Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
v0xCFwWKlMFTegEuUdTZsRaRx3B5MZyFpqkaawrAiHySQVOeGe_1686632431.jpg
496
13.06.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tegi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň aýdan mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna ýollan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özara hormat goýmak, ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanmalary beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de türkmen-koreý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbitlerine gönükdirilen diplomatik işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Ýun Sok Ýoluň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen dürli ugurlarda okgunly ilerledilmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýedigi nygtaldy. Dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ählumumy gün tertibiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigi ýa-da ýakyn bolmagy halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklary netijeli utgaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde köpugurly esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi we üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilip, köpugurly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň üstüni ýetirýär.

Söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalary ýurdumyzyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanda Koreýa Respublikasynda öndürilen awtoulaglar we ýörite tehnikalar giňden ulanylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler we kabul edilen giň möçberli maksatnamalar özara bähbitli türkmen-koreý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde möhüm orny eýeleýändigi bellenildi. Bu bolsa halklaryň ýakynlaşmagyny, medeniýetleriň özara baýlaşmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamynda gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Diplomat mähirli kabul edilendigi we netijeli gepleşikler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek, iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek ugrunda ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Aşgabatda bolup, ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelligine we şäheriň özboluşly binagärlik keşbiniň ajaýyplygyna haýran galýandygyny belläp, doly ygtyýarly ilçi özünde galan täsirler barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasynda gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, jenap Ji Kýu-Tegi Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belländigimi habar bermäge şatdyryn. Jenap Ji Kýu-Tegiň ýokary şahsy häsiýetleri hem-de ukyp-başarnyklary, onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, Koreýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň bähbitlerine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Koreýa Respublikasynyň adyndan beýan etjekleriniň ählisine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, beýik ýurduňyza bolsa gülläp ösüş arzuw edýärin.

Ýun Sok ÝOL,

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.

(TDH 12.06.2023 ý)