Şu gün türkmenistanlylar umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.
Gündogaryň ajaýyp şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgy setirlerinde waspy ýetirilen türkmen halkynyň garaşsyz döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl boldy. Watanymyzyň iň täze taryhy hut şu ykbal çözüji pursatdan gözbaş alýar. Bu gün Garaşsyzlygyň Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň biri hökmünde berkarar bolmagy, daşary ýurtlar, iri halkara we abraýly sebit guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýady döredendigini ynamly aýtmak bolar. Halkara bileleşik tarapyndan bildirilen uly ynam we hormat-sarpa ýurdumyzyň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagyny şertlendirdi. Şol başlangyçlar häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge, ulag ulgamynda, ekologiýada, daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Taryh üçin gysga döwrüň içinde Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy ulgamy ep-esli kämilleşdirildi, iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda, parahat we asuda ýaşamagy, tutanýerli zähmetiniň hözirini görmegi üçin ähli şertler döredilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygara laýyklykda, soňky ýyllarda dürli maksatly, ilkinji nobatda, durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysy gurlup ulanmaga berildi.
Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny, däp bolşy ýaly, ajaýyp üstünlikler we zähmet ýeňişleri bilen belleýär. Şol üstünliklerdir ýeňişleriň her biri häzirki Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçdi. Ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmegi türkmenistanlylaryň erk-islegini erkin beýan etmeginiň kepili boldy. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegine täze itergi berdi.
“Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow golaýda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda aýtdy we döwlet syýasatynyň geljekki esasy ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy mähriban halkymyzyň durmuşynda diňe möhüm sene bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geçen ýolumyza baha bermek, gazanan üstünliklerimiziň ähmiýetine düşünmek we öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu çylşyrymly döwürde alyp baran çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ynamly we depginli ösüşini, maliýe-durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün etdi. Ösüşiň senagat-innowasion ýoluny dowam etdirmäge, tebigy, mineral-çig mal we adam mümkinçiliklerimizi peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna eziz Watanymyzyň ähli künjeginde şu günler köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlaryň guralýandygyny bellemek gerek. Şolarda täze taryhy eýýamyň döredijilik güýji öz beýanyny tapýar.
Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna esasy dabaralar köp sanly myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylan Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy.
...Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunyň harby gullukçylary nyzama düzüldi. Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münbere çykýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestri tarapyndan dabaraly saz çalynýar.
Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabaraly harby ýörişden başlanýar. Onuň barşynda eziz Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň, döwletimiziň mukaddes serhetleriniň hem-de özygtyýarlylygynyň gazananlarynyň goragynda duran Watan goragçylarynyň ýokary hünär derejesi görkezildi.
Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowdan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat soraýar.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişiň başlanmagy barada görkezme berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça harby ulgamda başy başlanan giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işine döwrebap usullar hem-de sanly ulgamlar ornaşdyrylýar, olaryň işgärler kuwwaty berkidilýär, harby gullukçylaryň durmuş meseleleri üstünlikli çözülýär. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 5-nji iýulynda geçirilen mejlisinde tassyklanan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamalary munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şol resminamalar diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine laýyklykda, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamalarda kesgitlenen strategik wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda döwletimiziň goranyş ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, onuň ýokary derejede howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmek, ýurdumyzda kanunylygy, hukuk tertibini saklamak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi ata-babalarymyzyň Watana wepaly gulluk etmek baradaky şöhratly däplerini abraý bilen dowam etdirýärler hem-de Hökümetiň hemişelik aladasyna mynasyp jogap edip, iň täze tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edýändiklerini, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Watan goragçylary öz üstlerine ýüklenen borçlary ýerine ýetirenlerinde, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň maksatlaryndan ugur alýarlar.
...Dabaraly harby ýörişiň serkerdesi R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hasabaty kabul edeninden soňra, dabaraly ýörişe gatnaşýan şahsy düzümiň nyzamly hataryny gözden geçirmäge başlaýar we dabaraly harby ýörişe gatnaşýanlar bilen salamlaşýar. Olaryň hatarynda harby gullukçylar we ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň, beýleki mekdepleriň talyplary, esgerler hem-de Milli goşunyň serkerdeleri egin-egne berip durlar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylýar. Eziz Watanymyzyň mukaddes ýaşyl tugy ähli nesilleriň milli buýsanjynyň we watansöýüjiliginiň nyşany bolup, türkmenistanlylary edermenlige, zähmet üstünliklerine, ähli ulgamlarda täze sepgitleri eýelemäge ruhlandyrýar. 31 ýylyň dowamynda Watanymyz Döwlet baýdagynyň astynda özüniň iň täze taryhyny döredýär we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gidip, belent sepgitlere eýe bolýar, garaşsyz ösüşiň, Bitaraplyk hukuk derejesiniň täsin nusgaly döwleti hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär...
Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary diňe bir nesilden-nesle geçip gelýän şöhratly däpleri aýawly saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalydyklaryny hem görkezýärler. Biziň şöhratly taryhymyzda baýdaga hemişe mukaddeslik hökmünde garapdyrlar. Ähli döwürlerde söweşjeň baýdaga baş eglipdir, onuň öňünde Watana wepalylyk kasamy kabul edilipdir. Ýurdumyza we halkymyza wepaly gulluk etmek türkmenlerde hemişe uly hormat-sarpa hasaplanylypdyr. Häzirki döwürde söweşjeň baýdaklar Watan goragçylarynyň buýsanjy we şöhratydyr. Olar Watanymyzyň bitewüligini we howpsuzlygyny gorap saklamak üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň goragçylaryna zerur bolan söweşjeň ruhy artdyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, däp bolşy ýaly, dabaraly harby ýöriş baýdak göterijiler toparynyň çykyşy bilen başlanýar. Hormat garawulynyň aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny meýdançadan alyp geçýärler. Soňra münberiň öňünden Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçýärler. Türkmen topragynyň edermen ogly, gaýduwsyz frontçy we göreldeli mugallym, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Zenan harby gullukçylar şu dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda mähriban Watanymyza wepaly gulluk edýärler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — özleriniň harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar.
Milli harby hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmäge isleg bildirýän ýaş türkmenistanlylaryň harby okuw mekdeplerinde okamaklary üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda hereket edýän ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň hiline we netijeliligine, hünär ussatlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, döwrebap tehnikalary dolandyrmak tälimlerini kämilleşdirmäge uly üns berilýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň hormatyna guralan şu gözden geçirilişe Harby institutyň we Harby-deňiz institutynyň talyplary hem gatnaşdylar. Olaryň yzy bilen münberiň öňünden sazlaşykly gadam urup, Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň harby talyplary geçýärler. Bu ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde okuw-terbiýeçilik işi döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmek işine motoatyjy esgerler hem saldamly goşant goşýarlar. Olar ýokary harby ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Olary türkmen uçarmanlarynyň batalýony çalyşýar. Uçarmanlar döwrebap uçarlara başarjaňlyk bilen erk edip, Watanymyzyň asmanynyň asudalygyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar iň döwrebap we kuwwatly tanklara başarnykly erk edýärler. Şu gözden geçirilişe artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, şeýle hem deňiz-pyýada batalýonynyň şahsy düzümi hem gatnaşdy. Harby okuw-tälim çäreleriniň barşynda olar ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler.
Meýdançadan dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly batalýony geçýär. Onuň harby gullukçylary halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly gaýduwsyz serkerdeleriň watançylyk ýörelgelerinden ugur alyp, harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirýärler. Toparlaryň ykjamlygy öz öňlerinde duran söweşjeň wezipeleri takyk we dessin ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmen edermen” diýlip atlandyrylan bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, amaly we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden ybaratdyr. Bu düzümiň nyşanynda alabaýyň şekiliniň bolmagy tötänden däldir. Çünki onda şol häsiýetleriň hemmesi jemlenendir.
Mälim bolşy ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr. Mähriban halkymyzyň buýsanjy we şöhraty bolan ganatly bedewler täze taryhy eýýamda öňe, döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ymtylmanyň aýdyň nyşany bolup durýar. Gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler Watan goragçylarynyň we hukuk tertibiniň goragynda duranlaryň ygtybarly kömekçileridir. Şunuň bilen baglylykda, asylly däbe görä, dabaraly harby ýörişi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary dowam etdirýärler.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi türkmen döwletiniň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga taýýardygyny görkezýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar harby we hukuk goraýjy edaralaryň gündelik işinde netijeli ulanylýar. Munuň özi serkerdelerdir esgerlere öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam edýär.
Häzirki döwürde Hazarda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda sak duran hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýän Harby-deňiz güýçleriniň abraýy barha artýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde harby flotuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, gämileri, iň täze tehnikalary we enjamlary satyn almak, öz gämilerimizi gurmak boýunça netijeli çäreler görülýär, harby deňizçileriň söweşjeň we nazaryýet taýýarlygy ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde Hazar deňzindäki flotuň akwatoriýasyna geçirilýän flotiliýanyň baýramçylyk ýörişi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Dabaraly harby-deňiz ýörişi Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan hem-de iň döwrebap ýaraglar bilen ýaraglandyrylan “Deňiz han” atly korwet taslamaly söweşjeň gämi bilen başlanýar. Şu ýylyň 10-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň günbatar sebitde ýerleşen Harby-deňiz güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine gelip, bu harby gäminiň söweşjeň mümkinçiligi, tehniki häsiýetnamalary we aýratynlyklary bilen tanşandygyny ýatlatmalydyrys. Onuň yzysüre “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri geçýärler. Harby flotuň gözden geçirilişini “Galkan” kysymly serhet gorag gämileri dowam etdirýärler. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýärler.
Soňra döwrebap ýerüsti harby tehnikalaryň nobaty gelýär. Münberiň öňündäki meýdançadan goşunlaryň dürli kysymlaryna degişli bolan harby tehnikalar geçip başlaýarlar. Dabaraly harby ýörişiň öňüni “Taýfun” kysymly köpugurly sowutlanan awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklary bilen “Dongfeng Mengshi” kysymly awtoulaglar geçýärler.
Şu gezekki harby ýörişe “Titan-DS” kysymly harby ulag hem gatnaşdy.
