Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
1277
16.06.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, “Semena” assosiasiýasynyň prezidenti Iwan Kuzmini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, onuň ýurdumyza şu gezekki saparynyň GDA-nyň giňişliginde oba hojalyk ulgamynda, hususan-da, tohumçylyk ýaly möhüm ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Iwan Kuzmin wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady. Myhman Ahal welaýatyndaky “Bugdaýly tejribe-tohumçylyk” daýhan birleşigine baryp görende bu özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna göz ýetirendigini aýtdy. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu welaýatda hem galla oragy giňden ýaýbaňlandyryldy. 14-nji iýunda ol şol ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeş boldy. Şunda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmekde bu ulgamda, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn hyzmatlary bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirýändigini we häzirki döwrüň ileri tutulýan meselelerini çözmek maksady bilen, ikitaraplaýyn görnüşde, köptaraplaýyn mehanizmleriň çäklerinde ýakyn gatnaşyklary ösdürýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, obasenagat toplumynyň öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagy we bar bolan serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy tutuş dünýäde möhüm wezipe bolup durýar. Ýurdumyzda oba hojalygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär, ony innowasion çözgütler we pikirler üçin açyk bolan, ýokary tehnologik pudaga öwürmäge gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Duşuşygyň dowamynda bar bolan kuwwaty we milli obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, türkmen alymlary we hünärmenleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň obasenagat pudagynda giň halkara hyzmatdaşlyga we tejribe alyşmaga açykdygy nygtaldy. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň işine işjeň gatnaşýandygy bellenildi. GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barha netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyz seçgiçilik we toprak-howa şertlerini nazara alyp, tohumlary synag etmek ugry boýunça bilelikdäki işleri utgaşdyrmak, tohumçylyk hem-de döwletleriň arasynda ösümlikleriň tohumlaryny ibermek we getirmek ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, bu netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär.

Şeýle hem hünär derejesini ýokarlandyrmak we ugurdaş işgärleri taýýarlamak boýunça yzygiderli esasda okuwlary guramak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda anyk tekliplerine garamaga Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy.

Netijeli söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Iwan Kuzmin ýurdumyzda öndürilýän gallany, onuň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Söhbetdeşligiň barşynda tohumçylyk, dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek ulgamynda geljekki bilelikdäki işiň maksatnamasy kesgitlenildi. Şeýle-de gysga döwrüň içinde azyk howpsuzlygy meselesini üstünlikli çözen Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyk hem-de bu ulgamda birek-biregi goldamak ýörelgelerine berk ygrarlydygyny görkezýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman ýurdumyz bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

TDH 15.06.2023 ý