Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
nNDHWSIYAYu1IxZToioPGDQyHm9M9bOWWrKx9ptLX3MNuSWADy_1671687043.jpg
1427
22.12.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlis başlamazdan ozal, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň çyzgylary, şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy merkeziň gurluşygy boýunça taýýarlanylan şekil taslamalaryň görkezilýän ýeriniň ýanynda saklandy. Bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow merkeziň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy, taýýarlanylan taslamalar we olaryň tapawutly aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, merkeziň çäginde gurluşygy alnyp barylýan we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda merkeziň baş meýdançasynda oturdyljak Baýdak sütüniniň hem-de onuň ýanaşyk ýerleriniň şekil taslamalary bar. Şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimliginiň edara binasynyň jaýy, merkeziň çägindäki inženerçilik ulgamlary, onuň eýeleýän umumy meýdany baradaky şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, baş seýilgähiň, “Saglyk” seýilgähiniň we taryhy-medeni seýilgähiň şekil taslamalary, desgalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz merkeziň çägindäki ýaşyl zolaklaryň ilatly ýeriň ekologik ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam bermelidigine, olarda medeniýetli dynç almak hem-de wagtyňy gyzykly, peýdaly geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şekil taslamalaryndan görnüşi ýaly, täze şäheriň çäklerinde häzirki zaman sanly ulgamy esasynda lukmançylyk, bank, söwda edaralarynyň işlemegi üçin şertler dörediler, awtobuslaryň gatnawlary düzgünleşdiriler, taksi hyzmatlary hödürleniler. Şunda “akylly” şäher konsepsiýasynyň, elektron resminama dolanyşygynyň netijeli işiniň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berler. Merkezde häzirki zaman internet ulgamynyň serişdeleri hereket eder we dürli ugurlar boýunça degişli portallaryň işleri ýola goýlar. Munuň özi döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň kämil derejesiniň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny şertlendirer.

Täze şäheriň çäginde elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şunda bu ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, hereket sazlaýjy yşyklaryň, awtoduralgalaryň işine sanly ulgam ornaşdyrylar. Munuň özi sazlaşykly hereketi hem-de şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün eder. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza ulag ýollarynda guruljak awtobus duralgalarynyň, dürli maksatly desgalaryň golaýynda bina edilmegi meýilleşdirilýän açyk we ýapyk görnüşli awtomobil duralgalarynyň şekil taslamalary, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň aýratynlyklary, merkeziň yşyklandyryş ulgamynyň işleýiş düzgünleri bilen baglanyşykly taýýarlanylan şekil taslamalary, çyzgylar görkezildi. Şunda merkeziň çäginde “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alynýar. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bolsa bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Merkeziň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähli işlerde şu ýörelgeleriň üpjün edilmegi esasy talap bolup durýar.

Merkeziň çäginde bina ediljek desgalarda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlarynyň we häzirki zaman sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilýär hem-de olaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Soňra bu ýerde merkeziň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işleriň gerimi, onuň desgalarynda ornaşdyrylýan döwrebap enjamlaryň ähmiýeti, şeýle hem şäher düzüminiň ähli ugurlarynda ulanyljak sanly ulgam şertleriniň häzirki zaman derejesi, umuman, “akylly” şäher konsepsiýasynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen giň möçberli işler barada maglumat berýän wideoşekiller görkezildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 3-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň täze merkezinde geçiren iş maslahatynda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly degişli ýolbaşçylaryň hasabatlarynyň diňleniljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gün tertibine girizilen meselelere geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň täze şäheri, şeýle hem onuň merkezi binalaryny atlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek babatda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini göz öňünde tutup, “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda” Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň ýolbaşçysy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Karara laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini Arkadag şäherine geçirmek, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýerini kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasyny Arkadag şäheriniň çägine goşulandygy sebäpli dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarmak, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşligini ýatyrmak, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmegi bellenildi.