Dabaraly harby ýörişi «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «XP-1000», «MV 850» we «Big boss 570» kysymly motoulaglar dowam edýär. Olar hem häzirki zaman motoulaglarda pesden uçýan dikuçarlary we sowutlanan tehnikalary ýok etmek üçin niýetlenendir. Ýörite harby operasiýalary geçirmekde «MRZR 2», «MRZR 4» kysymly harby awtoulaglara we olaryň ýokary söweşjeň takyklyga eýe bolan ýaraglaryna, şeýle hem «Dagor» kysymly harby awtoulaglara möhüm orun degişlidir. Olar geçmesi kyn we ýolsuz ýerlerden geçmäge ukyply bolan ykjam, kuwwatly taktiki ulag serişdeleri bolup, ýörite maksatly toparlaryň gullugynda ulanylýar.
Dabaraly harby ýörişiň hataryny “Land Rover” hem-de «Nimr Ajban» kysymly ýeňil harby awtoulaglar, “Karakal” kysymly tanka garşy raketa atyjy toplumyň awtoulagy dowam edýär. Soňra meýdança «Nimr» hem-de «Al Shibl 2» kysymly sowutlanan awtoulaglar gelýärler. Olaryň kömegi bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarymyz söweşjeň gulluk alyp barýarlar we öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler.
Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişden “BTR-80A” kysymly söweşjeň we suwda ýüzüji tehnikalar geçýärler. Ot açyş kuwwaty, tizligi, desantirlemek mümkinçilikleri boýunça söweşjeň ulag hemmetaraplaýyn kämilleşdirilýär. Soňra «Bars», “Titan DS” kysymly sowutlanan awtoulaglar geçýärler. Olaryň üstünde pesden uçýan dikuçarlary ýok etmek üçin niýetlenen pulemýotlar bar.
Şu dabaraly harby ýörişde “BMC Kirpi MRAP” kysymly sowutlanan harby awtoulaglar hem görkezildi. Awtoulagyň söweşjeň hasaby pulemýotlar hem-de göçme asmana atyjy raketa toplumlary bilen geçýär. Ikinji mehanizirlenen kerwen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň guryýer goşunlarynyň esasy urgy toparlaryna wekilçilik edýän ýöriteleşdirilen ulag serişdelerinden ybaratdyr. Ilkinji hatarlarda kuwwatly “T-90S” tanklary, “BMP-2D” hem-de “BMP-3” kysymly häzirki zamanyň iň kämil söweş tehnikalary bar.
Soňra dabara gatnaşyjylara “ZSU-23-4 Shilka”, “Strela-10” we “Kub” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary görkezilýär. Olar howanyň dürli şertlerinde pesden uçýan uçarlary, dikuçarlary hem-de ganatly raketalary ýok etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlarymyz kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi. “2S1 Gwozdika” kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalarynyň bu goşunlarda ulanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Olaryň kömegi bilen garşydaşyň dolandyryş nokatlary, sowutlanan tehnikalary we şahsy düzümi hatardan çykarylýar.
Soňra münberiň öňünden “KamAZ» kysymly çekiji awtoulag «D-30» kysymly toplary, şeýle hem «MAN» kysymly çekiji awtoulag «D-20» kysymly agyr toplary bilen geçýärler. Milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli şu günki dabaraly harby ýörişde 122 millimetrlik «BM-21A BelGrad» kysymly reaktiw ulgam hem-de «Smerch» kysymly reaktiw ulgam görkezilýär. Olar ýokary söweşjeň mümkinçiligi, takyklygy we kuwwaty bilen tapawutlanýar. Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde uçarmansyz uçýan enjamlar bar. Olar soňky ýyllarda Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde netijeli ulanylýar. Şolaryň arasynda dünýäde iň gowularyň hatarynda tanalýan “Bayraktar TB2” enjamy bar. Görkezilen “Falco” hem-de “Sky Striker” kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamlar aňtaw maglumatlaryny ýygnamaga, garşydaşyň sowutlanan tehnikalaryny we dolandyryş ulgamyny ýörite maksatly toparlar arkaly hatardan çykarmaga niýetlenendir.
Dabara gatnaşyjylara şeýle-de “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de Içeri işler ministrliginiň ygtyýaryndaky “AutoGyro Сavalon” kysymly dikuçar görkezilýär. “Land Rover” kysymly awtoulag ýörişi dowam edýär. Onuň üstünde “Rode Schwarz” kysymly aragatnaşyk toplumy ornaşdyrylypdyr. Olaryň yzy bilen “FD-2000”, “KS-1A”, “PEÇORA-2BM”, “FM-90” kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlarynyň kerweni barýar. Toplumyň söweşjeň häsiýetnamasy boýunça häzirki zaman howa hüjümine garşy goranmak ulgamlarynyň arasynda iň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanýar.
Soňra meýdançadan dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugyna degişli täze harby awtoulaglar “KIA KLTV 141” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýärler. Olaryň yzy bilen münberiň öňünden “Toyota Hilux”, “KIA KLTV 141” “Сobra” kysymly döwrebap, köp maksatly we sowutlanan söweşjeň awtoulaglar geçýärler. Olar Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak üçin netijeli ulanylýar.
Soňra serhet goşunlarynyň “Mantra” kysymly awtoulagynda 121 mm kalibrli minomýotlar geçýärler. Dabaraly harby ýörişi “Iveco” kysymly awtoulaglar dowam etdirýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary hem-de “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilen.
Bäşinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Milli howpsuzlyk ministrligine degişli harby tehnikalar bar. Şu günki dabarada “Iveco M65” kysymly söweşjeň awtoulagy hem-de “Storm Rider” kysymly häzirki zamanyň sowutlanan söweşjeň awtoulaglary görkezildi. Olaryň yzy bilen meýdançada ýeňil sowutlanan tehnikalary hatardan çykarmak, söweşjeň topary bellenen nokada howpsuz alyp gitmek üçin niýetlenen “Lazar III” kysymly sowutlanan tehnikalar peýda bolýar.
Altynjy mehanizirlenen kerweniň düzüminde Içeri işler ministrliginiň tehnikalary bar. Dabaraly harby ýörişe “Titan-DS” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag hem-de “Ford Hennesey” kysymly awtoulaglar gatnaşýarlar. Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň ygtyýarynda şeýle-de “Ford Atlas”, “ToyotaTundra”, “GMС Sierra”, “PMV Survivor II” hem-de “Titan-DS” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglar bar. Olar halkymyzyň asudalygynyň, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmegi üçin hyzmat edýär.
Soňra baýramçylyk gözden geçirilişi howa giňişliginde dowam edýär. Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmekde ýurdumyzyň Harby-howa güýçlerine möhüm orun degişlidir. Şu günki döwrebap uçarmanlary dolandyrýan türkmen uçarmanlary ýokary ussatlyk derejesini hem-de iň täze howa tehnikasyny dolandyrmagyň inçe tilsimlerini görkezýärler. Meýdançanyň ýokarsynda, asman giňişliginde «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar peýda bolýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary we harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Olaryň yzy bilen «Mi-24P» kysymly söweşjeň dikuçarlar asman giňişliginde peýda bolýar. Olar guryýer goşunlarynyň bölümleriniň ot açyş güýjüni we olaryň hereketini goldamak üçin niýetlenip, ýerüsti we howa nyşanlaryny ýok etmek üçin dürli görnüşli ýokary takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen ýaraglandyrylandyr.
Soňra ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter EC145» we Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter AS365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýärler. Olaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetnamalary bilen tapawutlanýar. Şeýle-de Döwlet serhet gullugynyň «Agusta AW139», «Agusta A109» kysymly dikuçarlary görkezildi. Bu dikuçarlar ýurdumyzyň mukaddes serhetlerini ygtybarly goramak işinde netijeli ulanylýar. Biziň serhetlerimiz dostlugyň we doganlygyň serhedi bolup durýar. Olaryň yzy bilen aňtaw işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenen «Diamond 42» kysymly ýörite uçarlar uçup geçýärler.
Soňra asmanda «A-29 Super Tuсano» kysymly söweşjeň uçarlar peýda bolýar. Olar ýokary takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen ýaraglanandyr. Bu uçarlar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini dürli howa şertlerinde gije we gündiz ot açyş bilen goldamak üçin niýetlenendir. Howa giňişliginde «An-74» köp maksatly harby-ulag uçary hem-de «С-27 J Spartan», şeýle hem «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlary peýda bolýar.
Şu günki ýörişe gatnaşan döwrebap howa gämileriniň hatarynda «M-346» kysymly söweşjeň uçarlary hem bar. Olar islendik howa şertlerinde, islendik belentlikde, dag, düzlük ýa-da deňiz bolsun, tapawudy ýok, islendik ýerden uçmaga ukyplydyr. Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan serişdeleriň ählisi bilen üpjün edilen bu uçarlar howa giňişligini goramak, aňtaw işlerini amala aşyrmak, guryýer goşunlarynyň hereketlerini goldamak üçin niýetlenendir. Şeýle hem şol uçarlaryň birinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň synag uçuşyny amala aşyrandygyny bellemelidiris.
Dabaranyň ahyrynda “M-346” kysymly uçarlaryň uly topary çylşyrymly uçuş emellerini ýerine ýetirýärler. Munuň özi harby uçarmanlaryň ýokary hünär ussatlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Olar paýtagtymyzyň asmanyny Döwlet baýdagymyzyň reňkleri bilen bezeýärler. Şu dabaraly harby ýörişde görkezilen iň döwrebap ýerüsti we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky baýramçylyk gözden geçirilişini Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýony dowam etdirýär. Bu batalýonyň şahsy düzüminiň takyklygy, ykjamlygy, hatarlaryň sazlaşygy, ýokary nyzam emelleri jemlenip, ýatdan çykmajak keşplere öwrülýär. Meýdançada Garaşsyzlyk binasynyň şekili hem-de eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesini alamatlandyrýan “ХХХI” şekili emele gelýär.
Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy dabaraly harby ýörişiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Soňra mele reňkli, şaý-sepler bilen bezelen ajaýyp ahalteke bedewi meýdança çykarylýar. Bu bedewiň çeýe gadamy hem-de gözelligi onuň naýbaşy tohum atlarynyň neslindendigini görkezýär. Berkararlyk we Gülnahal diýen atlaryň neslinden bolan meşhur Pereňiň ugruna degişli ajaýyp Dowamat atly bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleri tarapyndan türkmen halkynyň abadançylygy hem-de bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrundaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde sowgat berildi. Ajaýyp gözelligi bilen görenleri haýrana goýýan Dowamat birnäçe gezek meýdança boýunça gezim etdirilip, köp sanly tomaşaçylara buýsanç bilen görkezildi.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ynamly ösüşini alamatlandyrýan eli baýdakly çapyksuwarlaryň şowhunly atly ýörişi ýürekleri buýsanç duýgusyna besledi. Olaryň yzy bilen Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Magtymguly Pyragy ajaýyp bedewlerde buýsançly başlaryny belentde tutup gelýärler. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan taýýarlanan şowhunly atly ýöriş ýurdumyzyň baş baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Gözelligi bilen haýran galdyrýan bu bedewler ussat çapyksuwarlaryň erk etmeginde dürli tilsimleri hem-de hereketleriň sazlaşygyny görkezdiler.
Ýurdumyzda bedew atlara belent sarpa goýulýar hem-de iň gowy arzuw-hyýallar, düşünjeler we maksatlar olar bilen baglanyşdyrylýar. Ahalteke atlary türkmeniň wepaly dosty hem-de hemrasy, uly buýsanç we söýgi çeşmesi bolmak bilen, halkymyzyň kalbynyň, onuň döredijilige, ösüşe tarap okgunly hereketiniň äşgär beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan ahalteke atşynaslygynyň dünýäde ykrar edilen merkezine öwrüldi. Biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän iri atçylyk sport bäsleşikleriniň, gözden geçirilişleriň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar. Sirk sungaty boýunça hem olar öňdäki orunlary eýeleýärler. Muňa “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatynyň halkara festiwallarynda gazanýan ýeňişleri hem şaýatlyk edýär.
Taryhda bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler milli toý-baýramlarymyzyň bezegidir, olar milli taryhymyzyň ajaýyp nyşanydyr hem-de döwürleriň we nesilleriň üznüksiz baglanyşygynyň beýanydyr. Bedewe atlanan ýigitleriň Türkmenistanyň ýaşyl tuguny belentde parladyp görkezen akrobatik tilsimleri baýramçylyk maksatnamasynyň özboluşly bezegi boldy.
Täsin atly ýörişden soňra “Oguz hanyň döwletlilik baýdagy — Arkadagly Serdarymyzyň paýhasy!” atly sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş başlanýar. Gopuzyň we dutaryň owazy astynda deprekçiler, tans toparlary, teatr artistleri meýdança çykýarlar. Olar türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz hanyň, Gorkut atanyň hem-de asyrlaryň dowamynda atlary nesilden-nesle geçip gelýän beýik şahsyýetleriň keşplerini janlandyrdylar. Türkmen halkynyň şöhratly ogullary häzirki nesillerine ýüzlenip, özleriniň başlan beýik işlerini mynasyp dowam etdirmegi hem-de özygtyýarly Watanymyzyň şöhratyny belende götermegi wesýet edýärler.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň şanyna dabaralar dowam edýär. Bu dabaralaryň telewideniýede göni ýaýlyma berilmegi paýtagtymyzyň baş meýdançasynda bolup geçýän baýramçylyk çärelerine uly gyzyklanma hem-de ruhubelentlik bilen tomaşa edýän millionlarça watandaşlarymyzy jebisleşdirdi.
Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri açýarlar. Ýüzlerçe ak şarlar asmana uçurylýar. Baýramçylyk görnüşindäki awtoulag milli nyşanlar bilen bezelipdir, Döwlet tugrasynyň hem-de baýdagynyň ýanyndaky pannoda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň we onuň binagärlik nyşanynyň — paýtagtymyzyň Konstitusiýa binasynyň şekilleri goýlupdyr. Iki palataly parlament hem-de jemgyýetçilik guramalary özygtyýarly Türkmenistanyň okgunly ösüşinde, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda, döwletimiziň hukuk hem-de dünýewi binýatlaryny berkitmekde ähmiýetli orny eýeleýär.
Soňra Döwlet münberiniň öňünden ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik nyşanlarynyň şekilleri bilen bezelen Aşgabat şäher häkimliginiň baýramçylyk görnüşindäki awtoulagy hem-de ýüzlerçe adamlar geçýärler. Dürli ýyllarda Türkmenistanyň häzirki zaman ajaýyp keşbini açyp görkezýän türkmen paýtagtynyň ajaýyp binalarynyň we desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Soňky ýyllarda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina edilen ak mermerli ýaşaýyş jaýlary hem-de beýleki iri ýadygärlik toplumlary tomaşaçylaryň öňünde peýda bolýar. “Aşgabat” söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi bu ýörişiň aýratyn bezegi boldy.
Türkmenistanyň myhmansöýer paýtagty okgunly ösýän, gözelligi hem-de amatlylygy, binagärligiň we inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de milli binagärligiň iň gowy ýörelgelerini özünde sazlaşykly jemleýän häzirki zaman şäheriniň täsin nusgasydyr. Ak mermerli Aşgabatda şäherlileriň döredijilikli zähmet çekmegi, doly derejede dynç almagy üçin ýylyň-ýylyna has amatly şertler döredilýär. Iň gowy tans toparlarynyň hem-de belli türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlanan aýdym-sazly çykyş paýtagtymyza bagyşlandy. Garaşsyz Watanymyzyň şanyna hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna gutlaglar we alkyş sözleri ýaňlanýar.
