Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyny gutlady
752
12.06.2023

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenko we ýurduň ähli dostlukly halkyna uly döwlet baýramy — Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan özara gatnaşyklaryň derejesine Türkmenistanda ýokary baha berilýär. Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň halklarymyzyň bähbitlerine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýlip, gutlag hatynda bellenilýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy hanym Walentina Matwiýenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

TDH 11.06.2023 ý