Şeýle hem “Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, halkyň erk-islegi esasynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berildi. Habar berlişi ýaly, Milli Geňeşiň Mejlisiniň kabul eden karary esasynda, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak, merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik Ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmak we mundan beýläk ony “Arkadag Binasy” diýip atlandyrmak, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine Aba Annaýewiň, Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň, welaýat kitaphanasyna Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine Şükür bagşynyň adyny dakmak bellenildi.

Soňra daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 3-nji dekabrynda geçiren iş maslahatynyň barşynda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalary arkaly täze Arkadag şäherinde durmuş we ykdysady ulgamlarda gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmek üçin abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen degişli işler amala aşyrylýar.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy D.Täşliýew Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurluşygy tamamlanan desgalary we binalary seljermek we kabul etmek boýunça degişli tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, bu işleri talabalaýyk derejede hem-de bellenilen tertibe, bildirilýän talaplara laýyklykda geçirmek üçin degişli pudagara topary döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşygy tamamlanan desgalary we binalary seljermek we kabul etmek boýunça pudagara topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow Arkadag şäheriniň desgalarynyň gurluşygy üçin bölünip berilýän döwlet maliýe serişdeleriniň özleşdirilişi barada hasabat berdi. Bu ugurdaky işleriň Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýandygy habar berildi. Zerur bolan tölegler öz wagtynda hem-de bellenilen tertipde geçirilýär.

Bilim ministri G.Ataýewa Arkadag şäherinde gurulýan bilim edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, bu ugurdaky işlere professor-mugallymlary we talyp ýaşlary çekmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda her biri 720 orunlyk 4 sany umumybilim berýän mekdebiň, 10 sany çagalar bagynyň, Halkara atçylyk akademiýasynyň, Ahal welaýat mugallymçylyk hem-de lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň, 1 sany 7 gatly, 28 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Geçirilýän işleriň çäklerinde bilim ulgamynyň sanly çözgütleri, şol sanda “elektron mekdep” ulgamyny, okuw maksatnamalaryna girizilen kitaplaryň ählisini bir ýerde jemleýän sanly kitaphana ulgamyny, onlaýn ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmäge mümkinçilik berýän “Zehin” atly sanly ulgamy girizmek bilen bagly teklipler taýýarlanyldy. Şeýle-de ähli bilim edaralaryny mugallymlar bilen üpjün etmek babatda hem degişli işler alnyp barylýar.

Soňra Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ylmy işleri geçirmek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ornaşdyrylýan “akylly” tehnologiýalaryň mümkinçilikleri” atly maslahatyň jemleri barada aýdyldy. Onuň çäklerinde “akylly” şäheriň binagärlik aýratynlyklary we infrastrukturasynyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem “akylly” öý tehnologiýalary barada ylmy pikir alyşmalar boldy.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hassalara daş aralykdan gözegçilik etmegiň “akylly” ulgamy, dynç alyş merkezlerini awtomatik dolandyryjy ulgam, “akylly” ýolyşyk, “akylly” ýyladyşhana, dürli ýerlerde hyzmat etmek üçin mobil robot boýunça ylmy-amaly işleriň ýerine ýetirilýändigi habar berildi. Şeýle hem ulaglarda “akylly” ulgamlary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly işlenilip taýýarlanylýan taslamalar barada aýdyldy. “Akylly” öý, “akylly” şäher bilen baglanyşykly ylmy taslamalary durmuşa geçirmek boýunça 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasy düzüldi. Şunuň bilen birlikde, merkeziň hyzmatlar portalyny hem-de geomaglumatlar ulgamyny işläp düzmek amala aşyrylýar, seýsmiki ölçegler geçirilýär, mikroseýsmiki gözegçiligiň maglumatlary ýygnalyp, degişli işler alnyp barylýar.

Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy-barlag edaralarynyň alymlary ýokary okuw mekdepleriniň alymlary bilen bilelikde kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalarynyň üstünde işleýärler.