Soňra ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän toparyň ýörişi dabarany dowam etdi. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulaglarynda gurnalan fotoşekillerde geçmişiň belli taryhy-binagärlik ýadygärlikleri hem-de häzirki döwrüň belent binalary, sebitleriň ýeten belent sepgitleri we ajaýyp künjekleri görkezilýär. Welaýatlaryň her biri eziz Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Awtoulaglarda dabaraly ýörişden geçip barýan ýaşuly nesliň we ýaşlaryň wekilleri hormatly Prezidentimizi we köp sanly myhmanlary mübärekleýärler. Joşgunly sazlar, şeýle-de asmana göterilýän dürli reňkli şarlar baýramçylyk ýörişine aýratyn öwüşgin çaýýar.
...Dabaraly ýöriş dowam edýär.
Döwlet münberiniň öňünden ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän ýörite şekiller bilen bezelen awtoulaglar geçýärler. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan döwlet Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesine zähmet sowgatlary bilen gelen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işgärleri geçýärler, olaryň hatarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, tanymal ussatlar, öňdebaryjy hünärmenler we geljekde olaryň ornuny tutjak ýaşlar bar. Baýramçylyk ýörişi her bir ulgamyň ýeten sepgitleri hem-de üstünlikleri barada gürrüň berýän we belentden ýaňlanýan waspnamalar bilen utgaşýar. Pudaklaryň gazanan üstünlikleri täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhunyň beýanyna öwrüldi.
Meýdançada Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işgärleri peýda bolýarlar. Olaryň baýramçylyk awtoulagy köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, kuwwatly gurluşyk tehnikalarynyň şekilleri bilen bezelipdir. Gurluşyk işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, soňky ýyllarda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyk taslamalary Watanymyzyň okgunly ösüşiniň esasy görkezijileriniň biridir. Bu örän möhüm pudagyň ösdürilmegine gönükdirilýän uly möçberli maýa goýum serişdeleri ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen bilelikde köp babatda şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklerini şertlendirdi, onuň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda her ýyl dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurulýar.
Soňky ýyllarda bina edilen täze gurluşyklar ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi we ähli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň hem-de netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we senagat taýdan toplumlaýyn ösüş häzirki döwre mahsus ugurlara öwrüldi. Bu bolsa döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli kärhanalar öndürýän gurluşyk we bezeg serişdeleriniň görnüşlerini ýyl-ýyldan artdyrýar. Ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli serişdeleriň esasynda öndürilýän önümler bu düzümiň işgärleriniň buýsanjy bolup durýar.
Gurluşyk we senagat toplumynyň wekilleri orunlaryny Energetika ministrliginiň ýörite lybasdaky köp sanly işgärlerine geçirýärler.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we berkitmek, täze energiýa ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen, ägirt uly kuwwatlyklar döredilýär.
Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň dünýäniň energoulgamyna goşulmagy boýunça anyk işler amala aşyryldy. Täze desgalaryň, energiýa geçiriji ulgamlaryň, ýurdumyzyň halkalaýyn energo ulgamynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Munuň özi diňe bir Türkmenistanyň energetika üpjünçiligini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, elektroenergiýanyň eksport mümkinçiliklerini hem has-da artdyrýar.
Energetika pudagynda iri sebitleýin we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz daşky gurşawy goramak meselelerine ýokary derejede jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär we ykdysady hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrýar. Elektroenergiýanyň önümçiligi boýunça innowasion taslamalary işläp taýýarlaýar, şol sanda Gün we ýel elektrik energiýasy önümçilikleriniň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda sebitde bu ugur boýunça ýeke-täk bolan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylmagy şu ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly täze kitabynyň neşir edilmegi energetikleriň saýlap alan hünärine bolan buýsanjyny artdyrdy we ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda tutuş türkmen halky üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
Soňra meýdança bilim ulgamynyň wekilleri çykýar. Bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmeginde bu işgärlere möhüm orun degişlidir.
Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şu maksat bilen, halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň täze ugurlary, innowasiýa usullary we sanly ulgam ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar. Täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň döwrebap binalary gurlup ulanmaga berilýär.
Ýokary bilimli ýaş nesilleri kemala getirmek ýurdumyzyň geljekki durnukly we hemmetaraplaýyn durmuş we ykdysady taýdan ösüşinde, onuň dünýä giňişliginde öňdäki orunlaryny berkitmekde ýaşlaryň eýeleýän ornuny nazara almak bilen, döwlet ösüşiniň esasy ugurlary hökmünde kesgitlendi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap bilim almak, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmek, ylmy we döredijilik işi bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklerde we olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri, mynasyp bolýan medallary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.
Meýdançada ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri peýda bolýarlar. Olaryň hatarynda köp sanly türgenleriň bardygyny bellemeli. Sport lybasyndaky ýaşlaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlar, milli we halkara derejedäki ýaryşlarda ýeňiş gazananlar we baýraklara mynasyp bolanlar, olaryň tejribeli halypalary hem-de tälimçileri bar. Ajaýyp sport toplumlary we köpugurly stadionlary, ýüzlerçe sport mekdepleri türgenleriň hyzmatynda. Olaryň sany ýyl-ýyldan artýar.
Ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagy, öz mümkinçiliklerini jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbidine doly amala aşyrmaklary üçin has oňaýly şertler döredilýär. Şunda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ösüp gelýän ýaş nesilleriň zähmetsöýerlik hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeldýär.
Meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlarda sagdynlygyň we sportuň bagtyýar durmuşyň kepilidigi baradaky mowzuk möhüm orna mynasyp boldy.
Soňra meýdança ykbalyny adamlaryň saglygyny goramak ýaly asylly işe bagyşlan milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri çykýarlar. Adamlar, olaryň bagtyýarlygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada döwletimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini kepillendirýän häzirki zaman saglyk merkezleriniň we hassahanalaryň ösüşi munuň aýdyň beýanydyr.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy we durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk we ylmyň täze gazananlary esasynda enjamlaşdyrylan saglyk öýleri we derman senagatyna degişli desgalar guruldy. Olarda ýerli çig mallaryň esasynda uly islegden peýdalanýan dermanlyk serişdeleriň önümçiligi ýola goýuldy.
Şu ýyl Balkan we Daşoguz welaýatlarynda köpugurly hassahanalaryň açylyş dabaralary boldy. Şeýle hem Daşoguz şäheriniň merkezinde onkologiýa hassahanasy gurlup ulanmaga berildi.
“Il saglygy — ýurt baýlygy!” şygary astynda geçirilýän köpugurly işler ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleriniň dabaraly ýörişinde öz beýanyny tapdy.
Maliýe-bank ulgamyna degişli pannolar we dürli şekiller dabaraly ýörişiň esasy bezegine öwrüldi. Onda Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiniň görkezijileri öz beýanyny tapdy.
Adamlar hakdaky aladany esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň baş maksady ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini berkitmekden ybarat bolup durýar. Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göteriminiň saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, jemagat hojalygy ulgamlarynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilmegi, aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň artdyrylmagy we bu ugurda degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi raýatlaryň durmuş goraglylyk derejesiniň ýokarydygyny we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär.
Ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde bank hyzmatlarynyň görnüşleri artýar, elektron töleg hyzmatlary we nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleri ýokarlanýar.
Bank ulgamyny ösdürmek — milli ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri. Çünki bu pudagyň edaralaryna halk hojalygynyň pudaklarynyň arasynda maliýe serişdelerini degişli derejede paýlamagy üpjün etmek wezipesi berildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we onuň innowasiýa ösüşini şertlendirýär.
Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ösüşini görkezýän pannolar dabaraly ýörişi dowam etdi. Onda ajaýyp gölli haly önümleri has-da gözel görünýär.
Täze taryhy eýýamda gadymy halyçylyk sungaty ösüşiň täze derejesine çykdy. Şunda onuň türkmen halyçylarynyň ussatlygy bilen dörän gözelligi, şöhraty täzeden dikeldildi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly we eksport ugurly dokma senagaty kemala geldi. Ýokary hilli önümler içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýar.
“Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň köpöwüşginli çykyşlary pudagyň işgärleriniň dabaraly ýörişine baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden ybarat topar meýdançada peýda boldy. Bu düzümleriň işi “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly önümleriň dünýä bazarlaryna çykmagyny şertlendirýär.
Söwda we hyzmatlar ulgamynyň okgunly ösüşiniň üpjün edilmegi bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýetimiziň kemala gelmeginiň baş şertini emele getirýär.
Bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagy esasy ugur edinýän Türkmenistan telekeçilik işini höweslendirýär we ýurdumyzyň işewür toparlarynyň netijeliligini artdyrýar. Dabaraly ýörişde bu düzümleriň görkezijileri hem aýdyň görünýär.
Häzirki döwürde döwletimiz kiçi we orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösüşi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertlerini döretdi hem-de hususy başlangyçlara goldaw berýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ýola goýmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek, senagat kärhanalaryny, döwrebap söwda merkezlerini we täze obalary gurmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde möhüm orun degişli bolup durýar.
Iri taslamalary durmuşa geçirmekde, şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmakda hususy pudagyň işine zerur ähmiýet berilýändigini bellemeli.
Soňra bu ýerde guralan dabara milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagy hasaplanylýan ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň dabaraly ýörişi bilen dowam etdi.
Tebigy gazy daşarky bazarlara köpugurly esasda ugratmak dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň baýramçylyk äheňinde bezelen ulaglarynda nebitgaz pudagynyň ýeten derejesi we ösüşleri görkezilýär. Pudagyň ýörite lybasly işgärleri ellerinde alawlaryň şekillerini göterip, dabaraly ýörişe özboluşly bezeg berýärler. Olaryň yhlasly zähmeti bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty we onuň dünýäniň energetika ýurdy hökmündäki derejesi pugtalanýar.
Soňra Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ajaýyp bezeglere beslenen ulagynda pudagyň ýeten derejesi beýan edilýär. Toplumyň wekilleri bugdaý sümmüllerini we açylan gozalary göterip geçýärler.
Türkmen topragynyň datly miweleri obasenagat toplumynda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümleri bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Bu görnüşler ýurdumyzda azyk bolçulygyny, ýygnalan hasylyň belent harmanlaryny, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny görkezýär. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý ak bugdaý tabşyrdylar. Munuň özi ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk baýramçylygyna oba zähmetkeşleriniň mynasyp sowgady boldy.
