Türkmenistanly tennisçiler Özbegistanyň ýygyndysyny taryhy ýeňiş bilen utdy
28pYsyp6lcmdr5oR4ABbrass8KuXTsriFvrDaAc2IjHvvtkfPA_1686302894.jpg
395
09.06.2023

Paýtagtymyzda geçirilýän 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda ýurdumyzyň tennisçileri Özbegistanyň toparyny taryhda ilkinji gezek ýeňmegi başardylar.

Uzak ýyllaryň dowamynda türkmenistanly tennisçilere Özbegistanyň tennis ýygyndysy ýeňip bolmajak garşydaş hasaplanýardy. Dürli ýaş derejesinde geçirilen sport ýaryşlarynda özbegistanly tennisçiler ýurdumyzyň tennis ýygyndysyndan üstün çykyp gelýärdi. Türkmen türgenleri üçin gynandyryjy bolan bu däbi 12 ýaşdan hem kiçi bolan ýaş tennisçilerimiz paýtagtymyzda geçirilýän sport ýaryşynda üýtgetmegi başardylar. Aşgabatdan ýaş türgenler Süleýman Hudaýberdiýew, Nazargeldi Amangeldiýew, Türkmenabatdaky sport mekdebiniň türgeni Aly Geldiýew paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilýän sport ýaryşynyň dördünji gününiň gahrymanlary boldular.

Ýekeleýin geçirilen iki oýunda Aly Geldiýew özbegistanly garşydaşy Artýom Dogoworowa diňe bir utuk gazanmaga mümkinçilik berdi: 6:1, 6:0. Ýekelikde geçirilen ikinji duşuşykda ildeşimiz Süleýman Hudaýberdiýew garşydaşy Islomjon Tursonowdan ynamly ýeňiş gazanmagy başardy: 6:1, 6:2. Onuň bu ýeňşi milli ýygyndymyza wagtyndan öň ýeňiş gazanmaga mümkinçilik döretdi.

Ýekeleýin geçirilen duşuşyklarda zerur netijeleri gazanmagy başaran ýygyndynyň tälimçisi Ýuriý Rogusskiý ikilikde geçirilýän nobatdaky duşuşykda oýunçy çalşyp, ýaş tennisçiler Aly Geldiýewe we Nazargeldi Amangeldiýewe öz ussatlyklaryny görkezmäge şert döretdi.

Özbegistanly tennisçiler Kamranbek Tohirow we Artýom Dogoworow ildeşlerimize garşy ikileýin geçirilen duşuşygyň birinji oýunda birbada 2:0 utuk bilen öňe saýlanan hem bolsalar, ýurdumyzyň tennisçileri oýnuň depginini üýtgedip, 6:2 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardylar.

Duşuşygyň ikinji oýny örän çekeleşikli boldy. Ildeşlerimiz birbada 3:0 utuk toplan bolsalar hem, soň biraz gowşadylar we özbegistanly garşydaşlaryna hasaby deňlemäge mümkinçilik döretdiler. Muňa garamazdan, ildeşlerimiz oýnuň depginini ellerinde saklap, 6:4 hasabynda ýeňiş bilen tamamladylar.

Umumy hasapda Özbegistanyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda üstün çykan ýurdumyzyň ýygyndysy ýaryş tertipnamasynda ikinji orna geçdi. Şeýlelikde, 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda ýurdumyzyň ýygyndysyna ilkinji gezek kümüş medal gazanmaga mümkinçilik döredi. Munuň üçin, ýurdumyzyň ýygyndysyna ýaryşyň jemleýji gününde Täjigistanyň toparyny ýeňmek ýeterlikdir.

Gyzlar ýygyndymyz barada aýdylanda, olar şu günki özbegistanly garşydaşlaryna geçiren duşuşykda 0:3 hasabynda asgyn geldiler. Indi olar sport ýaryşynyň jemleýji gününde täjigistanly garşydaşlary bilen bürünç medal ugrunda göreşerler. Bürünç medala Gyrgyzystanyň gyzlar ýygyndysynyň hem dalaş edýändigini bellemelidiris. Altyn medal ugrunda gyzlaryň arasyndaky duşuşyklar Gazagystanyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.

Ýurdumyzda Halkara tennis federasiýasynyň we Aziýanyň tennis federasiýasynyň howandarlygynda tennis boýunça sebit ýaryşy ikinji gezek kabul edýär. 4 ýyl mundan ozal, paýtagtymyzda geçirilen 12 ýaşly we şondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynda milli ýygyndymyz 3-nji orny eýeläpdiler.

TDH 08.06.2023 ý