Sanly Ykdysadyýetde “Menzilara bank hyzmaty” menzil aşýar
2656
01.02.2024

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ýurdumyzyň ykdysadyýetini düýpli özgertmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirliýän ykdysady özgertmelerde ýurdumyzyň bank ulgamy aýratyn ahmiýete eýedir. Bank ulgamy eýeçiligiň döwlet we döwlete dahylsyz böleklerine, önümçilik pudaklaryna we ilata häzirki zaman bank hyzmatlaryny berilmegini üpjün edýär; ykdysadyýetiň ösýän isleglerine laýyklykda bank hyzmatynyň hilini kämilleşdirmäge, pul dolanşygyny çaltlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmaga netijeli pul-karz syýasatyny geçirmäge ýardam berýär. Karz edaralaryna sanly ulgamlaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen, çalt depginli ykdysady ösüş peýda bolýar. Milli bank ulgamyndaky durmuşa geçirilýän iri möçberli çäreleriň çäklerinde hususy telekeçilere we daýhan hojalyklara dürli görnüşli bank hyzmatlary hödürlenýär. 

Bu ugurda alnyp barylýan innowasion özgertmeler bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň göwrümini giňeltmäge, innowasion bank önümleriniň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, oňyn täsirini ýetirýär. Ulgama täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy hususy taraplara töleg-hasaplaşyk we beýleki hyzmatlary banka barmazdan ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bank ulgamyny has-da kämilleşdirmek, milli töleg ulgamyny ösdürmek, onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek üçin töleg ulgamy döwrebap maglumat tehnologiýalarydyr kompýuter programmalary bilen üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda gazanylan oňyn tejribeler telekeçiligiň ösmegine itergi berýär. Hereket edýän elektron töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi, täze töleg-hasaplaşyk ulgamlarynyň Döwlet tajirçilik we paýdarlar tajirçilik banklary tarapyndan uzak aralykdan, ýagny menzilara bank hyzmatlaryny beriş ulgamlarynyň işe girizilmegi bu ugurda ýene bir ädimdir. “Menzilara bank hyzmaty”- bu hususy telekeçileriň we daýhan hojalyklaryň alyp barýan dürli görnüşli önümçilik we hyzmat işlerinde hasaplaşyk amallaryna uly ýardam bermek bilen, internet arkaly bank hyzmatyny ýerinde amala aşyrmaklyga, ýagny bankyň müşderilerine öz hasaplary barada maglumatlary alyp durmaga, dürli görnüşli tölegleri geçirmäge we bankyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga, şol sanda öz aralarynda pul serişdelerini geçirmeklige mümkinçilik berýär. Müşderi Türkmenistanyň islendik künjeginde Internete birikdirilen enjam arkaly öz hasabyny «Menzilara bank hyzmatynyň» üsti bilen dolandyryp bilýär.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan müşderileri üçin durmuşa geçirýän döwrebap hyzmatlary, olaryň alyp barýan önüm öndürmek, hyzmat etmeklik ýaly amallaryny kämilleşdirmäge we giňeltmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmekde bu ulgam, işewürlere pul serişdelerini ygtybarly dolandyrmaga we wagtlaryny tygşytlamaga bank tarapyndan has amatly, tiz we ýokary hilli hyzmatlary etmäge doly mümkinçilik döredýär.

Türkmenistan Watanymyzda sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi we sanly serişdeleriň ähmiýetini güýçlendirmek ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!


Roza Bazarbaýewa,
Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň
Daşoguz welaýat şahamçasynyň Bank işlerini
awtomatizasiýalaşdyryş bölüminiň baş hünärmeni

24.01.2024 "Daşoguz habarlary" gazetinde çap edilen