Türkmenistan Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenýär
2861
19.06.2023

Daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak boýunça ýurdumyzda Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmekde dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalary bilen giňden halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna “Ýol kartasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

TDH 16.06.2023 ý