Edara görnüşli taraplar
Döwlet kärhanalary
Zähmet haky üçin:
-
Karzyň möhleti
6 aý
-
Karzyň möçberi
150 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberinde
-
Göterim derejesi
Ýyllyk 8%
Öňki karzlarynyň galyndysy bolmadyk ýagdaýynda nagt däl görnüşinde:
Karzyň möhleti
2 ýyla çenli
Karzyň möçberi
150 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberinde
Göterim derejesi
Ýyllyk 10%
Türkmenistanyň Prezidentiniň
kararlaryna laýyklykda Döwlet tabşyrygy boýunça oba hojalyk önümlerini
öndürmek we hasaplaşyklary geçirmek üçin
-
Karzyň möhleti
Möwsümleýin
-
Karzyň möçberi
Bellenen tertibe laýyklykda
-
Göterim derejesi
Ýyllyk 2%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.10.2018 ýyl 942 belgili karary boýunça
Karzyň möhleti
10 ýyla çenli
Karzyň möçberi
Oba hojalyk tehnikalaryny we suw geçirijileri satyn almak üçin
Göterim derejesi
Ýyllyk 1%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.10.2018 ýyl 942 belgili karary boýunça
Karzyň möhleti
10 ýyla çenli
Karzyň möçberi
Maýa goýum taslamasy boýunça
Göterim derejesi
Ýyllyk 5%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 08.08.2014 ýyl 13792 belgili karary boýunça (Gurluşyk üçin)
-
Karzyň möhleti
Üç taraplaýyn şertnamanyň möhletine çenli
-
Karzyň möçberi
Bellenen tertibe laýyklykda
-
Göterim derejesi
Ýyllyk 1%
Döwlete dahylsyz edara görnüşindäki taraplar
Söwda we gurluşyk, şol sanda gurluşyk harytlaryny satyn almak maksatlaryna (Girew)
Karzyň möhleti
2 ýyla çenli
Karzyň möçberi
200 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberinde
Göterim derejesi
Ýyllyk 10%
Önümçilik maksatly: önümçilik enjamlaryny satyn almak we ş.m. (Girew)
Karzyň möhleti
5 ýyla çenli
Karzyň möçberi
300 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberinde
Göterim derejesi
Ýyllyk 7%
Önümçilik maksatly: çig-mallary we materiallary satyn almak (Girew)
Karzyň möhleti
2 ýyla çenli
Karzyň möçberi
300 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberinde
Göterim derejesi
Ýyllyk 7%
Hyzmatlary ýerine ýetirmek (Girew)
Karzyň möhleti
2 ýyla çenli
Karzyň möçberi
300 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberinde
Göterim derejesi
Ýyllyk 10%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.07.2012 ýyl 12446 belgili karary boýunça
Karzyň möhleti
Dolanyşyk serişdeleri 1 ýyla,
esasy serişdeler 10 ýyla çenli
Karzyň möçberi
Bellenen tertibe laýyklykda
Göterim derejesi
Ýyllyk 5%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.10.2018 ýyl 942 belgili karary boýunça
Karzyň möhleti
10 ýyla çenli
Karzyň möçberi
Oba hojalyk tehnikalaryny we suw geçirijileri satyn almak üçin
Göterim derejesi
Ýyllyk 1%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 12.10.2018 ýyl 942 belgili karary boýunça
Karzyň möhleti
10 ýyla çenli
Karzyň möçberi
Maýa goýum taslamalary boýunça
Göterim derejesi
Ýyllyk 5%
Türkmenistanyň Prezidentiniň 08.08.2014 ýyl 13792 belgili karary boýunça
Karzyň möhleti
Üç taraplaýyn şertnamanyň möhletine çenli
Karzyň möçberi
Bellenen tertibe laýyklykda
Göterim derejesi
Ýyllyk 1%
Karzlaryň üpjünçiligi zamunçylyk, girew emlägi, kepillik.
Karzlar nagt däl görnüşinde berilýär.
Ýuridik şahslar karz almak üçin banka aşakdaky resminamalary tabşyrýar:
1) karz alyjynyň ýa-da olar tarapyndan ygtyýarly edilen, degişli hukuklara eýe bolan beýleki taraplaryň karz almak üçin ýüz tutmasy;
2) işewürlik meýilnamasy ýa-da tehniki ykdysady esaslandyrmasy;
3) işjeňliginiň soňky üç ýylyny öz içine alýan maliýe hasabatlary (eger ýuridik şahsyň döredilen pursadyndan bäri 3 senenama ýyly geçmedik bolsa, döredilen pursadyndan bäri tabşyran maliýe hasabatlary);
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik şahslar babatynda audit hökmany bolan halatynda auditorçylyk netijenamasy;
5) karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri, hyzmatlary tassyklaýan şertnamalaryň nusgalary ýa-da hasaplaşyk töleg resminamalarynyň göçürme nusgalary;
6) esaslandyryş resminamalarynyň (Tertipnamanyň, Düzgünnamanyň, esaslandyryş şertnamanyň), salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamasynyň, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasynyň we Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň tassyklanan nusgalary;
7) maliýeleşdirilýän taslama boýunça ýer böleginiň ýa-da önümçilik jaýynyň barlygyny tassyklaýan resminamalaryň göçürmesi (ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasy, ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy, ýere kärende hukugy barada Şahadatnama, tükelleýiş işi, kärende şertnamasy);
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişli işleriň görnüşleri boýunça ygtyýarnamanyň nusgalary (eger-de önümçilik täze ýola goýlan bolsa, onda ygtyýarnamanyň nusgasyny önüm öndürilip başlandan soň almaklyk şerti bilen);
9) karz alyjy başga karz edaranyň müşderisi bolan ýagdaýynda gollaryň nusgalary goýlan we möhüriň yzy goýlan kartoçka, oňa döwlet notarial edaralary tarapyndan güwä geçilen bolmalydyr;
10) karzyň üpjünçiligine hödürlenýän girewleriň eýeçilik hukugyny we olaryň bahasyny tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalary;
11) önümçilik desgalaryny gurmaklyga potrat şertnamalar (gurluşyk we taslama işlerine degişli ygtyýarnamalaryň nusgalaryny çatmak bilen);
12) Baş binagärler tarapyndan tassyklanylan baş meýilnamanyň we eskiz taslamanyň nusgasy;
13) satyn alynýan enjamlaryň gelip çykyşyny, şeýle hem esasy serişdeleri satyn almak bilen bagly önümçilik taslamalar boýunça çig mal üpjünçiligini tassyklaýan resminamalar.