Türkmenistanda bank kartlarynyň sany 200 müňden gowrak artdy
1350
10.08.2022
Merkezi Bankyň habaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň banklary ulanyjylara 210 müň 723 plastik kartlaryny berdi.
2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri Türkmenistanda hereket edýän bank kartlarynyň sany 4 million 770 müň 961-den 4 million 981 müň 684-e ýetdi.
Häzirki wagtda ulanyjylaryň 1 million 796 müň 886-si «Daýhanbankyň» plastik kartlaryny ulanýarlar. Şeýle-de «Türkmenistan» (976 müň 227) we «Halkbank» (548 müň 882) banklary öňdäki üçlüge girýär.