Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Wengriýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy
6uZgU6DL7uYlqcTUbkInqcYYuvt8UulB4yXmLjIlEfCb6dGLuj_1686303016.jpg
444
09.06.2023

Şu gün Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň golaýynda haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürleýärler we gül dessesini gowşurýarlar.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň has işjeňleşen döwründe Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň sapary ýurdumyzyň abraýynyň belende galýandygynyň we durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň strategik ugry bolup durýar.

Şu gezekki türkmen-wenger gepleşiklerine ýokary derejede taýýarlyk işleriniň geçirilendigini hem-de oňyn gyzyklanmany nazara almak bilen, Aşgabatda boljak duşuşygyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini ynamly aýtmak bolar. Bu hyzmatdaşlyk ägirt uly kuwwata eýedir. Taraplar şol mümkinçilikleri öz halklarynyň bähbidine ulanmagy göz öňünde tutýarlar. Meýilleşdirilen duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak üçin girizilen meseleler taraplaryň ýola goýan netijeli syýasy-diplomatik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady we däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Şu günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp hem-de ýurdumyza uly wekiliýet bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu saparyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boljakdygyna, onuň çäklerinde geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň bolsa özara hormat goýmak esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň täze usullaryny we ugurlaryny gözlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Ýokary derejedäki gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir, çünki olar dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berýär diýip, Milli Liderimiz belledi.

Wiktor Orban türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, häzirki wagtda Merkezi Aziýada möhüm orny eýeleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, tutuş dünýäde hem-de Wengriýada soňky ýyllarda düýpli we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan häzirki Türkmenistanyň okgunly ösüşine uly gyzyklanma bilen syn edilýär. Şeýle-de ýurduň parahatçylyk söýüjilik, Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berilýär. Şol syýasat dünýäniň döwletleri üçin nusgalykdyr.

Ynanyşmak, netijelilik ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we dostlukly ýurduň Hökümetiniň Baştutany özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Gahryman Arkadagymyz ertir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen boljak duşuşygyň wajypdygyny belläp, häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi giňeltmek üçin türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda aýry-aýry möhüm ugurlara aýratyn üns berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň pikirine görä, syýasy-diplomatik ulgamda halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, adamzadyň abadançylygynyň bähbidine Türkmenistanyň we Wengriýanyň başlangyçlaryny ilerletmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň özara gatnaşyklaryny dowam etdirmek zerurdyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow indi otuz ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruň durmuşa geçirýändigine ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edildi. Munuň özi dünýä bileleşigi tarapyndan Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň biragyzdan goldanylandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ikinji möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Söwda, energetika, senagat kooperasiýasy, logistika, oba hojalygy we hususy ulgam geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Gahryman Arkadagymyz ertir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şu we beýleki ugurlarynyň has içgin ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çözgütleriniň işlenip taýýarlanyljakdygyna ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy islendik ykdysadyýetiň binýadyny düzýän energetika barada aýdyp, energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek, durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny bilen bagly meselelerde iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisiniň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr we bu meseläni has içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Amatly geografik ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz ulag ulgamynda hem özara gatnaşyklara, degişli kommunikasiýa düzümini giňeltmäge, üstaşyr ulag geçelgeleri, ilkinji nobatda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmäge uly ähmiýet berýär.

Dünýäde derman serişdelerini köp möçberde eksport edýän ýigrimi ýurduň hataryna girýän Wengriýanyň uly tejribesini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ulgamy, hususan-da, derman senagaty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda derman serişdelerini we lukmançylyk önümlerini öndürýän bilelikdäki önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek baradaky teklip beýan edildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýär. Umumy pikire görä, iki dostlukly halkyň taryhy taýdan ýakynlygy medeniýet we sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly binýady emele getirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylda Türkmenistanda şanly senäniň — Gündogaryň meşhur şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda belleniljekdigini ýatladyp, wenger tarapyny şu mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Bilim ulgamyny ösdürmek Türkmenistan üçin hem ileri tutulýan ugur bolup durýar. Sport ýaly möhüm ugurda-da biz netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýup bileris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, ýola goýlan türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, türkmen tarapynyň täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady we Wiktor Orbana berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, Wengriýanyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi hem-de türkmen tarapynyň döwletara gatnaşyklary deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda guramaga netijeli çemeleşmesi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, doganlyk türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.

Garaşylyşy ýaly, ertir Aşgabatda geçiriljek türkmen-wenger gepleşikleriniň barşynda meseleleriň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar we köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iki döwletiň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky ynanyşmagy, özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.

TDH 08.06.2023 ý