Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi geçirildi
5rbm6X1XZCzXIA37KVOWPfwBvTJIhSxcEHnMuLSXgX3nnEl4PA_1686905582.jpg
1464
16.06.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Mejlisde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meselelere seredildi.

Göçme mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda döwlet ähmiýetli Arkadag şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri bilen bagly resminamalara gol çekdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz iýun aýynyň 28,29,30-y günleri ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi.

Mejlis tamamlanandan soňra, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şeýle hem, täze şäherde ulanyljak ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ulaglary – elektrobuslary, elektromobilleri, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat berildi.

Soňra bolsa, türkmençilik däp-dessuryna eýerip, toý sadakasy berildi.

TDH 16.06.2023 ý