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew döwlet Baştutanymyzyň Arkadag şäherinde bag ekmek boýunça ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şu ýylyň 28-nji oktýabrynda ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyklykda guralýan bu döwrebap şäheriň golaýynda açyk asmanyň astynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Oňa oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmeni, şeýle hem Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi gatnaşdy. 5-nji noýabrda bu ýerde ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsüminiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek çäresi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Hasabat berlişi ýaly, Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny gurmagyň meýilnamasyna laýyklykda, 288 gektara golaý meýdanda bag nahallaryny ekmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda ministrligiň degişli hünärmenleri zerur bolan maslahatlary berýärler hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýan işlere gözegçilik edýärler.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen bilelikde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda öňdebaryjy tehnologiýalary, hususan-da, “akylly” öý ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Daşky eltiji sanly aragatnaşyk ulgamlarynyň işini bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, 106,5 kilometr optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy çekildi. Şeýle hem uzynlygy 259 kilometr bolan içerki aragatnaşyk ulgamlary çekiler. Bu tehnologiýanyň işe girizilmegi bilen, edaralara we ýaşaýyş jaýlaryndaky her bir öýe optiki-süýümli ulgam çekiler, munuň özi şol bir wagtyň özünde ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy gurnalyp, işe girizildi. Gurulýan desgalarda “akylly” şäher we “akylly” öý hyzmatlaryndan uzak aralykdan peýdalanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman tehnologiýasy işe girizildi.

Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin “akylly” wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwuny we tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalar. Merkezi seýilgähde Wi-Fi zolagy dörediler. Edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy, e.gov.tm döwlet hyzmatlary saýty welaýat merkeziniň portalyny açýar. Munuň özi ýaşaýjylara onlaýn hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary G.Çaryýew Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa elektroulaglary ulanmak we olary ýurdumyza getirmek baradaky tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, dünýäniň elektrobuslary, elektromobilleri we olara degişli enjamlary öndürýän kompaniýalarynyň täjirçilik teklipleri, bu ulaglaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de olaryň deslapky zerur sany öwrenildi we häzirki wagtda olary satyn almak, ýurdumyza getirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ähli amatlyklary bolan döwrebap awtotoplumy hem-de elektrik tok beriji beketleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Jemgyýetçilik ulaglarynda ornaşdyrylan enjamlar arkaly ýolagçylardan buýurmalaryň we tölegleriň sanly ulgamyň üsti bilen kabul ediljekdigi aýdyldy. Şeýle hem ulaglaryň ýol hatlary sanly ulgam arkaly ulanylar, olaryň hereketlerine sanly ulgam arkaly gözegçilik ediler. Mundan başga-da, ulanyljak elektrobuslarda ornaşdyrylan enjamyň mümkinçiliklerini peýdalanyp, şol ulaglaryň ugurlarynyň ýol çyzgylary, ugurlarynyň ady we belgisi, olaryň duralga gelmeli wagty baradaky maglumatlary öz içine alýan ýörite ykjam mobil programma üpjünçiligini döretmek meýilleşdirilýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň açylyşyna taýýarlyk görmek babatda tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, Merkezi bank, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde geçirilen degişli işler barada aýdyldy.

Soňra medeniýet ministri A.Şamyradow Arkadag şäheriniň desgalarynyň açylmagy mynasybetli geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Täze edara ediş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka öwrüler. Bu dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin iş topary döredildi. Onuň düzümine meşhur režissýorlar, kompozitorlar, suratkeşler, döredijilik toparlary girizildi. Hasabatyň dowamynda merkeziň açylyş dabarasynyň konsepsiýasynyň taslamasynyň hem-de dabarany geçirmegiň Tertibiniň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin hem-de döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň «Ahal öwüşginleri» etnografik-folklor tans toparynyň artisti Kuwwat Çaryguliýewe hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Döwletgeldi Amanlykowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak kararyna gelendigini aýtdy we degişli Permana gol çekdi.