Türkmenistan däneçiligiň we maldarçylygyň önümçilik möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Pudagyň düzümleri giňeldilýär we döwrebaplaşdyrylýar, şol sanda iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar.
Şu pursatda ýurdumyzyň meşhur estradaçylary Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdymy ýerine ýetirdiler.
Milli ykdysadyýetimizde we umuman, halk hojalygy pudagynda obasenagat toplumynyň ösüşine möhüm orun degişlidir. Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine we “Türkmen atlary” döwlet birleşigine degişli şekillerde täsin şaglawuklaryň, ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadamynyň aýdyň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şekilleri görkezilýär. Häzirki döwürde ýelden ýüwrük bedewleriň şöhraty ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Bedewler türkmen halkynyň buýsanjy, kalbynyň ganaty we halkymyzyň bahasyz baýlygydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe awtomobil, deňiz-derýa, demir ýol we howa ulaglarynyň işiniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde geosyýasy taýdan amatly çäkde ýerleşen Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri ýokarlanýar.
Meýdançadan “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň taýýarlan ajaýyp bezegli awtoulaglary biri-biriniň yzyndan geçýärler. Ýurdumyzda bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek wezipeleri yzygiderli ýerine ýetirilýär. Bu bolsa halkara howa ugurlarynyň, ulaglaryň ýerüsti we suw görnüşleri arkaly ýük we ýolagçy gatnatmagyň artdyrylmagyna, “Gündogar — Günbatar”, “Demirgazyk — Günorta” ugurlary boýunça halkara ähmiýetli multimodal geçelgeleriň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan ulag toplumynyň yzysüre geçen aragatnaşyk pudagynyň işgärleri baş baýramçylyga täze zähmet üstünlikleri bilen geldiler.
Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýörişinde täze tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary işjeň ornaşdyrýan pudagyň üstünlikleri görünýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň milli telekommunikasiýa ulgamy dünýä ülňülerine çykýar we ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrýar. 2015-nji ýylda goýberilen «TürkmenÄlem 52oE» ilkinji türkmen emeli hemrasy aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltdi.
Soňra meýdançada täze taryhy eýýamyň bagtyýar çagalary peýda boldular. Ösüp gelýän ýaş nesillere şöhratly pederlerimiziň ýagşy däplerini we wesýetlerini dowam etmek, Watanymyzyň geljegine, ykbalyna dahylly bolmak ynanyldy. Şunda döwletimiz ýaşlaryň häzirki zaman bilimine eýe bolmagy, ýokary hilli bilim almagy, ähli ugurlarda üstünlik gazanmagy, erkin we bagtyýar ömür sürmegi, döredijilik, halal zähmet bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri üpjün edýär.
“Güller açýan Watanymyzda sarpalydyr sungatymyz” atly aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyga belent öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzyň belli estradaçylarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini, zähmetsöýer halkymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Tans toparlarynyň çykyşlary joşgunly aýdymlar bilen utgaşdy.
Ähli watandaşlarymyzyň kalplaryny mähriban Watanymyzyň ajaýyp we bagtyýar geljegine bolan buýsanç duýgulary we pugta ynam gurşap aldy.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary, medeniýet edaralarynyň işgärleri agzybirlikde baýramçylyk ýörişini dowam etdiler.
Döwletimiz bu wajyp ulgamyň ösüşine möhüm üns berýär. Şunda döredijilik işgärleri üçin ajaýyp şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teleradioýaýlymlaryň, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň işi ösdürilýär we kämilleşdirilýär.
Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň Watany, zehinli ussalaryň mekany hasaplanylýar. Bu ýerde sungat wekilleriniň çykyşlary uly joşguna eýe boldy.
Şöhratly pederlerimiziň milli gymmatlyklaryny, sungatyň, senetkärçiligiň dürli görnüşlerini mynasyp dowam edýän ussatlar halkara derejedäki ykrarnama eýe bolýarlar. Munuň özi raýatlaryň watansöýüjilik ruhuny baýlaşdyrmakda, döwletimiziň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende götermekde aýratyn ähmiýetlidir.
“Görogly” şadessanynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilendigini bellemeli. Şu ýylyň başynda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty bu sanawyň üstüni ýetirdi.
Dutaryň türkmen halkynyň baý milli mirasynyň esasy nyşany bolup durýandygy tötänden däldir. Ol medeniýet we sungat işgärleriniň dabaraly ýörişiniň esasy bezegine öwrüldi.
Şeýlelikde, zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň we çagalaryň müňlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýöriş Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly senesiniň ajaýyp üstünlikler bilen garşylanandygyny we täze zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly geljekki üstünlikleriň ygtybarly binýadynyň goýlandygyny görkezdi.
Watanymyzyň merkezinde başlanan baýramçylyk ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giňden dowam etdi.
Ählihalk toýy türkmen topragynyň hemme ýerlerini gurşap aldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna baýramçylyk dabaralary köpöwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy. Täze taryhy eýýamyň baýramlarynyň aýrylmaz bölegi bolan feýerwerk ak mermerli Aşgabadyň agşamky asmanynda dürli reňkler bilen nur saçdy.
TDH 27.09.2022 ý.