Şahsy taraplar

Şahsy taraplar

Sarp ediş maksatly karzlary nagt däl görnüşinde (Zamunçylyk)

  • Karzyň möhleti

    3 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    30 000 manadan ýokary bolmadyk möçberinde
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 12%

Sarp ediş maksatly karzlary nagt däl görnüşinde (Zamunçylyk)

  • Karzyň möhleti

    2 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    10 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberinde
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 12%


Sarp ediş maksatly karzlary nagt däl görnüşinde (Girew)

  • Karzyň möhleti

    3 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    60 000 manada çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 12%

Ýaş maşgalalara öý-goş satyn almak üçin karz (nagt we nagt däl görnüşinde)
  • Karzyň möhleti

    3 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    20 000 manada çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 1%

Kiçi göwrümli (önümçilik üçin) karzlar
  • Karzyň möhleti

    3 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    30 000 manada çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 10%

Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.09.2011 ýyl 11817 belgili kararyna laýyklykda täze ýaşaýyş jaýyny satyn almak (ipoteka) üçin
  • Karzyň möhleti

    30 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    Ýaşaýyş jaýyny(öýi) satyn almak üçin,
    jaýyň doly bahasy
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 1%

 “Talyp karzy” 
  • Karzyň möhleti

    3 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    42 000 manada çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 5%

Türkmenistanyň Prezidentiniň 28.02.2014 ýyl 13513 belgili karary boýunça ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin sarp ediş karzy (Girew)

  • Karzyň möhleti

    3 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    50 000 manadan ýokary bolmadyk möçberinde
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 8%


Türkmenistanyň Prezidentiniň 9361 belgili we 11179, 10618, 13792  belgili kararlaryna laýyklykda raýatlara ýaşaýyş jaýyny satyn almak üçin 

  • Karzyň möhleti

    30 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    Jaýyň bahasynyň 90% çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 1%


Türkmenistanyň Prezidentiniň 07.07.2014 ýyl çykaran 13745 belgili karary boýunça

  • Karzyň möhleti

    3 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň 85% çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 1%
Owerdraft karzy
  • Karzyň möhleti

    1 ýyla çenli
  • Karzyň möçberi

    Ortaça aýlyk zähmet hakynyň 50% çenli
  • Göterim derejesi

    Ýyllyk 10%
Karzlaryň üpjünçiligi zamunçylyk, girew emlägi, kepillik. Karzlar nagt däl görnüşinde berilýär.


Fiziki şahslar karz almak üçin banka şu resminamalary tabşyrýar:

 

karz almak üçin ýüztutmasy;

şahsyýetini tassyklaýjy resminamanyň nusgasy;

karz alyjynyň ýaşaýan ýeri, maşgala ýagdaýyny tassyklaýyn resminama we nika şahadatnamasynyň nusgasy (eger nikada duran bolsa);

karz alyjynyň zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen iş ýerinden güwanama (ähli tutumlar tutulandan soňra galan sap girdejisi görkezilen), zähmet depderçesiniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şaýatlyk edilen  nusgasy. Hususy telekeçiniň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannama;

zamun bolup çykyş edýän taraplaryň ýazmaça razylygy we olaryň pasportlarynyň nusgalary (ähli zerur sahypalary), eýeleýän wezipelerini we zähmet hakynyň möçberini görkezmek bilen iş ýerinden güwanamalary, zähmet depderçeleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şaýatlyk edilen nusgalary;

karzyň üpjünçiligine hödürlenýän girewleriň eýeçilik hukugyny we olaryň bahasyny tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalary. (hödürlenýän girewiň bahasy ygtybarly diýip kabul edilen ýagdaýynda, onuň bahasyny tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalary talap edilmän bilner.)

 

Käbir karzlar üçin talap edilýän resminamalar bankyň bellenen Tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.