Soňra Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow gurluşygyň birinji tapgyryny tamamlamak boýunça işleriň ýokary depginini üpjün etmek ugrundaky çäreler barada hasabat berdi. Dürli maksatly desgalary gurmak boýunça amala aşyrylan işleriň hiline, olary ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilişine, innowasion tehnologiýalary ulanmaga aýratyn üns berilýär. Hasabatyň dowamynda bu taslamanyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Şeýle hem degişli taslama çyzgylarynyň taýýarlanylyşy, olaryň işini utgaşdyrmak üçin buýrujylar we potratçy edaralar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýluşy barada hasabat berildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martyndaky Kararyna laýyklykda, Gökdepe etrabynyň Gorjaw obasynyň çäginde umumy meýdany 1002 gektar bolan ýer böleginde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, täze, döwrebap welaýat merkezindäki gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Gurluşyk işleri iki tapgyrda amala aşyrylýar. Onuň birinji tapgyry jemi 336 desgany, şol sanda häkimligiň edara binasyny, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasyny, Baýdak sütünini, “Ahal” monumentini, Ahal atçylyk sirkini, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezini, Ruhyýet köşgüni, kitaphanany, Bagt köşgüni, drama teatryny, muzeýi, welaýat derejesindäki kärhanalaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň binalaryny, banklaryň welaýat şahamçalarynyň edara binalaryny we beýleki möhüm desgalary öz içine alýar. Şeýle hem çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, saglyk öýüniň, onkologiýa merkeziniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, köpugurly hassahananyň, “Tiz kömek” merkeziniň, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň 4-siniň, orta hünär mekdepleriniň hem 4-siniň, 10 sany çagalar bagynyň, köpugurly sport toplumynyň, sport merkeziniň we stadionyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, birinji tapgyryň çäklerinde 258 sany iki, bäş, ýedi we dokuz gatly ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Mundan başga-da, 19 dükan, 3 hyzmat ediş öýi, myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezi hem-de seýilgäh-dynç alyş zolaklary gurulýar. Iki tapgyryň çäklerinde birnäçe ugurlar — inženerçilik-tehniki ulgamlary we desgalary, ýol-ulag düzüminiň desgalaryny gurmak, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen meşhur Akhan bedewiniň heýkelini oturtmak göz öňünde tutulýar. Onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak we suw çüwdürimlerini gurmak işleri alnyp barylýar. Bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşýarlar.

Şunuň bilen bir hatarda, gurluşyk işleriniň hiline, milli binagärlik we öňdebaryjy tejribeleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna, ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşyna, agaç nahallaryny oturtmak işlerine gözegçilik edilýär. Gurulýan binalaryň gurluşygynda sanly ulgamlary ornaşdyrmak işlerine aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri bilen bagly öňde duran wezipelere ünsi çekdi. Degişli ýolbaşçylara bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryny öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrmak üçin degişli işleri geçirmek tabşyryldy. Işçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Wise-premýer H.Geldimyradowa ýerine ýetirilen işler üçin tölegleriň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B.Atdaýewe ilata ýokary derejede hyzmatlary guramak üçin Arkadag şäheriniň Söwda müdiriýetini döretmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer N.Amannepesowa ýüzlenip, täze şäherde saglygy goraýyş we bilim ugurlary boýunça müdiriýetleri açmagy, mekdepleri we çagalar baglaryny ýokary derejeli mugallymlar, terbiýeçiler bilen üpjün etmegi, ähli bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri “akylly” şäher bolmaly, şonuň üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe we wise-premýer N.Amannepesowa bu ýerde sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi açmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Mämmedowa Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň meýilnamasyny düzmegi, köçeleriň, meýdançalaryň we binalaryň sanawyny, olary bezemegiň şekillerini taýýarlamagy hem-de täze merkeziň Baş meýdançasynda baýramçylyk konsertini guramagy tabşyrdy.

Wise-premýer A.Ýazmyradowa täze şäherde we onuň daş-töwereginde agaç nahallaryny oturtmak boýunça zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň açylyşynda dabaraly harby ýörişi geçirmek boýunça gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, ýaýbaňlandyryljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň milli ruha kybap derejede guralmalydygyna ünsi çekmek bilen, bu taryhy ähmiýetli waka eýýäm häzirden taýýarlyk görmelidigini belledi we birnäçe ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

TDH 21.12.2022 ý.