Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
566
06.03.2024

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak we talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine-de taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlara, bilim edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän gyzlara, talyplara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlary, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi dowam edýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Baýramçylygyň şanyna eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalarda, guramalarda işleýän, döwlet we kömek puluny alýan aýal-gyzlara, talyplara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň möwsüme taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda degişli ideg, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Welaýatda gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlary, ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynda suw tutmak işleri alnyp barylýar.

Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Sebitiň ähli edara-kärhanalarynda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän, bilim alýan we terbiýelenýän aýal-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary ýokary ruhubelentlikde geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, gowaça ekişine guramaçylykly girişmek üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde degişli işler alnyp barylýar. Ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekiljek meýdanlary, olaryň tohumlary doly taýýar edilip, ekişi gysga wagtda tamamlamak üçin degişli işler dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan gelin-gyzlara, ýokary, orta hünär we orta mekdeplerde okaýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk alnyp barylmagyny şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy, şu ýylyň mart aýynda sebitde açylyp ulanmaga beriljek önümçilik, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk görmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak hem-de möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek we tagt suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme doly taýýar etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine-de taýýarlyk görülýär.

Welaýatda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän, ýokary we orta okuw mekdeplerinde bilim alýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän, pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan aýal-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda şu ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri tekizlemek, tekizleýiş işleri geçirilen meýdanlarda geriş we çil çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlarda ýazky ekinleriň ekişi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridigini belledi we ýurdumyzyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly, bökdençsiz geçirilmeginiň, ekiş we ideg işlerinde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň möwsüme doly taýýar edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.