Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
m9KLXgVQYnb63BGJk5e9e7jzTN8iQVOCNi8NC17SCkCdXIwZvz_1682484279.jpg
596
26.04.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda bugdaýa ösüş suwuny tutmak, ony organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem gowaça ekişini öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar, gögeriş alnan ýerlerde ideg işleri geçirilýär.

Welaýatda ýeralma, sogana hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly berjaý etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň esasy bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy hem-de bugdaýa, ýazlyk ekinlere edilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz häkime ýurdumyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň, etraplardaky şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama laýyklykda, welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Welaýatda gowaça ekişi tamamlanyp, häzirki wagtda gögeriş suwuny tutmak we ilkinji hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, ýeralma, sogan we beýleki ýazlyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri talabalaýyk dowam edýär, pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Behişdi bedewlerimiziň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki günlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bugdaýa edilýän ideg işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda hem-de ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegi hem-de bu işlere berk gözegçiligi üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz häkime her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyny mynasyp geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häkime Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, hususan-da, bugdaýa ideg işleri, gowaça ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri talabalaýyk geçirilýär, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany berjaý etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyny mynasyp geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşyna ünsi çekdi hem-de bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem häkime gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz häkime Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen dürli medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmegini tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek üçin ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär, pile öndürýän hojalyklarda ýüpek gurçuklaryna ideg işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berildi. Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda, ýeralma, sogana edilýän ideg işleriniň bellenen möhletlerde alnyp barylmagy babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda gowaça ekişiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häkime ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişini bellenen möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly berjaý etmek üçin zerur tagallalar edilýär. Hasabatyň dowamynda welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramyny mynasyp geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de häkime welaýatda gowaça ekişiniň, bugdaý, ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, meýilleşdirilen işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýdyp, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Gowaça ekişi geçiriljek meýdanlara tagt suwy, ekiş geçirilen meýdanlara bolsa gögeriş suwy tutulýar. Gowaça ekişinde tehnikalary, gurallary işletmek boýunça zerur guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynda ýokary hasyl ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak çäreleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýeralmanyň we gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak arkaly ilatymyzy bu önümler bilen elýeterli bahalardan üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany doly berjaý etmek üçin ýurdumyzyň welaýatlarynda pile öndürijiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna degişli ideg işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, bellenen meýilnama laýyklykda, şu hepdäniň dowamynda dabaraly çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly, ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmegi, suw serişdeleriniň peýdalanylmagyna aýawly we rejeli çemeleşilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli şu hepdäniň dowamynda meýilleşdirilýän dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, ekin meýdanlarynda zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH 24.04.2023 ý.)