Türkmenistan «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine gatnaşar
2853
19.06.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

TDH 18.06.2023 ý