähmetine sarpa goýulmagy we has-da tapawutlananlarynyň zähmetine ýokary döwlet sylaglarynyň berilmegi, olara hormatly atlaryň dakylmagy döwlet tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzyň ussat halyçylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde gadymy muzeý gymmatlyklarynyň we häzirki zaman, ýokary çeperçilik usulynda dokalan halylaryň, reňkleriň ajaýyp sazlaşygyny we nepisligi özünde jemleýän haly önümleriniň ajaýyp görnüşleri saklanýar. Bu ýerde, çeperçilik taýdan bolşy ýaly, taýýarlamagyň aýratynlyklary babatda-da örän seýrek duş gelýän we ýurdumyzyň dürli künjeklerinden toplanan halylaryň örän köp görnüşi saklanýar. Alymlaryň, hünärmenleriň we ussat halyçylaryň yhlasly zähmeti bilen, köp ýyllaryň dowamynda gadymy haly nagyşlarynyň, ajaýyp sungatyň taryhy nusgalarynyň ýüzlerçe görnüşi dikeldildi.

Muzeýde özboluşlylygy bilen haýran galdyrýan äpet haly saklanýar. Umumy meýdany 301 inedördül metre, agramy bolsa 1 tonna 200 kilograma barabar “Altyn asyr” halysy dünýäde elde dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Mundan başga-da, türkmen halyçylary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna halyçylyk ulgamynyň taryhynda iň uly, 378 inedördül metr el halyny dokadylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen halylaryň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň ussat halyçylaryna “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak dabarasy boldy.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi milli halyçylyk sungatyny ösdürmäge, halylary ajaýyp nagyşlar bilen bezemäge goşan goşandyny hem-de köpýyllyk halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky çözgüdi kabul etdi.

Kararda Ogulgerek Berdimuhamedowanyň türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, ony geljek nesillere ýetirmäge, mukaddes Watanymyzyň şan-şöhratly ösüşlerini çeper elleriniň, uz barmaklarynyň döredýän haly gölleridir nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşandygy bellenilýär. Ol uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezen, eliniň çeperligi, zähmetsöýerligi bilen ýaşlara görüm-görelde bolýan ussat halyçy hökmünde uly abraý gazandy.

Dabarada taryhy-medeni mirasy saklamakda, türkmen halkynyň däplerini nesilden-nesle geçirmekde we ýaşlary terbiýelemekde milli halyçylyk sungatyna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Ussat halyçylar halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine, netijeli we döredijilikli zähmet çekmek babatda zerur şertleriň, gadymy we baky juwan sungatyň inçe tärlerini geljekki nesillere ýetirmekde ähmiýetli bolan zehinli halyçylary taýýarlamak ugrunda ähli mümkinçilikleriň döredilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen konsert pudagyň işgärleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Watanymyzyň ak mermerli paýtagty türkmen halylaryna bagyşlanan esasy dabaralaryň merkezine öwrüldi. Aşgabat özünde häzirki zamanyň ösen tejribeleri bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrýar. Onuň bezeg aýratynlyklarynda haly gölleriniň möhüm orun eýeleýändigini bellemek gerek.

2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň binasy ýolagçy terminalynyň üçeginde haly gölüniň ýerleşdirilmegi bilen, “Iň uly haly göli” (705 inedördül metr) hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun aldy.

Paýtagtymyzyň nurana agşamynda ýaňlanan ýakymly aýdymlar we sazlar, tans toparlarynyň çykyşlary milli gymmatlygymyz bolan türkmen halylarynyň hormatynyň belent tutulýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Tutuş ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki köpçülikleýin çäreler geçirildi.

(TDH 29.05.2022 ý.)